25.3 C
Aşkabat
30.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Pan Gi Mun Aşgabatda Geçiriljek Ulag Ulgamy Boýunça Halkara Maslahatyna Gatnaşar

Pan Gi Mun Aşgabatda Geçiriljek Ulag Ulgamy Boýunça Halkara Maslahatyna Gatnaşar

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek ulag ulgamy boýunça halkara maslahatyna gatnaşar. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U Hunbo beýan etdi, diýip BMG-niň habarlar merkezi habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, «bu maslahat BMG-niň taryhynda ulag ulgamyny ösdürmäge bagyşlanýan ilkinji maslahat bolup, ol durnukly ösüşi üpjün etmekde we howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ulag ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigine barha oňat düşünilýändigini aýdyň şöhlelendirýär».

Neşirde bellenilmegine görä, Aşgabat maslahatyna gatnaşyjylar harytlaryň we adamlaryň netijeli gatnadylmagyna gönükdirilen ekologiýa taýdan durnukly, howpsuz, netijeli we ygtybarly köptaraply ulag geçelgelerini ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşarlar.

BMG-niň başlygy şeýle hem häzirki günde heniz ekologik taýdan durnuksyz bolan ulag ulgamyna bütin dünýäde howa goýberilýän zyýanly bug gazlarynyň 25 göteriminiň degişlidigini nygtady, diýlip BMG-niň habarynda aýdylýar.

Degişli makalalar

Oba Hojalygynda Ulanylýan Ýerleri Sebitleşdirmek Meýilnamasyna Laýyklykda Gök-Bakja Ekinleriniň Hasyly Ýygnalýar

Bildiriş

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach