04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Wekiliýeti Mongoliýada Iş Saparynda Boldy

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Mongoliýada iş saparynda boldy.

Iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdorž tarapyndan kabul edildi.

Şeýle hem, saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Mongoliýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda türkmen-mongol gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen iki ýurt üçin hem bähbitli bolan ulgamlardaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerine seredilip geçildi.

Iş saparynyň dowamynda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaşmalary hem geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Mongoliýanyň Prezidentiniň şu ýylyň dowamynda Türkmenistana boljak saparyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, saparyň dowamynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan resminamalar barada içgin pikir alşyldy. Mundan başga-da, halkara gün tertibinde özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleriň giň toplumyna seredildi.

Syýasy maslahatlaşmalaryň netijesinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda Diplomatik we gulluk/resmi pasportlar boýunça wiza talaplaryndan boşatmak hakynda Ylalaşyga» we «Türkmenistanyň Daşary işler           ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» gol çekildi.

Degişli makalalar

Täze Ýyl Dabaralary Watanymyzyň Ýaş Nesilleriniň Bagtyýarlygyny Artdyrýar

turkmenhabargullugy

Türkmen Welosipedçileri Esasy Ýaryşlara Taýýarlanýar

Prezidentimiz Saglygy Goraýyş Ulgamyna Degişli Täze Binalaryň Açylyş Dabaralaryna Gatnaşdy

syrach