21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DÜNÝÄ

Pan Gi Mun Soçä bardy.

BMG-nyň baş Sekretary Pan Gi Mun Soçide Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Duşuşygyň ileri tutulýan ugry Siriýa meselesi boldy.

Geçirilmegi meýilleşdirilýän Siriýa maslahatynyň gysga möhletde geçirilmegi üçin çagyryş eden Pan Gi Mun bilen Putiniň duşuşygynda Russiýanyň Siriýa meselesindäki garaýyşyny beýan edendigi habar berildi.

Siriýa ýarag satuwy sebäpli tankyt edilen Russiýa ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy Martin Dempseý hem nägilelik bildirdi.

Dempseý Russiýa ýokary tehnologiýa bilen öndürlen roketa bermeginiň Siriýanyň hökümetini güýçlendirjekdigini aýtdy.

General Martin Dempseýiň beýanaty ABŞ-nyň ilkinji gezek Russiýanyň Siriýanyň hökümetine ýokary tehnologiýa bilen öndürlen roketa berendigini resmi taýdan tassyklaýandygyny görkezýär.

Degişli makalalar

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen Talyplaryna Garaşýar

Azerbaýjan Ýewrowideniýe Bäsleşiginde Finala Çykdy

syrach

Putin Palestina Goldaw Berdi

syrach