22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
DURMUŞ

926 raýatyň günäsi geçilýär.

Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli, iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda taýýarlanan Permanyň taslamasyny Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagynda hödürledi we şu ugurda edilen işler barada hasabat berdi. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, häzirki wagtda türkmen döwletiniň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahabatly çäreleri yzygiderli dowam etdirýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iş kesilen 926 raýatyň Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni- Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy mynasybetli günäsiniň geçilýändigini aýdyp, degişli resminama gol çekdi. 
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ý.Berdiýewe we degişli edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 
Milli Liderimiz eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin döwletimiziň ähli mümkinçilikleri döredýändigini aýdyp, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi. 

Degişli makalalar

Kinosöýüjilere türkmen filmleri barada.

syrach

Ýerewanda “Aşgabat 2017”-niň Oýunlary Hakynda Žurnal Neşir Edildi

turkmenhabargullugy

Türkmen Mekdep Okuwçylary Makedoniýada Geçirilen Matematika Olimpiadasynda Bäş Medala Eýe Boldular

turkmenhabargullugy