24.9 C
Aşkabat
27.04.2024
YLYM

Pariže bilim sapary.

Düzüminde Bilim ministrliginiň hünärmenleriniň we bäş sany ýokary okuw mekdepleriniň – Magtynguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektorlaryndan ybarat bolan türkmen wekilýeti Fransiýa tanyşlyk saparyny amala aşyrdylar. Saparyň maksady iki dostlukly ýurtlaryň arasynda akademiki hyzmatdaşlygy berkitmäge we mundan beýläk hem ösdürmäge gönükdirilendir. 


Bu bilim sapary Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we “Kampýus Frans” – Fransiýanyň ýokary bilimini daşary ýurtlarda öňe sürmek boýunça Döwlet maglumatlar gullugynyň çagyrmagy boýunça guraldy. 


Türkmen wekilýetiniň agzalary Parižiň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde bolmak bilen, olaryň işleri bilen jikme-jik tanyşdylar. Şeýle hem Frransiýanyň beýleki sebitlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeşlikler geçirildi. 


Şol günler “Kampýus Fransyň” ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýanyň güni geçirildi. Oňa türkmen wekilýetinden başga hem Gazagyzstanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzstanyň we Täjigiztanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem otuz töweregi fransuz uniwiersitetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 


Türkmen wekilýeti, tanyşdyrlyşdan başga hem, öz daşary ýurt kärdeşlerine Aşgabatda täze okuw ýylynda daşary ýurt dilinde okadylaýn Halkara uniwersitetiniň açylýandygy, şeýle hem Türkmenistanda her ýyl ylym we bilim ulgamynda halkara sergisiniň we maslahatynyň geçirilýändigi barada maglumatlary ýetirdiler. 


Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça türkmen we fransuz ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyk baglaşamak hakynda öňünden şertnama baglaşmak gazanyldy. Geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk talyplar üçin we aýratynlykda professor-mugallymlaryň düzümi üçin alyş-çalyş maksatnama, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça taslamalar bilen şertlendirilendir. 


Türkmenistan bilen bilim ulgamynda gepleşikleri geçirmegi dowam etdirmäge we işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge Fransiýanyň onlarça ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, şol sanda Fransiýanyň Milli gündogar dilleri we medeniýeti instituty, Parižiň Syýasy ylymlar instituty, Fransiýanyň Nebit instituty, “Pariž Malake” arhitektura mekdebi, “Depoitiers”, “Orleana” uniwersitetleri we beýleki ýokary okuw mekdepleri uly gyzyklanma bildirdiler.

Degişli makalalar

Hünär Taýýarlygynyň Täze Ugurlary

syrach

Kitaphanalar we Kitaphana Işi Hakyndaky Täze Kanun Medeniýet Ulgamynyň Innowasion Ösüşiniň Ugurlaryny Görkezýär

Daşoguzda Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

syrach