24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DURMUŞ

Paýtagtymyzy Ösdürmegiň 15-nji Tapgyryna Badalga Berildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk ulgamy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Bu ulgamda lanyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň möhüm ornunyň bardygyny bellemeli. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birlşmesiniň agzalarynyň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudagynyň ösmegine mynasyp goşandy bardyr. Türkmen hususyýetçileriniň gurluşyk ulgamynda amala aşyrýan işleri has-da bellärliklidir. Paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn esasda ösdürilmegine türkmen telekeçileri has-da işeňňir gatnaşýarlar. 

Soňky döwürde ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda milli hususy gurluşyk kompaniýalarymyzyň işleriniň öňe ilerleýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabady toplumlaýyn ösdürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň elmydama üns merkezinde durýar. 

Häzirki wagtda milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi barha özgerýär we ol dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri derejesinde ykrar edilýär. Şu babatda ýokary dünýä ülüňleriniň derejesinde ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem beýleki edara ediş düzümleriniň binalarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda Aşgabady ösdürmegiň gurluşyk maksatnamasyna laýyklykda onuň birnäçe tapgyrlary eýýäm üstünlikli durmuşa geçirildi. 

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň barşynda lanyp barylýan işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysy Oguzhan, Garaşsyzlyk we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň aralygyndaky böleginde alnyp barylýar. 

Ýeri gelende aýtsak, Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji tapgyrynda dürli maksatly binalaryň jemi 32-si gurular. Olaryň hatarynda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 11-si, her biri 160 orunlyk iki çagalar bagy, her bir 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-si, 200 orunlyk iki sany köpgatly awtoduralga, bir sagaldyş öýi, söwda hem-de hyzmatlar merkezi bar. Şeýle hem bu ýerdäki şaýoluň beýleki tarapynda dürli ministrliklere we pudaklaýyn edaralara degişli binalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan işleriň möçberiniň tamamlaýjy tapgyga gadam goýandygy has-da guwançlydyr. 

Olaryň gurluşygynyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan ýerli gurluşyk kompaniýalaryna ynanylmagy türkmen telekeçileriniň bu babatda möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde netijeli işleýän ýerli kompaniýalaryň guruşykçylarynyň çekýän yhlasly işleriň has-da ilerlemegini üpjün edýär. 

Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda ýurdumyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňeldilmegi, onuň ilatynyň sanynyň artmagy bilen baglanyşykly meseleler nazara alyndy. Häzir bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we binalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi ugrunda zerur tagallalar amala aşyrylýar. 

Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmekde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirkizamanyň ösen tejribeleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem bu ýerde ýerine ýetirilýän gurluşyklarda ýerli gurluşyk serişdeleriniň netijeli ulanylýandygyny aýratyn bellemeli. Türkmen gurluşykçylarynyň yhlasy bilen bu ýerdäki alnyp barylýan işler barha ilerleýär. Kuwwatly häzirkizaman tehnikalaryň güýjünden netijeli peýdalanýan guruşykçylar desgalaryň öz wagtynda tamamlanmaga ugrunda netijeli çäreleri durmuşa geçirýärler. 

Şeýle hem bu künjekde gurulýan medeni-durmuş we beýleki maksatly binalar bilen bir hatarda ulag ýollarynyň gurluşygyna hem giň gerim berildi. Bu ýerde çekilýän ýollaryň halkara derejesinde ykrar edilen ülňülere laýyk gelmegi, ýola gurluşygynda ýokary hilli serişdeleriň ulanylmagy paýtagtymyzda döwrebap ýol-ulag düzüminiň kemala gelmegini üpjün eder. 

Türkmen ýol gurluşykçylarynyň erk edýän kuwwatly häzirkizaman tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen bu babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdiginiň baş şerti bolup durýar. Işleriň şunuň ýaly toplumlaýyn esasda alnyp barylmagy 13-nji nobatdaky desgalaryň öz wagtynda we ýokary hilli gurlup ulanmaga beriljekdigini alamatlandyrýar. 

Ýurdumyzda we paýtagtymyzda gurulýan binalaryň ýanaşyký ýerlerini öwnejaý abadanlaşdyrmak döwrüň baş talaby bolup durýar. Şunluda bu ýerde gurluşykçylar desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işlerini hem toplumlaýyn esasda hem alyp barýarlar. Bu ýerde seýilgäh toplumlary, gök zolaklar döwrebap derejede döredilýär. Şeýle hem bu künjekde ýaşajyk bag nahallaryny ortutmak, dürli gülleri ekmek işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Binalaryň töwereginde, ulag ýollarynyň ýakalarynda häzirkizaman yşyklandyryjylary ornaşdyrylýar. 

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlarynyň daşky görnüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Binalaryň daşky bezegi ugurdaş desgalar bilen bitewi sazlaşygy emele getirip, olarda milli binagärlik ýörelgeleri äşgär duýulýar. 

Paýtagtymyzda gurulýan binalaryň daşky bezegi bilen bir hatarda, şäheriň ähli künjeklerinde gök zolaklaryň döredilmegi, bag nahallarynyň otrudylmagy, döwrebap yşyklandyryjylar bilen üpjün edilmegi, şeýl hem seýilgählerde dynç almak üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şonuň bilen baglylykda, binalaryň daşky bezegi bilen bir hatarda olaryň içki bezeglerine hem aýratyn ähmiýet berilýär. 

Häzirki döwrüde bu ýerde türkmen gurluşykçylary milli bezeg aýratynlyklaryny we bu ugur boýunça milletiň ussaçylyk däplerini netijeli ulanýarlar. Olaryň ýerine ýetirýän bezeg işlerinde mili ýörelgeler bilen häzirkizaman ösen tejribesi sazlaşykly utgaşýar. Bu işlerde döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hiç hili ownuk zat bolmaýar. Ýerine ýetirilýän işler binalaryň içerki bazagi boýunça häzirkizaman derejesini üpjün edýär. 

Gurluşykçylaryň işleri toplymlaýyn esasda alyp barmagy, elektrik we suw geçirijileriň çekilmegi, suwag işleriniň alnyp barylmagy, otaglaryň özboluşly boýaglar bilen bezelmegi işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär. Bu işleri synlanyňda, türkmen halkynyň gadymy ussaçylyk däpleriniň yzygiderli ösdürilýändigine we onuň kämilleşdirilýändigine magat göz ýetirýärsiň. Ak mermere beslenýän binalar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň gözelligini has-da artdyrýar. 

Aşgabady ösdürmegiň 14-nji tapgyry boýnunça hem işleriň alnyp barylýandygy örän guwançlydyr. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň iri toplumyny bina etmek, şeýle hem awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Bu babatda esasy orun ýurdumyzyň telekeçilerine degişli bolup durýandygy bellärliklidir. 

Şäheriň Oguzhan şaýoly bilen Bitarap Türkmenistan şaýolunyň aralygynda gurulýan desgalaryň hatarynda söwda toplumynyň işgärleri üçin 12 gatly 66 we 44 öýli ýaşaýyş jaýlary; ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň buýurmalary esasynda her biri 66 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmalary boýunça bolsa 44 öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem bu ýerde 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep we çagalar bagy bina ediler, paýtagtymyzda döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylar, täze ýollar gurlar. 

Mundan başga-da, paýtagtymyzy gurmagyň 14-nji nobatdakysynyň taslamasy söwda we hyzmatlar ulgamynyň degişli düzüminiň döredilmegini, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatynda dükanlaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. 

Aşgabady ösdürmegiň 14-nji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň hususy gurluşyk düzümleri özlerine ynanylan işleri hem öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda ählasly zähmet çekýärler. 

Şu gün bolsa paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysyna badalga berildi. Aşgabat şäherniň häkimliginiň, degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň. hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada çykyş edenler paýtagtymyzda häzirkizaman durmuş üpjünçiligini ýola goýmak, Aşgabady hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda tagalla edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykşlar bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk ösüşgini çaýdy. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň telekeçilerine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýändigini belläp, bu ýerde çykyş eden gurluşykçylar Türkmenistanyň ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

Soňra asyrlar aşyp gelýän asylly däbe görä, hormatyl ýaşulular täze binalaryň binýadynyň tutuljak ýerine gazyk kakyp, haýyrly işe badalga berdiler. Munuň özi halkymyzyň hormatly ýaşululara hormat goýmak, olaryň göreldesine eýermek ýaly asylly ýörelgeleriniň rowaç alýandygyny alamatlandyrydy. Şeýlelikde, milli Liderimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyryna özboluşly badalga berildi. 

Paýtagtymyzy ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdylanda bolsa, Aşgabadyň töwereklerinde döwrebap nusgalyk obalaryň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny aýratyn bellemeli. Mälim bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde “Täze Zaman” nusgalyk obasynyň ilkinji tapgyry gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde bu ýerde birnäçe bagtyýar maşgalalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretiniň hözirini görüp ýaşaýarlar. 

Bu ýerde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde giň möçberli işler alnyp barylýar. “Täze Zaman” nusgalyk obasyny ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Täze gurulýan obada işleriň toplumlaýyn esasda alnyp barylmagy binalaryň hatarynyň artmagyny şertlendirýär. 

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyklarda bolşy ýaly, bu ýerde hem gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Täze obada gurulýan kottež görnüşdäki ýaşaýyş jaýlarynda ilatymyz üçin ähli amatlyklar üpjün ediýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň bellenilen möçberdäki mellek ýerleri bolup, onda mal saklamak, ekin ekmek üçin zerur blan şertler ýola goýulýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş ulgamynyň ösdürilmegini nazarlaýan içerki syýasatynyň we ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Gönüden-göni milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda gurulýan täze döwrebap obalar barada gürrüň edeniňde, hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň aprel aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde Aşgabat şäheriniň ilaty üçin täze döwrebap obanyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrylyp, täze obanyň birinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda işler ýokary depginde alnyp barylýar. 

Umumy eýeleýän meýdany 257 gektardan gowrak bolan bu toplumda ýaşaýyş jaýlarynyň 1536-sy gurlar. Olar iki we bir gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Şeýle hem bu ýerde azyk harytlary dükanlary, suwaryş akabalary, zeýkeş ulgamlary gurlar. Oba barýan daşarky ýoluň we obanyň içerki ýollarynyň ugrunda häzirkizaman yşyklandyryş sütünleri oturdylar. Şeýle hem bu ýerde guruljak suw lagym ulgamlary obada üpjün ediljek oňyn şertleriň üstüni ýetirer. 

Mundan başga-da, döwrebap obanyň çäginde ýangyn howpsuzlygy bölüminiň edara binasy, ýaşaýyş jaý ulanyş bölümleriniň binalary, iki sany saglyk öýi, her biri 160 orunlyk dört sany çagalar bagy, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen 600 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň ikisi gurlar. Bellenilişi ýaly, täze obanyň çägindäki binalar iki tapgyrda gurlup ulanmaga berler. Häzirki döwürde bu ýerde dürli maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşgyy batly depginlerde dowam edýär. 

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde hem esasan ýerli gurluşyk serişdeleri peýdalanylýar. Bu ýerde beýleki desgalar bilen bir hatarda obanyň içerki we daşarky ýollaryny gurmak işleri hem gyzgalaňly dowam edýär. Halkara ülňülerine laýyk derejede gurulýan ýollar täze obanyň görküni artdyrýar. Mundan başga-da, “Täze Zaman” we Aşgabat şäheriniň ilaty üçin gurulýan täze obada seýilgäh toplumlarynyň, gök zolaklarynyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar, olaryň ýokary depginleri hemde täze binalaryň gurluşygyna türkmen telekeçileriniň işjeň çekilmegi Türkmenistanda bu pudagyň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna, ilatyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilmegi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen şygarynyň halkymyz üçin eşrete öwrülýändiginiň aýdyň nyşanydyr. 

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we ilatyň durmuş üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň mçöberli özgertmeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Degişli makalalar

Türkmen Obasynyň Täze Durmuşy Barada Çeper Film Surata Düşürildi

«Türkmenpoçta» Kompaniýasy Onlaýn-Hyzmatlaryň Çägini Giňeldýär

turkmenhabargullugy

Owganystan TOPH Gaz Geçirijisiniň Taslamasynyň Ähmiýetini Belledi