15.01.2026
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Paýtagtly Okuwçylar Halkara Ylym Bäsleşiginde Baýraklara Mynasyp Boldular

21-25-nji martda Gonkongda mekdep okuwçylarynyň ylmy taslamalarynyň Halkara bäsleşigi geçirilip, oňa 18 ýurtdan ýaşajyk alymlar gatnaşdylar. Himiýa mugallymy Atamyrat Şahanowyň halypalyk eden türkmen ýygyndy toparynda Aşgabadyň 26, 86 we 97-nji mekdeplerinden 8 okuwçy bardy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen okuwçylary iki-ikiden himiýa, biologiýa we ekologiýa babatda taslamalary taýýarladylar. Ildeşlerimiz abraýly ylmy bäsleşikde 6 medal eýelediler.

Abdyrahman Altymuhammedow bilen Nowruz Baýramgeldiýew (86-njy mekdepden), şeýle hem Serdar Orazgeldiýew hem-de Serdar Gurbanmyradow (26 we 86-njy mekdeplerden) kümüş, Aşgabadyň 97-nji mekdebiniň okuwçylary Mekan Mekanow we Ahmet Amanow bürünç baýraga mynasyp boldular.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Milli Olimpiýa Komitetleriniň Wekilleri Aşgabat Şäherinde Saparda

Toýumyza Gel, Toýumyza!

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Daşary Ýurtlardaky Diplomatik Wekilhanalarynyň Ýanynda Döredilen 39 Saýlaw Uçastogynda Saýlawçylaryň Işjeň Gatnaşmagynda Prezident Saýlawlary Geçirilýär

turkmenhabargullugy