04.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Hazar duşuşygynyň üstünligine goşan goşandy dünýä metbugatynyň sahypalarynda.

Golaýda Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň dördünji duşuşygy şu ýylyň esasy syýasy wakalarynyň birine öwrüldi. 

“Hazar bäşliginiň” baştutanlarynyň duşuşygy dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly gyzyklanma döretdi. Olar ýokary derejedäki gepleşikleriň barşyny jikme-jik beýan etdiler. Bu duşuşyga ykjam taýýarlyk görüldi. 

Žurnalistler duşuşyk entek açylmanka, ony umumydünýä ähmiýetli wakalaryň hataryna goşdular, çünki Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň duşuşygynyň syýasy ähmiýeti sebitiň çäklerinden daşa çykýar. 

Ýokary derejedäki gepleşikler başlanmazdan has öň, dünýäniň esasy habar beriş gulluklary tarapyndan ýaýradylan köpsanly makalalarda we habarlarda duşuşygyň gün tertibine, ilkinji nobatda, Hazar deňziniň hukuk derejesini kesgitlemek, möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we giňeltmek, şeýle hem deňziň baý serişdelerini bilelikde rejeli ulanmak, bu täsin deňziň biologiki köpdürlüligini aýawly saklamak we goramak bilen baglanyşykly wajyp meseleleriň ençemesiniň girizilendigini habar berdiler. 

Dünýä metbugaty şu forum sebitiň ýurtlarynyň Hazar deňzini dostluk we ylalaşyklylyk deňzine öwürmek babatdaky meýilleriniň birmeňzeşdigini hem-de özara ynanyşmak esasynda netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga çalyşýandygyny görkezdi diýip belledi. Bu oňyn garaýyşlar ähli babatda – duşuşyklaryň açyklygynda, oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň dostluk äheňdäki gepleşiklerinde, duşuşygyň netijelerinde we gazanylan ylalaşyklarda äşgär duýuldy. 

“Hazarýaka ösüşi: Astrahandaky duşuşyk deňzi paýlaşmaga ýol açdy!”, “Hazar duşuşygynyň üstünligi ýurtlaryň ýakynlaşýandygyny görkezýär”, “Hazar bäşligi” Hazaryň derejesi boýunça ylalaşyklary aýan etdi”, “Hazarýaka ýurtlaryň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň gol çekilmegine has golaýlaşdylar” – şeýle sözbaşylar astyndaky teswirlemeler forum tamamlanan badyna ählumumy maglumatlar ulgamynda peýda boldy. Bu forum özüniň ähmiýeti boýunça hakyky taryhy waka öwrüldi. 

Meşhur syýasatşynaslaryň belleýşi ýaly, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji duşuşygy öňegidişlige eýe boldy. Bu netijä ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň dowamynda garaşyldy. Kenarýaka döwletleriň bäşisiniň Liderleri syýasy beýannama barada ylalaşdylar. Onda ilkinji gezek Hazaryň derejesi boýunça geljekki ylalaşyklar bellige alyndy. Garaşsyz bilermenleriň oňyn çaklamalaryna görä, munuň özi ýakyn ýyllarda Hazar deňzini nähili paýlaşmak we onyň serişdelerini nähili ulanmak baradaky jedelleriň soňuna nokat goýjak jarnamany kabul etmäge mümkinçilik berer. 

“Hazarýaka ýurtlaryň Baştutanlary Astrahanda geçirilen duşuşykda syýasy beýannama kabul etdiler. Onda şol ýurtlaryň Hazarda alyp barýan işiniň bu döwletleriň ylalaşan ýörelgeleriniň esasynda, şol sanda “Döwletleriň özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini, garaşsyzlygyny, özýygtyýarly deňligini hormatlamak, güýç ulanmazlyk ýa-da güýç ulanmak howpuny salmazlyk, özara hormatlamak, hyzmatdaşlyk etmek, birek-biregiň içerki işine gatyşmazlyk” ýörelgeleriniň esasynda amala aşyryljakdygy beýan edilýär” diýip, RIA-Nowosti habarlar gullugy ilkinjileriň hatarynda habar berdi. 

Bäştaraplaýyn forumyň çäklerinde gol çekilen möhüm resminamalar barada durup geçip, žurnalistler olaryň üçüsiniň – Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň; Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň; Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanandygyny we kabul edilendigini bellediler. 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpüsi köpýyllyk meseläniň taryhyna gaýdyp gelip, gepleşiklere işjeň gatnaşýan, oňyn pikirleri we teklipleri öňe sürýän Türkmenistanyň garaýyşlaryna üns berdiler. Şol teklipler Hazarýaka ýurtlara öz garaýyşlaryny has-da ýakynlaşdyrmaga, hyzmatdaşlygyň möhüm halkara-hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak boýunça yzygiderli işleri alyp barmaga mümkinçilik berdi. 

Ýurdumyz Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, ylalaşyklylygy we durnuklylygy saklamagyň tarapdary bolmak bilen, ähli taraplaryň milli bähbitlerini nazara almak we geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmekde umumy tagallalary birleşdirmek hem-de ekologiýa meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmek esasynda oňyn gepleşikleri dowam etdirmek ugrunda çykyş edip gelýär. Hoşniýetli erk-isleg , deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we sagdyn pragmatizm – bu ýörelgeler Türkmenistanyň şu geçen ýyllaryň dowamynda Hazarýaka sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde eýeleýän ornunda esasy ýörelgeler bolup durýar. 

Ýaýbaňlandyrylan teswirlemelerde hut türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 1996-njy ýylyň noýabrynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň geçirilendigi we Ýörite iş toparynyň döredilendigi ýatlanylýar. Soňra bu iş topary Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň täsirli guramaçylyk guralyna öwrüldi. Bu möhüm resminama Hazar sebitiniň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen hukuk giňişliginiň esasyny goýmaga ýardam etmelidir. 

Şondan soňra, 2002-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji duşuşygynyň geçirilen ýerine öwrüldi. Şol duşuşyk Hazaryň derejesiniň meseleleri boýunça syýasy we hukuk geňeşmeleriniň geçirilmegine itergi berdi. Aşgabatda geçirilen duşuşygyň münberinden Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň strategiýasy babatdaky garaýyşlary beýan edildi. Şol garaýyşlar bolsa özara ylalaşyklylyga, tagallalaryň birleşdirilmegine, deňziň ykbaly üçin umumy jogapkärçilige esaslanýar. 

Şeýlelikde, ilkinji gezek Hazarýaka döwletleriň ýolbaşçylaryny gepleşikler üçin bir ýere jemlän bu taryhy waka döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykaryp, taraplaryň Hazar deňzini parahatçylyk, dostluk we ylalaşyklylyk deňzine öwürmek maksady bilen hyzmatdaşlygyň has oňaýly usulyny işläp taýýarlamaga meýillidigini kesgitledi. 

Şondan bir ýyl geçenden soň, 2003-nji ýylda türkmen paýtagtynda ilkinji bäştaraplaýyn resminamanyň – Hazaryň deňiz gurşawyny goramak hakyndaky Çarçuwaly konwensiýanyň gutarnykly ylalaşylmagy gazanyldy. Soňra bu resminama Tähranda gol çekildi we şondan soň Hazarýaka döwletleriň ählisiniň parlamentleri tarapyndan tassyklanyldy. Häzirki wagtda bu resminamada beýan edilen halkara-hukuk binýady Hazaryň dürli meselelerini kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuknamalaryny işläp taýýarlamakda we kabul etmekde ösdürilýär. Ol dünýädäki iň iri içerki suw giňişligini aýawly saklamak boýunça milli strategiýanyň we halkara hyzmtadaşlygynyň ugurlaryny kesgitleýär. 

Geçen ýyllaryň dowamynda kenarýaka döwletleriň ählisiniň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň deňiz akwatoriýasyny ulanmak babatda dürli meseleler bilen baglanyşykly meseleleri diplomatik ýol arkaly kadalaşdyrmak üçin ägirt uly tagallalary edendiklerini bellemelidiris. Olaryň hoşniýetli erk-isleginiň, utgaşykly jogapkärçiliginiň ahyrky netijede diňe bir “Hazar bäşliginiň” ýurtlary üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin abadançylyk getirendigini wagt görkezdi. 

Häzirki wagtda halkara seljerijileri Türkmenistanyň umumy meselä ýokary derejede oňyn çemeleşmäni görkezip, hemişe özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemegiň ýoly bilen öňe barýandygy barada umumy pikiri aýdýarlar. Halkara hukugy bolsa şol çözgütleriň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňra Tähranda (2007-nji ýyl) we Bakuda (2010-njy ýyl) geçirilen Hazar duşuşyklarynda çykyş edip, henize çenli çözülmedik meseleler boýunça özara ylalaşygy gazanmakda örän çeýe hereket etmegiň, täze, adaty bolmadyk çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady. Şol çemeleşmeler bolsa taraplaryň her biriniň milli bähbitleriniň barabarlylygyny üpjün etmelidir. Türkmen Lideriniň ýokary derejedäki forumlaryň münberinden beýan eden täze taglymatlaýyn pikirleri we başlangyçlary hem hut şuňa gönükdirildi. 

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilen üçünji duşuşygynda beýan edilen teklipleri ýatlamak ýeterlikdir. Şol teklipler Hazarda işiň dürli görnüşlerini, hususan-da, Hazar deňziniň biologiki serişdelerini aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek ulgamyndaky işi kadalaşdyrýan möhüm hökümetara ylalaşyklaryny taýýarlamagyň wajypdygy bilen baglanyşykly boldy. Olar ykdysady we beýleki meselelerden başga-da, umumy deňziň ekologiýa abadançylygyny saklamak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir. 

Ýokary derejedäki şu duşuşygyň barşynda hem täze möhüm başlangyçlar öňe sürüldi. Şol başlangyçlar giň halkara syýasy we jemgyýetçilik toparlarynyň düşünmegine we goldawyna mynasyp boldy. Şol toparlarda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýy barha artýar. 

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy milli Liderimiziň nobatdaky diplomatiki ýeňşine öwrüldi. Häzirki wagtda Hazar meselelerini ilerletmekde döwlet Baştutanymyzyň eýeleýän orny örän uludyr. Şu günler dünýäniň abraýly metbugat we elektron neşirleri hormatly Prezidentimiziň çykyşyna öwrän-öwrän ýüzlenýärler. 

“Türkmenistan hemişe Hazar deňzinde bäştaraplaýyn aragatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýär. Munuň özi biziň döwetlerimiziň parahatçylyga, ylalaşyga we netijeli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny äşgär edýän ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, islendik, hatda çylşyrymly meseleler hem hoşniýetli goňşuçylyga we ysnyşykly hyzmatdaşlyga mahsus ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylmalydyr”. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşyndan alnan bu jümle dürli habarlar ulgamlarynda ýerleşdirilen ýüzlerçe habaryň esasyny düzdi. Milli Liderimiz Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň düzgünleriniň köpüsi boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň has-da ýakynlaşandygyny kanagatlanmak bilen belläp, Hazary parahatçylyk zolagyna, halkara strategiki durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm bölegine, ähli meseleleri diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewüligine hormat goýmak esasynda çözmegiň nusgasyna öwürmek ugrundaky aýgytlaýjy we tutanýerli maksadymyz şol resminamanyň kegsitleýji many-mazmuny bolup durýar diýip nygtady. 

Teswirleýjileriň ählisi diýen ýaly türkmen tarapynyň duşuşygyň barşynda beýan eden başlangyçlarynyň özboluşly häsiýete eýedigini belleýärler. Şol başlangyçlar bolsa däp bolan gepleşikleri oňyn ugra gönükdirmäge ýardam etmelidir. 

Milli Liderimiziň Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde Hazaryň utgaşdyryjy guramasyny – Hazaryň suw biologik serişdeleri baradaky topary döretmek hakyndaky teklibi hem uly seslenme döretdi. Şol toparyň işi bolsa bu ulgamda özara gatnaşyklary kadalaşdyrmaga, umumy ykrar edilen halkara tejribesine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň netijeli esaslaryny döretmäge ýardam eder. 

Şunuň bilen baglylykda, getirilen maglumatda Russiýanyň ITAR-TASS iri habarlar agentligi bioserişdeler we ekologiýa gurşawy nukdaýnazaryndan Hazar deňziniň täsin suw giňişligi bolup durýandygyny belledi. Deňziň tebigy serişdeleri ösümlikleriň 500-den köprägini we balyklaryň 854 görnüşini özünde jemleýär, olaryň 30 töweregi senagat ähmiýetli, şol sanda bu ýerde bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi jemlenendir. Uglewodorod serişdeleriniň çaklanýan ätiýaçlyk gorlary şertli ýangyjyň 18 milliard tonnasynyň /subut edilen ätiýaçlyk gorlary 4 milliard tonna çenli/ çäklerinde bahalandyrylýar. Munuň özi nebitiň we gazyň ätiýaçlyk gorunyň möçberi boýunça Pars aýlagyndan soňra ikinji orunda durýar diýildigidir. Hazar deňzinde ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň esasy pudaklary peýdaly gazyp alynýan baýlyklary almak, gämiçilik, balykçylyk bolup durýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynam bildirişi ýaly, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan we sammitiň netijeleri boýunça gol çekilen beýleki resminamalar, şol sanda Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk hem-de Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we onuň hapalanmagyna gözegçilik boýunça Utgaşdyryjy komitete /KASPKOM/ başlyklyk etmeginiň çäklerinde işlenip taýýarlanylan Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyk Hazarýaka döwletleriň işine ulgamlaýyn ugur berer. 

Bütin dünýäde köp millionly okyjylary bolan meşhur saýtlar Astrahan forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamagyň zerurdygy barada beýan eden beýleki teklipleri barada hem maglumatlardan doly boldy. 

Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle köptaraply resminamanyň ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek we ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hemme mümkinçiliklere eýe bolan Hazarýaka döwletleriň arasyndaky däp bolan aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek hakyndaky teklibini öňe sürdi. 

Maslahat tamalanandan soň bolup geçen metbugat maslahatynda sammitiň netijeleri barada aýdyp, türkmen döwletiniň Baştutany gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň ulag ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň, yklym ähmiýetli iri aragatnaşyk halkasy hökmünde Hazar deňziniň kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns berendigini belledi. Bu ýerde gürrüň Hazarýaka döwletleriniň arasynda gatnaşyklaryň täze gurluşyny döretmek barada barýar. Şol döwletleriň çäkleri Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan hem-de “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça ulag üstaşyr we söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýän tebigy geografik giňişlik bolup durýar. 

Şu babatda türkmen tarapy Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak, şeýle hem bu möhüm pudakda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmagyň iş ýüzündäki gurallarynyň biri hökmünde sebitleýin ulag-logistika merkezini döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. 

Iri sebitleýin neşirler Türkmenistanyň, Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň habarlar agentlikleriniň habarlaryna salgylanyp, beýleki möhüm meseleleriň birnäçesi babatda hem, hususan-da, ýangyç serişdelerini çykarmak we daşamak boýunça dünýäniň iri merkezleriniň birine öwrülýän Hazar deňziniň düýbünden turbageçirijileri çekmek babatda biziň ýurdumyzyň ýörelgelerini beýan etdiler. 

“Türkmenistan şunuň ýaly ýangyç geçirijileri gurmak şol ýangyç geçirijileriň çekilýän ýerlerindäki döwletleriň özygtyýarly hukugy bolup durýar we şoňa görä-de bu işler hut şolaryň razylygy boýunça amala aşyrylyp bilner” diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözlerini getirdiler. Döwlet Baştutanymyzyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, bu meselede umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna, özara hormat goýmak ýörelgelerine we hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almaga pugta eýermek zerurdyr. 

Žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Baştutany biziň ýurdumyzyň Hazar meselesiniň esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek we işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamaga we pugtalandyrmaga, harby çaknyşyklaryň töwekgelçiliklerini öňünden duýdurmaga we aradan aýyrmaga degişlidir. 

Şu babatda käbir köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Hazarýaka döwletleriniň Liderleriniň sebitde harby işjeňliginiň “akylly-başlylyk” ýörelgelerinde amala aşyrylmalydygy hem-de Hazarýaka döwletleriniň ählisi üçin howpsuzlygyň deň şertleriniň üpjün edilmelidigi baradaky gelen ylalaşyklaryna ünsi çekdiler. Gol çekilen Beýannamada, şeýle hem Hazar deňzinde kenarýaka ýurtlaryna degişli bolmadyk ýaragly güýçleriň bolmak mümkinçiligini aradan aýyrýan, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin esas goýujy ýörelgeler berkidilendir. 

Sammite gatnaşyjylaryň sözlerini getirip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hasap boýunça indi häzirki dördünji duşuşyga baha bermekde olaryň bir pikirlidiklerini nygtadylar. “Sammit üstünlikli geçirildi. Onuň netijeleri Hazar meselesini çözmek babatda ösüş gazanmakda uly öňegidişligi alamatlandyrdy”. 

Astrahan oblastynyň gubernatorynyň administrasiýasynyň metbugat gullugy we habarlar müdirliginiň habar berşine görä, “Şu gün Astrahanda ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda ýene-de bir uly we möhüm ädim ädildi” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumy pikiri beýan etdi. Milli Liderimiz häzirki duşuşygyň Hazar meselesine netijeli garamaga hem-de Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny döretmek boýunça bilelikdäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. 

Sammitiň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar barada aýdylanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz rus kärdeşi Wladimir Putin bilen gepleşikleriniň žurnalistleriň uly ünsüni çekendigini belläp bolar. W.Putin söhbetdeşligiň başynda Hazar deňzine degişli meseleleri çözmekde türkmen tarapynyň möhüm ornuny aýratyn belledi. 

“Türkmenistan Hazaryň hukuk derejesini kesgittlemek meselelerinde bolşy ýaly, halklary umumy taryhy we köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan sebitleriň ýurtlary bilen söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatda işjeň hereket etmäge taýýardyr” diýip, türkmen Lideri duşuşygyň çäklerinde ýene-de aýdyp, ähli esasy ugurlarda netijeli özara hereketleri yzygiderli ösdürmäge meýillidigini tassyklady. 

“Indi, köp ýyllaryň dowamynda Russiýany we Türkmenistany hemişe ösüş ugry boýunça dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar” diýip, öz gezeginde Prezident Wladimir Putin bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Russiýa gelip görmäge çagyrdy. Türkmen döwletiniň Baştutany hem Russiýanyň Prezidentine şeýle çakylyk bilen ýüzlendi. 

Bir söz bilen aýdylanda, şu günler dünýäniň ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde bolup, umuman, bütin sebitiň ykbaly üçin hem, aýratynlykda her bir ýurt üçin hem örän uly ähmiýetli bolar. 

Durmuş dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň köpasyrlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, esasy ugurlaryň ählisi boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň uzakmöhletleýin bähbitlerine tutuşlygyna gabat gelýändigini subut etdi. 

Dünýä metbugatyna synymyzy tamamlap, taýýarlanmagyna Türkmenistanyň aýratyn goşant goşan birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegi netijesinde asyrlaryň dowamynda dostlugyň, parahatçylygyň we ylalaşygyň deňzi bolan we şeýle bolmagynda galýan Hazar deňziniň ýakasyndaky ýurtlaryň umumy taryhynda täze sahypanyň açylandygyny aýdyp bolar.

Degişli makalalar

State Concern “Turkmengas” Announces Tender:04.06.2020-16.07.2020

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

syrach

BMG-niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 15 ýyllygy we bu şanly senä bagyşlanan Halkara maslahatynyň geçirilmegi mynasybetli iberen haty

syrach