05.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Paýtagtymyzda 240 Orna Niýetlenen Köp Derejeli Awtoduralga Hem Ulanmaga Berildi

Paýtagtymyzda 240 Orna Niýetlenen Köp Derejeli Awtoduralga Hem Ulanmaga Berildi

Paýtagtymyzda 240 orna niýetlenen köp derejeli awtoduralga hem ulanmaga berildi. Ol “Nesip işi” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Gün geldigiçe köpelýän hususy ýeňil awtoulaglary goýmak hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze desga Garaşsyzlyk we 10 ýyl Abadançylyk köçeleri boýunça ýaşaýyş jaý toplumynyň çäklerinde ýerleşdirilipdir.

Täze awtoduralga halkara ölçeglerine laýyk gelýär hem-de öz köpugurlylygy we enjamlaşdyrylyşy boýunça bu ulgamda dünýäniň ösen talaplaryna jogap berýär. Awtoduralga adam gatnaşmazdan, awtomatik dolandyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň girelgesinde ýörite elektromagnit enjamy gurnalypdyr. Awtoulaglaryň bökdençsiz girip-çykmaklary üçin hatarlaryň arasynda giň geçelgeler bar. Binada birnäçe lift hereket edýär. Müşderilere amatly bolmagy üçin bu ýerde awtoýuwalga hem göz öňünde tutulypdyr. Awtoduralganyň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr hem-de ol ýere agaç nahallary oturdylypdyr.

Ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, awtoulaglary goýmaga ýerleriň we ýapyk awtoduralgalaryň sanyny artdyrmak güýçli depginler bilen ösýän paýtagtymyz üçin örän derwaýys wezipe bolup durýar. Ýurdumyzda täze awtoulag serişdelerini edinýän raýatlarymyzyň sanynyň gün-günden artmagy bolsa, öz gezeginde, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär.

Degişli makalalar

Eýran Arakesmeden Soňra Hazar Deňzinde Nebit Alyş-Çalşygy Boýunça Işleri Gaýtadan Dikeltdi

Türkmenistan Fotosuratlary 25

Taryhy Medeni Miras Watanymyzyň Milli Baýlygy