05.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SAGLYK

Türkmen Lukmanlary Bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Bilermenleri

Türkmen Lukmanlary Bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Bilermenleri

Türkmen lukmanlary bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw merkezini halkara derejesinde ykrar etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Tematiki «tegelek stoluň» mejlisine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Aşgabadyň I. Gandi adyndaky lukmançylyk ýörüte orta hünär mekdebiniň, Maşgala lukmançylygy merkeziniň wekilleri, Halkara okuw-ylmy merkeziniň esasy hünärmenleri, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň Aşgabada ýörüte gelen halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk baradaky iki ýyllyk ylalaşygyň çäklerinde lukmançylyk bilimleri we okuw merkezlerini halkara derejesinde ykrar etmegiň meseleleri boýunça halkara bilermenleriniň topary geldi. Onuň hatarynda Moldowa Respublikasynyň Nikolae Testemisanu adyndaky Döwlet medisina we farmasiýa uniwersitetiniň lukmançylyk taýýarlygyny modelirlemek boýunça Okuw-ylmy merkeziniň (CUSIM) direktory Andreý Romançenko we bu merkeziň matsatnamalary utgaşdyryjysy Ýuriý Saratila, şeýle hem Riganyň Stradynýa adyndaky uniwersitetiniňň klinika tilsimleri we medişina tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri Oleg Sabelnikow bar.

Halkara okuw-ylmy merkeziniň işi bilen jikme-jik tanşanlaryndan soň daşary ýurtly myhmanlar türkmen kärdeşleri bilen Ýewropa bileleşiginiň amaly medisina üçin simulýasiýa (türgenleşdiriji) maksatnamasy boýunça merkezi halkara derejesinde ykrar etmäge taýýarlamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi halkara derejesine ygtyýarnamalar bermäge we ýörüte okuw-türgenleşiklerine diňleýjiler hökmünde daşary ýurtly lukmanlary çagyrmaga mümkinçilik berer.

Moldowaly we latwiýaly hünärmenler uniwersitet simulýasiýa (türgenleşdiriji) merkezleriniň iş tejribesi barada gürrüň berdiler. Öz gezeginde, türkmen hünärmenleri ýurdumyzda lukmanlary taýýarlamak ulgamy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça merkezleriň işi, kesel anyklamaga we bejermäge innowasioan tehnolagiýalaryň we döwrebap usullaryň ornaşdyrylyş barada giňişleýin gürrüň berdiler.

„Tegelek stola“ gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, beýleki ýurtlarda simulýasiýa (türgenleşdiriji) merkezleri klinikalaryň ýa-da lukmançylyk ýokary okuw jaýlarynyň bölümleriniň biri hökmünde döredilýän bolsa, Tüermenistanda welin ol özbaşdak gurluşdyr. Özi hem türkmen merkezinde simulýasiýa bilim bölüminden başga-da, lukmançylyk ylmynyň wajyp meseleleri boýunça düýpli we amaly barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän ylmy-usulýet we seljerme bölümleri bar.

„Tegelek stoluň“ çäklerinde Halkara okuw-ylmy merkezi bilen Latwiýanyň we Moldowanyň kysymdaş edaralarynyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Türkmenistan Girdejisiniň Derejesi Ortaçadan Ýokary Bolan Döwletleriň Hataryna Goşuldy

turkmenhabargullugy

Ahal Welaýatynyň Kaka Etrabyndaky Mekdep Okuwçylary Halkara Internet-Olimpiadasynda Altyn Medallaryň 36-syny Eýelediler

Gözellik Nusgasy Türkmen Halysy Atly Halkara Sergi Fotosuratlary