29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Paýtagtyň Günbatarynda Çalt Depginlerde Ýaşaýyş Jaý Toplumy Kemala Getirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň potratçy guramalary hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň edaralary paýtagty gurmagyň 16-njy tapgyrynyň gurluşygyny güýçli depginlerde alyp barýarlar. «Nusaý yollary» hususy kärhanasynyň işgärleri 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birinde montaž işlerini tamamladylar. Telekeçiler on aýda 72 öýli jaýyň bütewi karkasyny taýýarladylar. “Aşgabatgurluşyk” önümçilik birleşiginiň işgärleri-de 12 gatly jaýlaryň ýene ikisiniň diwarlaryny bellenen belentlige galdyrdylar. Ýokary depginler gurluşyk meýdançasynda işiň üç çalşykda guralmagy we ýörüte tehnikalardan netijeli peýdalanylmagy netijesinde mümkin boldy. Häzirki wagtda potratçy guramalar elektromontaž, santehniki işleri we öýleriň içerki bejergi işlerini alyp barýarlar.

Ýaşaýyş jaýlarynyň on altysyndan ybarat täze ýaşaýyş jaý toplumy Magtymguly şaýolunyň ugrunda kemal gelýär. Gurulýan düzümleýin desgalar – jaýlara barýan ýollar, ulag goýulýan ýerler, awtobus duralgalary, ýaşyl zolaklar, inženerçilik ulgamlary, şeýle hem iri söwda merkezi bu ýerde ýaşaýanlaryň durmuşy hem-de dynç almagy üçin amatly şertler döreder. Dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işgärleriniň bir müňden gowragy otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrlan öýlere göçüp bararlar.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Saýlawlaryň Öňüsyrasyndaky Möhüm Tapgyr

MERKEL KIPR GREK DOLANŞYGYNA SAPAR GURAR

syrach

Turkmenistan Aşgabatda XXI Halkara Nebitgaz Forumy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy