20.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Baýramçylyk Sergisindäki Suratlarda-Bahar Şahyranalygynyň Waspy

Aşgabadyň sergi merkezinde Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Bu ýerde goýlan işlerden Şemşat Mämmedowanyň «Bahar nagyşlary» atly suraty ýaz özgertmeleriniň dürli reňkler arkaly beýan edilişi bilen saýry gelýär. Şemşat bahary ýaş zenana meňzedýär, ol misli, ýer ýüzüne dürli röwüş güllerdir otjagazlar bilen nagyş salýan jadyly Tebigat kimin, dona owadan keşde çekýär. Güläleklerdir jaňjaňgaz güllere höwes bilen syn edip oturan gelin olary öz gaýap oturan keşdesine salýar.

Çeper elli zenan tebigaty näzijek gök ýapraklar, mymyjak otlar we meýdan gülleri bilen bezeýän Baharyň allegoriýasy bolup çykyş edýär.

Hoja Çaryýew «Ir bahar» atly iki etýudyny sergä hödürläpdir. Nakgaş reňkleriň sazlaşygyny döredýän üýtgeşik täsirli ýumşak serişdeleri ulanypdyr. Çygly toprak mele reňkde, gün nuruna guran ýerler bolsa, altynsow reňkde berlipdir. Terje otlar ýaşyl halyny ýada salýar. Tomaşaçy bu surata syn edende ýeňiljek salkyn howany, gülleriň ysyny alan ýaly duýgyny başdan geçirýär.

Şöhrat Berdiýewiň «Oba säheri» atly suratynda iki gelin ir säher bilen ýany sowgatly bukjaly alyp goňşy oba ugrapdyr. Ýaş ýigit göle bilen geçini idip barýar, ýöne göle parahatja gidip barýan bolsa-da, geçi welin kejirlik edip, aýagyny diräp dur. Muňa gaharlanan alabaý üýrüp, ony ýola saljak bolýar. Agaç şahasynda oturan pişik olara bilesigelijik bilen syn edýär. Diňe pişigiň bikesi bilen onuň oglunyň hiç zat pahyna däl. Dinamika we mähirli ýumora ýugrulan suratda ýordumyň iň kiçijik nýuanslary-da şahyrana we tapbilerlik bilen berlipdir.

Allaberdi Öwezdurdyýew sergä «Çopan horjuny» atly üýtgeşik suratyny hödürläpdir. Bilesigeliji geçi içinde näme bardygyny biljek bolup, horjuna boýnuny uzadýar. Allaberdi geçiniň bu häsiýetine belet borly, şonuň üçinem ony gülkünç äheňde beripdir.

 

Merdan Paýtykow «Gyş manzary» we «Güzer» atly işleri bilen geň galdyrdy. Topragymyza seýrek düşýän gar käte ir baharda-da ýagaýýar. Ýöne ol haçan ýagsa-da, garaşylmaýan tebigy waka öwrülýär. Şonuň üçinem Merdanyň öz suratlarynda şekillendiren garly manzarlaryna bakyp gözüň dokunmaýar.

Gözbaşy alys geçmişe siňen, bahar gözelliginiň dürli röwüşlerinden dokalan, täze durmuşyň we tapgyryň başlanýandygynyň nyşany bolan özboluşly däp-dessurly şahyrana we özboluşly baýrama bagyşlanan sergi göwnüňi galkyndyryp, durmuşa höwes döredýär. Däpler bilen aýrylmaz baglanşykda ösýän sungatyň özgerdiji güýji-de şunda ahyry.

Çeşme: Turkmenistan.gov.tm

 

Degişli makalalar

Hazarda 60 Mln Tonna Nebit Gory Bolan Kän Açyldy

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Müdiriýetiniň Mejlisi

Birža Täzelikleri