19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-yň Başlygynyň gepleşikleri boldy.

Ýakynda iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň baştutanlarynyň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün HHR-yň başlygy Hu Szintao we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežad bilen duşuşyklary geçirdi.

Pekinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji mejlisi HHR-yň Başlygy Hu Szintaonyň başlyklygynda geçirilýär, onuň çagyrmagy boýunça sammitiň işine Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri, synçy ýurtlar bolan Eýranyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň Prezidentleri we Hindistanyň daşary işler ministri gatnaşýarlar. Başlyklyk edýän ýurt tarapyndan aýratyn hormatly myhmanlar hökmünde sammite Türkmenistanyň we Owganystanyň baştutanlary, şeýle hem BMG-niň, GDA-nyň, Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň we Toparlaýyn howpsuzlyk hakyndaky şertnama guramasynyň baştutanlary çagyryldy.

… Ir bilen “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyndan çykyp, türkmen Lideri Pekiniň merkezi meýdançasy bolan Týananmen meýdançasyna tarap ugrady. Bu ýerde, Halk ýygnaklary öýünde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Halk ýygnaklary öýüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy mähirli garşylaýar. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça görüşenlerinden soň zala tarap ugraýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Başlyk Hu Szintao birek-biregi Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň hökümet wekilýetleriniň agzalary bilen tanyşdyryp, ýörite münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-yň Başlygy hormat garawulynyň rotasynyň serkerdesiniň raportyny kabul edip, esgerleriň hatarynyň öňünden geçýärler.

Garşylamak dabarasy tamamlanandan soň Başlyk Hu Szintao hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Halk ýygnaklary öýüniň Gündogar zalyna çagyrýar, şol ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler boldy.

Başlyk Hu Szintao türkmen Liderini ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary bolan döwletleriň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde HHR-e gelip görmäge çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, öz ýurdunda we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda Türkmenistanyň Baştutanynyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyna uly ähmiýet berilýändigini, oňa däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde baha berilýändigini belledi. Başlyk Hu Szintao Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge Hytaýyň çalyşýandygyny tassyklap, häzirki duşuşyk taraplaryň bähbitlerine we täze döwrüň hakyky ýagdaýlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlyga täze möhüm itergi bolup hyzmat eder diýip, ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen gelip görmäge çakylyk üçin, hytaý topragynda türkmen wekiliýetine myhmansöýerlik hem-de mähirlilik görkezilendigi üçin Başlyk Hu Szintao tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Hytaýa abraýly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny, onuň bilen gatnaşyklaryň strategiki esasda we uzak möhletli geljek üçin guralýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşyp, şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösüşini kanagatlanmak bilen nygtap, Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki wagtda Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşy bolup çykyş edýändigini nygtady. Häzirki wagtda Hytaý Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň umumy möçberinde birinji orny eýeleýär, eksport-import harytlarynyň görnüşlerini giňeltmek ugrunda iş dowam etdirilýär.

Hyzmatdaşlyk etmek boýunça döredilen Türkmen-hytaý komitetine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly orun berilýär, onuň birinji mejlisini şu ýyl Pekinde geçirmek göz öňünde tutulýar.

HHR-yň kompaniýalary häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitgaz, telearagatnaşyk, ulag ulgamlarynda, oba hojalygynda dokma, himiýa we azyk senagatynda, saglygy goraýyş ulgamynda hem-de gurluşyk pudagynda işleýärler. 2009-njy ýylyň ahyrynda transmilli Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uzakmöhletli hem-de strategiki häsiýetiniň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Bu taslama umumy wezipäni, ýagny halkara energetika bazarlaryna gatnaşyjylaryň hemmesiniň—energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitleriniň sazlaşygyny üpjün etmegiň aýdyň mysaly boldy.

Häzirki döwrüň iň uly möçberli energetika taslamalarynyň biri bolan bu taslama häzirki wagtda umumy maksatlaryň, ýagny, parahatçylygyň, ösüşiň, progresiň we rowaçlygyň hatyrasyna oňyn hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Geçen 2011-nji ýyl hem şanly wakalaryň birnäçesine beslendi. Noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Ylalaşyga gol çekildi, şoňa laýyklykda türkmen gazyny Hytaýa ibermek 25 milliard kub metr artdyryldy we şeýlelikde, ol möçber bir ýylda tebigy gazyň 65 milliard kub metrine çenli ýetiriler. Türkmen Lideri Hytaýyň iň köp ilatly we depginli ösýän welaýatlarynyň biri bolan, Ýuwaş ummanyň kenarynda ýerleşýän Guandun welaýatynyň turbageçirijiler ulgamyna türkmen gazynyň berilmeginiň dabarasyna hem gatnaşdy.

Iki ýurduň hünärmenleriniň baha bermegine görä, 2010-njy ýylyň başyndan 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli Hytaýa iberilen türkmen tebigy gazynyň möçberi 30 milliard kub metre ýeter. Ýylyň ahyryna çenli bu görkeziji 44 milliard kub metre barabar bolar.

Bellenip geçilşi ýaly, şu gün «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli Nebitgaz korporasiýasynyň arasynda ýene-de bir möhüm resminama – Türkmenistandan Hytaýa tebigy gazyň goşmaça möçberini ibermek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Çarçuwaly Ylalaşyga gol çekiler. Bu resminama laýyklykda Hytaýa iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberi ýylda 65 milliard kub metre ýetiriler.

Şu mesele barada durup geçmek bilen, şeýle iri taslamalary durmuşa geçirmegiň halkara syýasy giňişliginde energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly ibermek boýunça biziň bilelikdäki tagallalarymyz bilen ýakyndan baglanyşykly amala aşyrylmalydygyny belläsim gelýär diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Biziň ýurtlarymyz energiýa ulgamlarynyň, şol sanda nebit we gaz geçirijileriniň bökdençsiz işlemeginiň dünýäniň dürli sebitleriniň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyna anyk düşünýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Ähli halkara energetika ulgamlarynyň ähli bölekleriniň sazlaşykly işlemeginiň gyzyklanýan taraplar – energiýany öndürijiler, üstaşyr geçirijiler we sarp edijiler üçin bähbitli boljakdygy alnyp barylýan bu işleriň esasy artykmaçlygydyr.

Bu ugurda biz esasy wezipesi energiýa serişdelerini howpsuz ibermek boýunça halkara konwensiýasyny taýýarlamak bolan ýörite halkara toparyny Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda döretmek meselesine hytaý tarapynyň giňden ýardam bermegine uly umyt baglaýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Netijeli syýasy gatnaşyklar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda ylyma-bilime, medeniýete, sporta we syýahatçylyga degişli meseleler türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda möhüm orny eýeleýär. Hususan-da, şu günler türkmen hünärmenleri Hytaýda bolýarlar, olar gadymy Hytaý lukmançylygynyň medeniýetini ösdürmek meseleleri boýunça ýokary derejedäki maslahata gatnaşýarlar. Mundan başga hem Türkmenistan iri halkara sport çärelerini geçirmek işinde Hytaý hyzmatdaşlarymyzyň baý tejribesi bilen gyzyklanýar, bu ugruň möhümligi 2017-nji ýylda Aşgabatda üsti ýapyk binalarda we söweşjeň sungat boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini nazara almak bilen artýar. Türkmenisitanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda kosmos tehnologiýalary, önümleri gaýtadan işleýän senagat babatda hyzmatdaşlyk etmegi belledi.

“Hytaý Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly üns bermek bilen siziň ýurduňyza ýürekdeş dost, ýakyn dogan we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar“ diýip, Hytaý döwletiniň baştutany öz nobatynda nygtady we HHR-yň Türkmenistan tarapyndan ýöredilýän bitaraplyk syýasatyny we durnuklylygy saklamak, ykdysadyýeti ösdürmek hem-de halkyň durmuşyny gowulandyrmak baradaky tagallalaryny üýtgewsiz goldajakdygyny aýtdy.

Hytaý Türkmenistan bilen bileliklde iki ýurduň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyny badalga almak üçin täze daýanç hökmünde kabul eldip, has gujurly we mazmuny boýunça baý ikitaraplaýyn dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak boýunça bilelikde işlemäge taýýardyr diýip, Hu Szintao aýtmak bilen, HHR-yň tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, çig mala dahylsyz pudaklarda, şeýle hem ulag we aragatnaşyk babatda, oba hojalygynda we himiýa senagatynda, saglygy goraýyşda we ýokary tehnologiýalarda özara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Gumanitar ulgamynda hem – döredijilik işgärleriniň, ýaşlaryň we habar beriş serişdeleriniň arasynda, şol sanda ýurtlaryň her birinde Medeniýet günlerini geçimegiň çäklerinde iki ýurduň işewür düzümleriniň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenip geçildi. HHR-yň ýolbaşçysy bilim beriş alyş-çalyşlaryny giňeltmegiň, şol sanda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplary üçin bellenilen möçberleri artdyrmagyň hasabyna, dürli pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, şeýle hem howpsuzlyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtady.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Bedewiniň Milli Baýramynyň Hormatyna Geçirilýän Dabaralara Badalga Berildi

turkmenhabargullugy

Hepdäniň Wakalary

turkmenhabargullugy

(TENDER) Türkmengaz Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy