20.9 C
Aşkabat
24.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Pekinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Dabaraly Çare Geçirildi

2016-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Hytaýyň Merkezi milletler uniwersitetiniň mejlisler zalynda dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Hytaýyň Merkezi milletler uniwersiteti bilen bilelikde gurnaldy.

Agzalan dabaraly çärä Hytaýyň jemgyýetçilik we döwlet edaralarynyň wekilleri, uniwersitetiň talyplary we professor-mugallymlary, şeýle hem Pekin şäheriniň dürli ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Giriş ýüzlenmesi bilen Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi Ç.Rustamowa çykyş etdi. Türkmenistanyň täze taryhy barada gysgaça maglumat berip, garaşsyzlygy gazanandan ýigrimi bäş ýylda ýurduň gazananlary barada aýtdy.

Çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Hytaýyň Merkezi milletler uniwersitetiniň prorektory h-m Sun Min, HHR-niň Döwlet geňeşiniň milletleriň işi boýunça Döwlet Komitetiniň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Departamentiniň direktorynyň orunbasary j-p Uszinguan, HytaýyňTürkmenistandaky öňki Ilçisi j-p In Sunlin, Daşary ýurt döwletleri bilen Bütinhytaý dotluk jemgyýetiniň geňeşçisi h-m Lu Aýçžen, Hytaýyň Merkezi milletler uniwersitetiniň professory j-p Hu Çženhua we beýlekiler türkmen halkyna garaşsyzlygyň ýubileýi bilen gutlaglaryny beýan etdiler we Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky üstünlikleriniň we gazananlarynyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan we dünýäde giň halkara köpçülik tarapyndan ykrar edilen ösüşiň “türkmen modeliniň” durmuşa geçirilmeginiň netijesidigini belledeler.

Çäräniň çarçuwasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ylmy, medeni we gumanitar gatnaşyklary berkitmeklige goşan goşandy üçin meşhur hytaý alymy, professor Hu Çženhua ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň meşhur işleri we Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazananlary görkezilen kitap sergisi bilen tanyşdylar. 

Degişli makalalar

“Aşgabat-2017” Şekili Astanada EKSPO Sergisinde Görkezildi

Demir ýoly gurulýar.

syrach

Bişkekde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Tegelek Stol Geçirildi