27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Aziada Dünýä Metbugatynda» Atly Halkara Media Forumyna Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Aziada Dünýä Metbugatynda» Atly Halkara Media Forumyna Gatnaşyjylara Gutlag Hatyny Iberdi

V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumyna gatnaşyjylara

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmenistanyň paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherinde şu ýylyň altyn güýzünde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn! Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni ugurlar we habar beriş serişdeleri boýunça dost-doganlyk gatnaşyklarynyň, hoşmeýilli, ysnyşykly, netijeli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanmagyny we barha rowaçlanmagyny arzuw edýärin!

Hormatly myhmanlar we maslahata gatnaşyjylar!

Biz Türkmenistanda şu ýyly “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip yglan etdik. Bedew bady bilen aýgytly ösüşlere eýe bolýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesinden ugur alnyp, halk bähbitli sahawatly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Çünki, sagdyn jemgyýet Watan binýadynyň baş daýanjydyr. Sagdyn ruh halklaryň belent ykbaly, adamzadyň bagtyýar geljeginiň ak ýoludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda, sagdyn jemgyýetimizi berkitmekde netijeli işleri alyp barýarys.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap bedenterbiýe we sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, ýurdumyzda sportuň futbol, woleýbol, basketbol, hokkeý, welosiped ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi, ussat türgenlerimiziň halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Biz gözel paýtagtymyzda gurulýan her bir desganyň özboluşly binagärligine uly ähmiýet berýäris. Şu ýylyň 17 — 27-nji sentýabry aralygynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin döwrebap Olimpiýa şäherjigi guruldy, bu şäherjikde sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalarynda geçiriler. Sport oýunlaryny alyp görkezmek we giňden dünýä ýaýmak üçin Olimpiýa şäherjiginde metbugat merkezi we her bir binada metbugat wekilleri üçin niýetlenen desgalar hem-de halkara teleýaýlymyna alyp beriş merkezi guruldy. Siz Olimpiýa oýunlarynyň geçýän döwründe bu desgalary giňden peýdalanyp, sport oýunlarynyň geçirilişi baradaky maglumatlary gyzgyny bilen dünýä halklaryna ýetirersiňiz diýip umyt edýärin.

Şeýle hem, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýanyň we Okeaniýanyň jemi 64 döwletinden türgenler gatnaşar. Biz bu oýunlara türkmen milli göreşi we konkur boýunça ýaryşlaryň goşulmagyny teklip etdik. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi biziň bu teklibimizi goldady. Elbetde, bu ýaryşlaryň geçirilýän döwründe dünýäniň ähli künjeklerinden metbugat wekilleriniň uly toparynyň geljekdigine ynanýarys.

Hormatly metbugat wekilleri!

Biz bu gün «Gadymy Mary topragyna hoş geldiňiz!» diýip, sizi garşylaýarys. Siz Türkmenistanda bolýan döwrüňizde ýurdumyzyň ýeten üstünlikleri, sporty ösdürmekde alyp barýan işlerimiz bilen giňden tanşyp bilersiňiz. Size V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly media forumyna gatnaşyp, Türkmenistanda bu oýunlary guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri mahabat etmekde rowaçlygy arzuw edýärin!

Biz: «Sport — ruhubelentlik! Sport — sagdynlyk!» diýen kadalardan ugur almak bilen, türkmen sportuny dünýä sporty bilen sazlaşykly ösdürmek ugrunda ähli zerur bolan işleri geçirýäris. Ýurdumyzda milli hem-de dünýä sporty bilen tanyşdyrýan ýörite neşirler we teleýaýlym bar.

V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe her bir türgeniň, tälimçiniň, žurnalistiň ýa-da ýurdumyza gelen myhmanyň uly alada bilen gurşalyp alynjakdygyna berk ynanýaryn. Munuň üçin bizde ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan, gazet-žurnallarda we Internet sahypalarynda sport durmuşyndan gyzykly makalalary ýazýan, teleýaýlymlarda beýan edýän metbugat wekilleriniň bu halkara ýaryşyny ýokary derejede mahabatlandyryp görkezmekde we dünýä ýaýmakda öz işjeňligini görkezjekdiklerine ynanýaryn.

Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Eziz myhmanlar!

Sizi Mary şäherinde geçirilýän V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli «Aziada dünýä metbugatynda» atly halkara media forumynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Degişli makalalar

Daşary Ýurda Gitmek Üçin Biometriki Pasport we Gerekli Resminamalaryň Sanawy

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap Welaýatyna Iş Sapary

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Gününe Bagyşlanyp Sport Ýaryşlar Geçirildi