04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Bütindünýä Serginiň Açylyş Dabarasynyň Hormatly Myhmany Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Bütindünýä Serginiň Açylyş Dabarasynyň Hormatly Myhmany Boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Milli Liderimiz bu ýere “Astana EKSPO —2017” atly halkara ýöriteleşdirilen serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Sergi “Geljegiň energiýasy” diýen şygar astynda geçiriler hem-de dünýä bileleşigini biynjalyk edýän möhüm meseleleriň birini—energiýanyň alternatiw çeşmeleri bilen bagly meseläni şöhlelendirer. Ýurdumyzyň Milli sergi merkeziniň gatnaşýan bu ählumumy sergide energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hem-de “ýaşyl ykdysadyýetiň” ýörelgelerini durmuşa geçirmek boýunça pikirler we çözgütler bilen tanyşdyrylar.

Türkmenistan dünýäde bolup geçýän wakalara işjeň gatnaşyp, möhüm meseleleri çözmäge mynasyp goşandyny goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna peýdalanmak üçin ägirt uly mümkinçiliklerini hödürläp, dünýäniň maksatlaryna we olary gazanmak mümkinçiligine bolan garaýşyny açyk beýan edýär.

Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän, şol sanda 2012-nji ýylda tassyklanan hem-de önümçilik işiniň ähli esasy ugurlarynyň ekologiýa howpsuzlygynyň ölçeglerine tapgyrma-tapgyr geçirilmegini göz öňünde tutýan Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän giň gerimli ekologiýa işleriniň dowamy bolup durýar. Maksatnama ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ileri tutulmagyny, ýurdumyzyň tutuş durmuş-üpjünçilik düzüminiň hereket etmegine binýatlyk esasy hökmünde “ýaşyl ykdysadyýeti” ösdürmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu doly derejede Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna hem degişli bolup durýar. Ýurdumyz dünýäniň esasy nebitgaz döwletleriniň biri, uglewodorod çig malyny öndürýän we halkara derejesinde ugradýan iri döwlet bolup durýar.

Halkara Energetika Hartiýasynyň golaýda Aşgabatda geçirilen “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly forumyň gün tertibine dünýä energetikasynyň häzirki ýagdaýyna we geljegine, ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge degişli meseleleriň birnäçesi girizildi.

Forumda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy. BMG-niň Baş Assambleýasynda iki gezek kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” hakyndaky Kararnama şol başlangyçlaryň öz wagtynda öňe sürlendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Aşgabat forumynyň Jemleýji resminamasynda bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşygy taýýarlamak boýunça maksada laýyk işler alnyp barylýar. Ol energiýa serişdeleriniň halkara söwdasyny ösdürmek üçin esasy gurallaryň biri bolmalydyr. Forum energiýa serişdeleriniň halkara iberilmegi hem-de Energetika Hartiýasyna agza ýurtlaryň isleglerini şöhlelendirýän geljekki alternatiw çözgütler bilen baglanyşykly anyk meseleleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary forumyň jemleriniň, bilermenleriň netijeleriniň nazara alynmagy hem-de syýasy jarnamada öz beýanyny tapmagy barada bir pikire geldiler. Bu jarnamany noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň jemleri boýunça kabul etmek göz öňünde tutulýar. Energetika Hartiýasynyň Ylalaşygyna täze gatnaşyjylaryň goşulmagynyň hasabyna Halkara Energetika Hartiýasynyň çägi giňelýär. Galyberse-de, häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinden ýurtlaryň uly topary Halkara Energetika Hartiýasynyň düzümine girmäge taýýarlyk görýär.

2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlygy hökmünde Türkmenistan taýýar önümi almak hem-de ony eksport etmek üçin uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden ulanmak, energiýa serişdelerini howpsuz üstaşyr geçirmek, energiýa netijeliligi hem-de energiýa tygşytlylygy ýokarlandyrmak ýaly ugurlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitledi. Şunda ekologiýa meselesine, tebigy serişdeleriniň rejeli hem-de aýawly ulanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Bu jogapkärli çemeleşme energiýa howpsuzlygy meselelerinde halkara ylalaşygyny işläp taýýarlamagyň zerurlygy boýunça garaýşyny şertlendirýär. Onda ekologiýa ugry esasy meseleleriň biri bolup durýar. Bu barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” atly maslahatynda (Braziliýa, 2012-nji ýyl) aýtdy. Şonda milli Liderimiz täze guraly — BMG-niň howandarlygynda Sebitara energetika dialogyny döretmek hakynda Türkmenistanyň teklibini beýan etdi.

Biziň umumy wezipämiz — ykdysady bähbitleri, halkara hyzmatdaşlygyny ekologiýa deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen utgaşdyrmak bolup durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energiýa serişdelerini çykaranda ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak, önümçilik tapgyryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, dünýäniň beýleki döwletleri we halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny gözläp tapmakda hemişe işjeňligini görkezip geldi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatynyň mazmuny onuň netijeliliginiň ekologiýa ulgamynyň üýtgemeginde önümçilik ulgamynyň tebigat bilen bäsdeş däl-de, onuň ýarany we sütüni bolmagynda jemlenýär.

Beýleki tarapdan seredeniňde, ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologiýa çäreleri milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, tutuş halk hojalygynyň tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmegi üçin esasa öwrülýär.

Emma Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty diňe tehnokratik çemeleşme bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetiň sazlaşygyny, onuň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem-de raýatlylygyň, tebigata garaýşyň ýokary medeniýetiniň we paýhasly-jogapkärli garaýşyň berkarar bolmagyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz ekologiýa diplomatiýasyny Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, halkara gatnaşyklarynyň ulgamyny ynsanperwerleşdirmegiň we ekologiýalaşdyrmagyň, olary ahlak maksatlary bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, hut adam durmuşynyň gymmatlygyny birinji hatara çykarýar.

…. Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabat — Astana ugry boýunça uçuşy amala aşyryp, Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimize gül desseleri gowşurylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden Garaşsyzlyk köşgüne tarap ugraýar. Bu ýerde Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew öz kärdeşini güler ýüz bilen, dostlarça garşylaýar.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany belent mertebeli myhman bilen salamlaşyp, Türkmenistanyň Baştutanyny Astanada kabul edýändigine örän şatdygyny aýtdy. Gazagystana gelip görmek hem-de “Astana EKSPO — 2017” serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Prezident Nursultan Nazarbaýew iki goňşy döwletleriň we halklaryň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Milli Liderimiz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, öz kärdeşini Bütindünýä sergisi ýaly möhüm we iri çäräniň geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň mowzugynyň örän derwaýysdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu ulgamda gazanan üstünliklerini, ýurdumyzyň işläp taýýarlamalaryny görkezmek babatda döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol üstünlikler we işläp taýýarlamalar biziň ýurdumyzyň ertir açylýan milli sergi merkezinde görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň bu gün has okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu ýylyň aprel aýynda Gazagystana bolan saparynyň netijeliligini belledi. Ýokary derejede geçen bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza, aýratyn hem energetika, ulag, söwda, ykdysady ulgamlardaky hyzmatdaşlyga täze itergi berdi, gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar türkmen hem-de gazak halklarynyň öňden gelýän doganlyk we özara hormat goýmak däplerine, olaryň binýatlyk ruhy hem-de taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna, iki döwletiň hem parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygyna esaslanýar. Munuň özi abraýly halkara düzümleriň çäklerinde özara gatnaşyklar, şeýle hem esasy dünýä we sebit meseleleri boýunça özara düşünişmek üçin oňat esas bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň we Gazagystanyň çemeleşmeleri ýakyndyr ýa-da meňzeşdir. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek, işewür we ynsanperwer, ylmy gatnaşyklary höweslendirmek barada pikirlerini beýan etdiler. “Astana EKSPO — 2017” halkara ýöriteleşdirilen sergi hem hut şoňa ýardam etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy köpugurly türkmen-gazak gatnaşyklarynda aýratyn orun eýeläp, ol soňky döwürde uly mümkinçiliklere hem-de täze itergä eýe boldy. Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň energetika ýaly strategik ulgamynda özara gatnaşyklar uly ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, 2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi işe girizildi. Onuň bir bölegi Gazagystan Respublikasynyň çäginden geçýär. Bu täsin taslamanyň amala aşyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly ähmiýete eýedir.

Ählumumy energetika howpsuzlygy hem-de durnukly energetikany ösdürmek meselelerine taraplaryň çemeleşmeleriniň ýakynlygy şunda möhüm şert bolup durýar. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk iki ýurduň ykdysady taýdan ösmeginde, olaryň dünýä gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynda möhüm orny eýeleýär. “Demirgazyk — Günorta” ulag geçelgesiniň altyn halkasyny döretmek boýunça ýene-de bir ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi — Gazagystan — Türkmenistan —Eýran demir ýolunyň gurulmagy onuň aýdyň netijeleriniň biridir. Gurlup ulanmaga berlen polat ýol döwrebap ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülip, ol Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döreder.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Nursultan Nazarbaýewi Aşgabada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gelmäge çagyryp, Gazagystanyň Lideriniň hemişe ýurdumyzyň arzyly myhmany bolandygyny hem-de şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz özüniň kärdeşine döwlet işinde uly üstünlikleri, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Nursultan Nazarbaýew Aziada — 2017-ä çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ähli ulgamlarda ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny belledi. Ol ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze ösüşe eýe bolandygyny, köp ugurlarda gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini, haryt dolanyşygynyň artandygyny, şol sanda “Demirgazyk — Günorta” transmilli demir ýolunyň hasabyna ýokarlanandygyny aýtdy.

Ýakyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, halkara giňişliginde işjeň hyzmatdaşlyk, ulag we energetika ulgamlarynda bilelikdäki düzümleýin taslamalary amala aşyrmak—bularyň hemmesi Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň gazanan üstünlikleri, ählumumy durnuklylyga we howpsuzlyga, halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň ösüşine we abadançylygyna mynasyp goşandy bolup durýar diýip, Gazagystanyň Lideri sözüni jemledi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz we Astananyň beýleki hormatly myhmanlary sergi toplumynyň çägine, onuň esasy desgasyna — “Nur-Älem” bölümine tarap ugraýarlar. Bu bölüm sfera görnüşindäki ägirt uly bina şekilindedir.

Bu ýerde, VIP zalynda belent mertebeli myhmanlary ýene-de Gazagystanyň Lideri Nursultan Nazarbaýew mübärekledi. Ol myhmanlara sergi toplumynyň merkezi bölegi, EKSPO — 2017-niň binagärlik nyşany — “Nur-Älem” bölümi bilen tanyşdyrdy.

Onuň gurluşynyň täsinligi bu binanyň dünýäde “doly sfera” görnüşindäki ilkinji binadygy bilen baglanyşyklydyr. Onuň diametri 80 metre, beýikligi 100 metre barabardyr. Binanyň birinji gatynda Gazagystanyň bölümi ýerleşýär. Bu ýerde Gazagystanyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna, ajaýyp ýerlerine, üstünliklerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.

“Döredijilik energiýasy” bölüminde wideoklip görnüşinde energetika hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda döwlet syýasatynyň gazanan üstünlikleri, Gazagystanyň “ýaşyl ykdysadyýete” geçmek Konsepsiýasy we beýleki milli maksatnamalar, şeýle hem alymlaryň “Geljegiň energiýasy” mowzugy boýunça taslamalary görkezildi.

Häzirki wagtda Gazagystanyň sebitlerinde “ýaşyl ykdysadyýetiň” dürli ugurlary boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär ýa-da amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ýurtda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň desgalary hereket edýär. Önümçilikde, gurluşykda, ýaşaýyş-jemagat hojalygynda, ulagda, oba hojalygynda hem-de suwdan peýdalanmakda energiýa netijeliligi boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň mysaly az däldir.

Bu taslamalar Gazagystanyň interaktiw kartasynda ýerleşdirildi. Sergä gelýänler degişli sebit bilen tanşyp, ol barada maglumatlary alyp biler. Aýratyn ekspozisiýa “Tokamak KTM” halkara taslamasynyň çäklerinde termoýadro reaktoryny döretmegiň üstünde alnyp barylýan işleri şöhlelendirýär. Bölümde “Tokamak KTM” reaktorynyň içki gurluşynyň maketi ýerleşdirilipdir. Onda plazmanyň alnyşy görkezilýär.

Meýdany 23 müň 600 inedördül metre barabar bolan Sferanyň özünde Geljegiň muzeýi ýerleşýär. Ol sergi geçirilenden soň özboluşly innowasion ulgama hem-de möhüm ylmy-barlag we medeni merkeze öwrülmelidir. Sanly, multimediýa we interaktiw tehnologiýalar Sferanyň 2-8-nji derejesini öz içine alýan sergi giňişligi bilen tanyşmagyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu ýerde energiýanyň esasy görnüşleri – kosmos, gün, biomassalar, ýel, suw we kinetiki energiýalar görkezilýär.

Liftlerde binanyň ýokarky böleginde ýerleşýän syn ediş meýdançasyna galyp bolýar. Bu ýerden EKSPO-nyň ähli ýerlerine ajaýyp görnüş açylýar.

Dabara gatnaşyjylar Gazagystanyň bölümine syn edip, onuň öňündäki Baş meýdança çykdylar. Bu ýerde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni serginiň çägi boýunça Kongres-merkezine bardy. Şol ýerde EKSPO — 2017-niň açylyş dabarasy ýokary tehnologiýaly şüweleňden başlandy. Onuň maksatnamasy Älemiň emele gelmeginden başlap, häzirki döwre çenli energiýanyň taryhyndan düzüldi. Sahnada giň möçberli kinetiki bezegler, transparent yşykly diod ekranlar we aralykdan dolandyrylýan dronlar ýaly innowasion tehnologiýalar ulanyldy.

Zemini alamatlandyrýan şar Kongres merkeziniň zalynda gaýyp ýördi. Onuň yzysüre adamzady alamatlandyrýan adamlar çykdylar. Soňra uly ekranda Älem giňişliginde “uly partlama” emele gelip, ol ýaşaýşyň döreýändigini alamatlandyrdy. Özüne gün energiýasyny — Astanada açylýan serginiň keşbini özünde jemleýän planetalar peýda boldy. Awtorlaryň täsirli pikirine görä, çykyşyň ahyrynda sahna dünýäniň dürli dillerinde gürleýän çagalar çykdylar. Olar ellerinde EKSPO-nyň nyşanyny – üç sany dürli reňkli gül ýaprakly propelleri saklap durdular.

Soňra ýygnananlar dabaranyň hormatly myhmanlary – bu ýere gelen döwlet Baştutanlary bilen tanyşdyryldy, sahna Gazagystan Respublikasynyň baýdagy dabaraly ýagdaýda çykarylýar, ýurduň Döwlet senasy ýaňlanýar, şondan soňra sergä gatnaşýan 115 ýurdunyň baýdaklary göterilip geçilýär. Şeýle hem sergä halkara guramalaryň 22-si wekilçilik edýär.

Sahnadan ýygnananlara Halkara sergiler edarasynyň prezidenti Stin Kristensen gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol şeýle hem sergä gatnaşýan ýurtlaryň baştutanlaryna şeýle ägirt uly waka ýokary derejede taýýarlyk görlendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Soňra Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Naharbaýew çykyş etdi. Şu geçen ýyllaryň dowamynda EKSPO — 2017-ni geçirmek boýunça ägirt uly taýýarlyk işleri geçirildi diýip, ol aýtdy we bu çylşyrymly işe gatnaşanlaryň ählisine hoşallyk bildirdi hem-de Astanadaky EKSPO —2017 halkara ýöriteleşdirilen sergisine badalga berdi.

“Şeýle möçberdäki çäre — bu diňe bir döwletiň tagallasy däldir, munuň özi şu sergide öz gazananlaryny görkezýän halkara bileleşiginiň tutanýerli zähmetiniň netijesidir. Şu gün biz netijeli howpsuz energiýa ulgamynda täze açyşlaryň bosagasynda durus. Biziň sergimiziň bu ählumumy prosese uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn” diýip, Nursultan Nazarbaýew belledi.

Dabaraly agşam konsert maksatnamasy hem-de “Nur-Älem” sferasynda multimediýaly yşyklar şowhuny bilen dowam etdi. Ähli yklymlaryň sazynyň kömegi bilen dünýä boýunça syýahat etmek duýgusy döredildi. Saz maksatnamasy özüne däp bolan gazak sazlaryny, Afrikanyň, Günorta Amerikanyň, Awstraliýanyň, Okeaniýanyň we beýlekileriň owazlaryny birleşdirdi.

Dabara sergi toplumynyň çägini gurşap alan baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlandy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada saparda bolýan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp we täze duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini bellediler.

Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlary strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyp, taraplaryň ägirt uly kuwwatyny, milli bähbitleri nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleri barada aýdyp, iki ýurduň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny özara goldaýandyklaryny bellediler. Şol başlangyçlar bolsa XXI asyrda dünýäniň gapma-garşylyksyz ösüşi üçin ygtybarly esasy döretmäge, halklaryň hem-de döwletleriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Iki döwletiň Baştutanlarynyň duşuşyklary bu köp derejeli we ulgamlaýyn syýasy gatnaşyklaryň esasy bölegi bolup durýar. Olarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we çuňlaşdyrmak bilen bagly möhüm wezipelere hem-de özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerine garalýar.

Bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesiniň esasynda ösýän döwletara hyzmatdaşlygynyň tejribesi milli ykdysadyýetleriň ägirt uly kuwwatynyň iki dostlukly ýurda köp ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ulag, aragatnaşyk, dokma hem-de himiýa senagatynda, gurluşykda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi.

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolup durýar. Häzirki wagtda bu gaz geçirijisi türkmen “mawy ýangyjynyň” HHR-e uzak möhletli iberilmegini üpjün edýär.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin häzirki wagtda Hytaýyň energetika ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtap, gaz pudagynda uzak möhletli hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi. Ol şeýle hem ulag ulgamynda özara gatnaşyklary üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, Türkmenistan — Gazagystan — Hytaý demir ýol ugrunyň geljeginiň uludygyny belledi.

Taraplar bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak bilen, demir ýol ulagy ulgamynda bilelikdäki işiň oňyn tejribesini bellediler. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň çägi arkaly Hytaýy Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi sebitleri bilen birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ulag logistikasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alşyldy. Şunda söhbetdeşler ýurtlaryň ikisiniň hem ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä sergisine gatnaşýandygyna ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň bähbidine hoşniýetliligiň alamaty hökmünde garaýandygyny belledi. EKSPO-2017-ä gatnaşmagyň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikleri bütin dünýäde wagyz etmekden, daşary ýurt döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmekden, öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr.

Soňky ýyllarda medeni-ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Häzirki wagtda türkmenistanly talyplaryň ýüzlerçesi Hytaýda ýokary bilim alýar.

Şunuň bilen birlikde sport ulgamynda netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklary ýola goýuldy. 2017-nji ýylyň aprelinde Hytaýyň iri welaýatlarynyň biri bolan Hubeýiň merkezinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasynyň hem-de at çapyşyklaryň geçirilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu çäräniň esasy maksady Aşgabatda geçiriljek oýunlara ünsi çekmekden hem-de hoşmeýilliligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň täze keşbini kemala getirmekden ybaratdyr.

Duşuşygyň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň döwlet bähbitlerine we durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Parahatçylyk Döretmegiň Sungaty

Global howa çalşygynyň sebäbiniň 95 götrimi adam sebäpli.

syrach