20.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Täze Köprüler Sebit Hyzmatdaşlygynyň Gerimini Giňelder

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow: Täze Köprüler Sebit Hyzmatdaşlygynyň Gerimini Giňelder

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet sapary bilen bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew möhüm ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine geldiler.

Döwlet Baştutanlary şeýle hem Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligini açarlar. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy.

Howa menzilinden Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew awtolaglarda Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylýan ýerine ugradylar. Bu ýere köpsanly dabara gatnaşyjylar ýygnandylar.

Amyderýanyň üstünden täze demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylmagynyň öňüsyrasyndaky dabarada çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakanyň taryhy ähmiýetini belledi. Açylyş dabarasyna şeýle hem Türkmenistanda saparda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.

Bu giň möçberli desgalaryň gurluşygyna girişmek bilen, biz, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýanyň çäginiň häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkezleriň birine öwrülýändiginden ugur aldyk diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biziň sebitimiz “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň tebigy geçelgeleriniň baglanyşdyryjy wezipesini ýerine ýtirmelidir. Bu geçelge iň gysga ýol arkaly Aziýany we Ýewropany birleşdirer, kontinentde tutuş söwda we ykdysady gatnaşyklary ulgamynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Amyderýanyň üsütünden çekilen köprüleriň ähmiýeti örän uludyr. Olar Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerinden, Günorta Aziýadan Hazar deňzine we soňra Gara deňiz hem-de Orta Ýer deňzi sebitlerine, Ýewropa, Zakawkazýe, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryna ýükleriň daşalmagy üçin göni çykalgany açýar. Munuň özi işewürligiň derejesiniň ýokarlanmagyna, iri maýa goýumlarynyň gelmegine, köpsanly täze iş orunlarynyň döredilmegine oňaýly şertleri döreder.

Şeýle desgalar durnuklylygy üpjün etmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda nygtaýşy ýaly, bu desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen hyzmatdaşlygyň gerimi giňeler hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri guramalaryň kuwwatyndan peýdalanmagyň mümkinçilikleri ýokarlanar. Şeýle taslamalary durmuşa geçirmegiň maksatlary Ýewraziýanyň günorta guşaklygynda strategiki durnuklylygyň ulgamynda ygtybarly merkez, geljegi uly hyzmatdaş, kontinental ähmiýetli iri ulag-üstaşyr merkez hökmünde sebitiň möhüm ähmiýeti nukdaýnazaryndan Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň sebitdäki uzak möhletli strategiýasyna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti “Altkom” ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine, täsin desganyň gurluşygynda zähmet çekenleriň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Degişli makalalar

Beýik Ýüpek Ýoly Nakgaş Nazary Bilen

Aşgabatda Ilat Gaznasynyň Ählumumy Hasabatynyň Tanyşdyrylyşy Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

turkmenhabargullugy