21.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz “Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysyny kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen gutlady hem-de türkmen halkynyň öz erk-islegini beýan edip, milli Lideriň ýöredýän ugruny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny äşgär edendigini belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp Ahmet Çalyk döwlet Baştutanyny ýetip gelýän ajaýyp bahar baýramy – Nowruz baýramçylygy bilen gutlady. Bu gadymy baýramçylyk bu gün ilimize täzelenişiň we döredijiligiň şatlygyny paýlaýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda amala aşyrýan uly möçberli özgertmeleriniň ählisi bolsa hut täzelenişe we döredijilige ýugrulandyr.

Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, adamlar baradaky aladanyň elmydama durmuşa gönükdirilip ýöredilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry boljakdygyny belledi. Soňky ýyllarda gurlan köp sanly durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň we binalaryň munuň aýdyň subutnamasyna öwrülendigi bellenildi, şolaryň gurluşygyna türk kompniýalary, şol sanda “Çalyk Holding” hem işjeň gatnaşdy.

Duşuşygyň çäklerinde Ahmet Çalyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi we ynanylan taslamalary amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berip, özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň we bellenilen möhletlerde tamamlanylmagynyň türkmen tarapynyň bildirýän üýtgewsiz talaby bolup durýandygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Türkiýeli işewür döwlet Baştutanyny wajyp tabşyryklary we teklipleri aýdandygy üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde öňde goýlan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek üçin ähli tagallasyny aýamajakdygyna ynandyrdy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

«TürkmenÄlem 52°E» Milli Hemrasynyň Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Çägi Giňedi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisinden Ynanç Hatyny Kabul Etdi