19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň gün tertibine sebitleri we tutuş ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler girizildi. 

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatyny açmak bilen, oňa wise-premýerler S.Satlykowy, M.Artykowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyrjysy Ş.Durdylyýewi çagyrdy. 

Ilki bilen gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow hasabat berdi. Wise-premýer Aşgabatda täze gurulýan Halkara howa menziliniň düzüminiň nobatdaky birinji tapgyry bolan hem-de sagatda 1250 ýolagça hyzmat etmäge ukyply 2-nji ýolagçy terminalyny ulanmaga bermek boýunça meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 2-nji terminalda ýolagçylar hem-de onuň işgärleri, hünärmenleri üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowdan täze desganyň açylmagyna ak pata bermegi we binanyň açylyş dabarasy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmagyny haýyş etdi. 

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem täze ulag ýollarynyň gurluşygy we ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow hasabat berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew öz gezeginde gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Esasan-da, ol paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, wise-premýerlere gözegçilik edýän ugurlarynda işleri döwrebap guramaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, milli Liderimiz paýtagtymyzda bina edilýän täze Halkara howa menziliniň gurluşygyna ünsi çekip, bu iri desgada işleriň alnyp barlyşyny hemişe gözegçilikde seklamagy talap etdi, şeýle hem 2-nji ýolagçy terminalynyň açylyş dabarasyny ýokary derejede guramak babatynda tabşyryklar berdi. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda amala aşyrylýan ýol-gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de ähli awtoulag ýollarynyň göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklanylmagy üçin çäreleriň geçirilmegi babatda görkezme berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman köp ugurly ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek ulgamynda amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň uly ähmiýete eýedigini aýratyn belledi, bu bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, özara bähbitli sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, täze seýilgähleri we dynç alyş zolaklaryny döretmek meseleleriniň hem öz içine alýan ähli degişli wezipeleri çözmek işine örän oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, bu babatda anyk görkezmeler berdi. 

Soňra Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy wideoşekilli göni aragatnaşyga Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýewi çagyrdy, ol milli kazyýet ulgamyny ösdürmek we ony täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara almak bilen umumy ykrar edilen halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinliginiň, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek wezipesini amala aşyrýan adyl kazyýet edaralarynyň işgärleriniň üstüne ägirt uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, kazyýet çözgütleri kabul edilende kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary kazyýetiň başlygyna mundan beýläk-de netijeli kazyýet önümçiligi üçin ähli şertleri döretmek we şunda işgärleri seçip almak, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak meselesine ilkinji derejeli üns bermegi tabşyrdy. 

Wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow türkmen Lideriniň başlangyjy bilen bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini we halkara hukukynyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň barşy barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda geçirilýän işleriň möhümdigini bellemek bilen, ýurdumyzda kabul edilýän täze kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň many-mazmunyny ilata ýetirmek, olary düşündirmek, şol sanda adalat ulgamynyň işgärleriniň jemgyýetçilik kabul edişliklerini yzygiderli geçirmek arkaly düşündirmek meselesine ilkinji derejeli üns bermek barada anyk görkezmeleri berdi. 

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy G.Hallyýewi Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaz ekişini guramaçylykly girişmek boýunça sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin bag ekmek işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häkim mundan başga-da öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna, sebitde köpçülikleýin sport-sagaldyş çärelerine görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şeýle hem ol Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz obasynyň ýakynynda gurulýan täze obada 400 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň gurluşygynyň tamamlanandygyny aýdyp, onuň açylyşyna ak pata bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyna taýýarlyk görmegiň zerurdygyny bellemek bilen, şunuň bilen baglanyşykly çärelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz “Il saglygy—ýurt baýlygy” şygary astynda geçirilýän sport çäreleriniň, hususan-da, Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly işlere toplumlaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Welaýatda gurluşygy alnyp barylýan nusgalyk obalaryň gurluşygynyň hil derejesini, desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, milli Liderimiz Gökdepe etrabynda kemala gelýän täze döwrebap obadaky mekdebiň açylyş dabarasynyň Halkara Nowruz baýramçylygy bellenilýän günlerde geçirilse maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. 

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow çykyşyny häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabyşyrklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatdan başlady. Häkim milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly baýramçylyklary guramaçylykly geçirmek, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Sebitde suwy tygşytly ulanmak, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleri göwnejaý geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, häkim hormatly Prezidentimizden sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda dürli ekinleriň ýaz ekişine girişmäge ak pata bermegi haýyş etdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, sebitde köpçülikleýin bag ekmek möwsümini netijeli geçirmek, Halkara Nowruz baýramyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri mydama gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Esasan-da, sebitde geçirilýän sport çärelerine, Saglyk ýoly boýunça guraljak köpçülikleýin ýörişe, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz suwy tygşytly ulanmak, suwaryşyň döwrebap ulgamyny, şeýle hem bu ugurdaky kämil tehnologiýalary önümçilige işjeň ornaşdyrmagyň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini belläp, beýleki welaýatlar bilen bir hatarda, Balkan welaýatynda 26-njy martda ýaz ekişine girişmäge ak pata berdi. 

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda köpçülikleýin bag ekmek çäresine guramaçylykly girişilendigini, şeýle hem ýaz ekişine ähli babatda göwnejaý taýýarlyk görülýändigini aýdyp, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmek, öňde boljak şanly baýramlara göwnejaý taýýarlyk görmek hem-de olary guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. 

Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halkara Nowruz baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda ähli tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy. “Il saglygy—ýurt baýlygy” şygary astynda geçirilýän köpçülikleýin sport çäreleri, Saglyk ýoluna ýöriş bilen baglanyşykly işlere halk köpçüliginiň işjeň çekilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň suw üpjünçiligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly çärelere örän jogapkärçilikli we ylmy esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Milli bahar baýramyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýaz ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. 

Mundan başga-da, häkim welaýatyň çäklerinde köpçülikleýin bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, ähli edara- kärhanalarda Halkara Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk işleri, köpçülikleýin sport çärelerini guramak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýaz ekişine guramaçylykly girişmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Halkara Nowruz baýramynyň golaýlap gelýändigini bellemek bilen, munuň üçin sebitiň ähli ýerlerinde ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerirniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz “Il saglygy—ýurt baýlygy” şygary astynda geçirilýän köpçülikleýin bedentebiýe-sagaldyş hereketine, hususan-da, Saglyk ýoluna guraljak ýörişe hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmeliligini belledi. Ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýaz ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna bir wagtda Mary welaýatyna iş sapary bilen baran Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowy we Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy çagyryldy. 

Ilki bilen häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitde köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň geçirilişi, şeýle hem Halkara Nowruz baýramyna taýýarlyk görmek boýunça işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatda köpçülikleýin sport çärelerini guramaçylyk geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, sebitiň oba hojalygynda ulanylýan ýerleriň agrotehniki derejesi barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Nowruz baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini tabşyrdy. Oba hojalygynda ulanylýan ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, olaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu işlere ylmy esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz geçirilýän bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň sebitde işjeň häsiýete eýe bolmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. 

Soňra häzirki döwürde Mary welaýatynda iş saparynda bolýan wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaz ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde girişmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň geçen gezekki mejlisinde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligi, suwdan netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, welaýatlaryň häkimleri, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen maslahatyň geçirilendigi, şonda oba hojalygynda özgertmeleriň alnyp barlyşyna, öri meýdanlaryny suwarmak we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly ulanmak bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny habar berildi. 

Hormaty Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmelidigini, pudaga ylmyň gazananlarynyň we ösen tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýerleriň ýaz ekişine taýýarlyk derejesine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk gelmelidigini, ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine yzygiderli üns berilmegini tabşyrdy. Milli Liderimiz topragyň şorlaşmagynyň öňüni almak, ekinleriň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly çärelere ylmy esasda çemeleşmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa indiden beýläk Mary welaýatyna gözegçilik etmek, wise-premýer A.Goçyýewe bolsa Daşoguz welaýatyna gözegçilik etmek wezipesini tabşyrmak kararyna gelendigini belläp, wise-premýerlere ynanylan sebitlerde alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar, şeýle hem Halkara Nowruz baýramçylygyny guramaçylyk geçirmek boýnua ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzy yzygiderli ösdürmek, abadanlaşdyrmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk çärelerine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiz Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça taslamalar işlenip taýýarlanylanda häzirki döwrüň şähergurluşyk-binagärlik ýörelgelerinden ugur almalydygyny, onda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerini ýene-de göni aragatnaşyga çagyrdy hem-de olary we ähli watandaşlarymyzy ýetip gelýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. 

Döwlet Baştutanymyz Nowruz baýramynyň gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny aýtdy. Ata-babalarymyz Nowruz baýramyny berekediň we bagtyýarlygyň, ekerançylygyň we bolçulygyň baýramy hökmünde garşylapdyrlar. Älem-jahany ýaşyl begrese besläp gelýän Nowruz baýramyndan soňra ekerançylyk işlerine giň gerim bilen başlapdyrlar. 

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara baýramy hökmünde dünýäniň köp ýurtlarynda giňden bellenilýändigini aýtdy. Bu baýram berkarar Watanymyzda-da Milli bahar baýramy hökmünde her ýyl döwlet derejesinde dabaraly bellenip geçilýär. Sebäbi Nowruz baýramy milli medeniýetimiziň, mähriban halkymyzyň däp-dessurlarynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bu baýramyň eziz Diýarymyzda bagtyýar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň ählisini Milli bahar baýramy – Nowruz baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Polşanyň Täze Prezidenti Andrzež Duda Boldy

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach