20.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

RF Ýanwaryň Ahyrynda OPEC we OPEC Däl Döwletleriň Nebit Çykaryşyna Gözegçilik Boýunça Komitetiň Maslahatyny Geçirmegi Teklip Edýär

RF Ýanwaryň Ahyrynda OPEC we OPEC Däl Döwletleriň Nebit Çykaryşyna Gözegçilik Boýunça Komitetiň Maslahatyny Geçirmegi Teklip Edýär

Russiýa 2017-nji ýylyň ýanwarynyň ahyrynda OPEC we gurama degişli däl döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmeklige gözegçilik etmek boýunça komitetiň maslahatyny geçirmegi teklip edýär, diýip ТАСС RF-ip energetika ministri Aleksandr Nowaka salgylanyp habar berýär.

Nowak şeýle hem Russiýanyň içinde nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça iş toparynyň şu duşenbede maslahatyny geçirendigini habar berdi. iş toparyň düzümine Russiýada nebit çykarylyşynyň 90 göterimine gözegçilik edýän 12 sany kompaniýanyň wekilleri girýär.

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasynyň ýurtlarynda we bu gurama degişli däl döwletler nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky ylalaşyklaryň berjaý edilişine gözegçilik etmek üçin Kuweýtiň ýolbaşçylygynda ministrlik gözegçilik komiteti döredildi. Onuň düzümine şeýle hem Alžir, Wenesuela we OPEC-e agza däl ýene-de iki döwlet girýär. Azerbaýjanyň energetika ministri Natik Aliýewiň öň habar berşi ýaly, Wenada geçirilen gurama agza we agza däl döwletleriň nebit çykarylyşyny çäklendirmek boýunça kararlarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça topara Kuweýt we Russiýa ýolbaşçylyk eder. Komitetiň birinji mejlisini Kuweýtde geçirmek meýilleşdirilýärdi.

Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy we gurama degişli däl döwletler 2016-njy ýylyň 10-njy dekabrynda nebit çykarylyşyny bilelikde çäklendirmek barada ylalaşyga gol çekdiler. OPEC ýurtlary tarapyndan indiki ýylyň birinji ýarym ýyllygynda nebit çykarylyşyny günde 1,164 mln barrele çenli çäklendirmek baradaky karara, ýene-de 11 döwlet goşuldy. Şol döwletler hem nebit çykarylyşyny ýene günde 558 mln barrele çenli azaldarlar. Şeýlelik-de, nebitiň çykarylyşynyň jemi çäklendirmesi 1,7-1,8 mln barrele deň bolar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça resmi Beýanda OPEC gurama girmeýän döwletler boýunça nebit çykarylyşynyň ahyrky çäklendirmesi hökmünde günde 558 mln barrel möçberde kesgitledi.

RF önümçiligini 300 müň barrele çenli azaldar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň özleriniň beýan etmeklerine görä, Meksika – 100 müň barrel, Oman – 40 müň barrel, Azerbaýjan – 35 müň barrel, Gazagystan – 20 müň barrel möçberde azaldar. Ýene-de 63 müň barreliň çäklendirilmesi Sudanyň, Günorta Sudanyň, Malaýziýanyň, Ekwatorial Gwineýanyň, Bruneýiň we Bahreýniň arasynda bölüşiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Muzeýinde Watan Goragçylarynyň Gününe Bagyşlanyp Sergi Açyldy

Türkmen-Fransuz diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Aşgabatly Sungat Muşdaklarynyň Öňünde „Arar“ Dueti Çykyş Etdi

Daşary Işler Ministirliginde Türkiýäniň Ilçisi Bilen Duşuşyk

syrach