04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanda Niderlandlar Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ronald Ýakobus Petrus Mari wan Dartelden ynanç hatyny kabul etdi. 

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Türkmenistan dünýäniň beýleki döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ählumumy bähbitleriň hatyrasyna oňyn netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga işjeň ýardam edýär. 

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hususan-da, milli Liderimiziň başyny başlan, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady we kanunçylyk özgertmeleriniň amala aşyrylmagynyň barşy bilen tanyşdyryldy. Welaýatlaryň durmuş düzümini, hususan-da, obalarda döwrebap mekdepleri, sport desgalaryny, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we sagaldyş merkezleriniň gurulmagyna Türkmenistanda berilýän ähmiýetiň uludygy bellenildi. 

Ilçi şeýle hem milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Dürli ugurlarda iki ýurduň gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini bellemek bilen, jenap Ronald wan Dartel Türkmenistanda öz ýurdunyň doly ygtyýarly wekili hökmünde döwletara gatnaşyklaryny, şol sanda parlamentara derejesindäki gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmekçidigini aýtdy. 

Duşuşygyň ahyrynda Niderlandlaryň doly ygtyýarly wekili uly mümkinçiliklere eýe bolmak bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýakyn geljekde häzirki döwrüň ýagdaýlaryna we özara bähbitlere gabat gelýän giň gerimli hyzmatdaşlyga öwrüljekdigine ynam bildirdi. 

* * *


Şu gün Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ronald wan Dartel ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşykda döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahataşyldy. 

Ýakyn günlerde ilçi we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýeti Türkmenistanyň hökümetinde, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda duşuşyklary geçirerler.


Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda…

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Serhetçileriň Tälimlerini Gözden Geçirdi we Serhet Galasynyň Täze Toplumyny Açdy

syrach

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň Ilçisi Işe Başlady

syrach