24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň käbiriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

Iş maslahatynyň çäklerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslarynyň has-da pugtalanmagy boýunça wezipeleriň çözülmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habarlary diňledi. 

Maslahatyň barşynda alnyp barylýan işler barada Döwlet serhet gullugynyň başlygy A.Garaýew, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat bilen çykyş etdiler. Olar Milli Goşunyň gyşarnyksyz kämilleşdirilişi we pugtalandyrylyşy, harby gullukçylaryň okuw we harby taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hazar deňzinde ýurdumyzyň döwlet serhet gullugy bilen bilelikde üstünlikli geçirilen nobatdaky deňiz harby taktiki okuwlary ýokary hünär ussatlygynyň görkezijisine öwrüldi. 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen topragynda parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletde we jemgyýetde kanunçylygyň we hukuk düzgüniniň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýän Watanymyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminiň öňünde duran wezipeleriň örän möhümdigini ýene-de bir gezek nygtady. 

Şunda milli Liderimiz Türkmenistan Bitarap döwlet bolmak bilen, ýurdumyzyň Harby doktrinasyna laýyklykda döwlet serhetlerini goramakdan, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy saklamakdan başga maksada eýermeýär diýip nygtady. Şu sebäpli milli howpsuzlygyň esaslaryny berkitmek hem-de öz goşunynyň ýokary goranyş ukybyny saklamak boýunça toplumlaýyn maksatnamany mundan beýläk-de gyşarnyksyz amala aşyrmaga meýillidir diýip belledi. 

Iş maslahatynyň barşynda şeýle hem birnäçe beýleki meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Birdirdi

syrach

Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach