19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy.

Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şäherlerinde we obalarynda bu gün Döwlet baýdaklary aşak düşürildi—türkmen halky eziz Watanynyň azatlygy we garaşsyzlygy, milletiň namysy we mertebesi, onuň mukaddeslikleri ugrunda janyny gurban eden şöhratly gahrymanlarynyň ýadygärligini hatyralaýar. Ýurdumyzyň ähli metjitlerinde Gökdepe galasyny goran edermen gahrymanlaryň ruhuna bagyşlanyp, Beýik Biribardan doga-dilegler edilýär. Olaryň gahrymançylygy ähli türkmenistanlylar üçin egsilmejek erk-islegiň, hakyky watançylygyň we edermenligiň beýanyna öwürldi.

Hakyda—halkyň durmuşynyň esasyny düzýär, ol adamlaryň nesillerini birleşdirýär, durmuşyň many-mazmunyny baýlaşdyrýar. Ol geçmiş bilen galtaşyp, häzirki döwre guwanmaga we geljege ynamly garamaga mümkinçilik döredýär. Diňe öz taryhyny bilýän we ony hormatlaýan jemgyýetde beýik güýç bolup, ol milletiň watançylyk we döredijilik kuwwatyny bir ýere jemlemäge we amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmen halky tutuş taryhynyň dowamynda hem, eziz Watanymyzyň üstüne howp abanan döwürlerde jebisleşip, ene topragynyň azatlygynyň we garaşsyzlygynyň hatyrasyna özüni gurban etmegiň belent nusgalaryny dünýä görkezdi we ata Watanyny mertlerçe gorady.

Hut wepat bolan watandaşlarynyň hatyrasyna, ata-babalarynyň gaýduwsyzlygynyň we edermenliginiň hormatyna, оlaryň öňündäki belent ynsan we ahlak borjuna düşünmek bilen türkmenistanlylar her ýyl Hatyra gününi belleýär.

Türkmen halkynyň hasratyna we beýikligine beslenen şol mukaddes ýerler pajygaly wakalaryň hormatyna taryhy-medeni goraghana diýlip yglan edildi. Onuň çäginde rowaýata öwrülen galany goran adamlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýan belent Gökdepe ýadygärlik toplumy döredildi. Onuň binagärlik toplumyna girýän metjidiň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Milli muzeý türkmen halkynyň öz edermen ata-babalaryna çuňňur hoşallygynyň beýanyna, milletiň egsilmejek ruhy güýjüniň nyşanyna öwrüldi.

Seýrek gymmatlyklaryň 1300-den gowragy– taryhy baýlyklar, arhiw resminamalary we suratlar biziň taryhymynyň pajygaly sahypalarynyň biri hakynda gürrüň açyp, nesilleriň kalplarynda bitmejek ýara bolup seslenýär. Şol döwrüň taryhy wakalary hakynda gürrüň berýän ýazmaça subutnamalaryň ençemesinde daşary ýurtly şaýatlaryň uruş döwründe ýerli ilatyň arasynda dönüklik eden ýekeje adamyň hem bolmandygy barada gürrüňleri getirilýär.

Gahryman galany goranlar hakynda häzir tutuş dünýä bilýär. Olaryň edermenligi, tutanýerliligi we Watana bolan ägirt uly söýgüsi hakynda rowaýatlar aýdylyp, aýdymdyr sazlar döredildi, olaryň keşpleri sungat eserlerinde şekillendirildi.

Wagt şol hasratly ýyllary bizden näçe uzaklaşdyrdygyça, nesilleriň ýagty geljeginiň hatyrasyna öz şirin janlaryny gurban eden Watan gahrymanlarynyň edermenligine minnetdar nesilleriň bolan hoşallygyny şonça-da artdyrýar.

Şu gün Gökdepäniň ýadygärlik toplumyna girýän metjide ýygnanan adamlar deňsiz-taýsyz edermenligi bilen ene topragyny goran gahryman ogullarynyň we gyzlarynyň ýadygärligine bagyşlap aýat-dogalary okadylar. Ýatlama çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Galany goran gahrymanlara bagyşlanan binagärlik ýadygärligi we ruhy seždegäh hasaplanýan metjidiň öňündäki meýdançada hatyra çäresine gatnaşyjylar– hökümetiň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, din işgärleri we ýaşulular, Gökdepäniň we golaý obalaryň ýaşaýjylary ýygnandylar. Olar türkmen halkynyň gahryman ogullarynyň edermenliginiň öňünde baş egmek üçin bu ýere geldiler.

Metjide alyp barýan ýoluň ugrunda elleri baýdakly hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülip dur.

Milli Liderimizi ýurdumyzyň müftüsi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşiň başlygy, Gökdepe etrabynyň ymamy, hökümetiň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri garşylaýarlar.

Aýratyn hormat garawulynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra türkmen ýaşlarynyň wekili ata Watanymyza wepalylyk kasamyny, Milli Goşunyň esgerleriniň wekili bolsa ene topragymyzy wepaly goramak, halkymyza, ýurdumyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly gulluk etmek kasamyny ýerine ýetirýärler.

Metjidiň girelgesiniň öňünde gahrymançylykly geçmişiň wakalaryny we Gökdepe galasyny goranlaryň keşbini janlandyrýan teatrlaşdyrylan çykyş ýaýbaňlanýar. Ata-babalarymyzyň maksatlaryna wepaly bolmak, öz Watanyňy söýmek we gözüň göreji ýaly goramak barada döwürdeşlerimize çagyryşlar misli asyrlaryň jümmüşinden gelip ýeten ruhy wesýet bolup ýaňlandy. Sahna çykyşy ýaş nesle türkmen halkynyň gahrymançylykly we şöhratly däplerini miras goýmak bilen tamamlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň howlusyna girýär, bu ýerde Ahal welaýatynyň ýaşululary bilen söhbetdeşlikde olaryň iş-aladalary we gündelik durmuşy bilen gyzyklandy. Dili senaly gojalar hormatly Prezidentimize milletimizi ruhy taýdan galkyndyrmak syýasaty, ýaşuly nesle berilýän yzygiderli üns-alada, ýaşlary beýik watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlanan özgertmeler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Soňra döwlet Baştutanymyz we bu ýere ýygnanan adamlar doga-dileg etmek üçin metjide girýärler. Bu ýerde Gökdepe urşunyň şehitleriniň, şeýle hem eziz Watanymyzyň bagtly geljeginiň hatyrasyna ene toragymyzda azatlygy, parahatçylygy we abadançylygy gaýduwsyz goranlaryň ýagty ýadygärligine doga-dileg edilýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň müftüsi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşiň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeşlikde ýaşulularyň, din işgärleriniň ösüp gelýän nesli ata-babalarymyzyň belent ruhy-ahlak ýörelgelerine ygrarlylyk, türkmen halkynyň köpasyrlyk milli däp-dessurlaryna hormat goýmak, Watana çäksiz wepalylyk we söýgi ruhunda terbiýelemek işine goşandynyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen we belent ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemi bolup durýan ata-babalarymyzyň şol ruhy däpleri aýawly saklanmalydyr we biziň milletimize mahsus bolan ynsanperwerlik maksatlaryny artdyrmak üçin hakyky çelgiler hökmünde nesillerimize ýetirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde belent ynsanperwerlik ýörelgelerini kemala getirmek we ruhy taýdan has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet wezipelerini çözmekde din işgärleriniň uly goşandynyň bolup biljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň din işgärleri Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary bilen ýakynda geçirilen duşuşykda, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşlarynda ýurdumyzy we jemgyýetimizi has-da ösdürmek boýunça möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşantlaryny goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar, şeýle hem işlemek üçin döredilýän amatly şertler üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka berilýän ýere barýar.

Çärä gatnaşyjylar duz datmazdan öň, Gökdepe urşunyň şehitleriniň, şeýle hem ata Watanymyzyň azatlygy, mähriban halkymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna şirin janlaryny gaýgyrmadyk gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine Beýik Alladan doga-dileg etdiler.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bimahal aramyzdan giden adamlaryň ruhuna bagyşlanyp berlen sadakalaryň we okalan aýat-dogalaryň beýik Allanyň derhähinde kabul bolmagyny, türkmen topragynda bolsa hemişe parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň höküm sürmegini dileg edip, bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşdy we Gökdepeden ugrady.

Şu gün Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we obalarynda Hatyra güni mynasybetli sadakalar berildi we aýat-dogalar okaldy.

Goý, şu gün okalan aýat-dogalar we berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!


Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmenistanda Şwesiýanyň ilçisi işe başlady.

syrach

Türkmenistanyň Mejlisinde Duşuşyk

syrach