26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara Gol Çekdi

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler, ylymda, tehnikada, tehnologiýalarda ýetilen sepgitler bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2017-nji ýylyň 10-njy iýunyndan 10-njy sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilýän “EKSPO—2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ekspozisiýasynyň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem “EKSPO—2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşýan ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň sanawy tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, şeýle hem şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy, Milli maksatnamany amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamanyň we meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýew Ahal welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýram Gurbandurdyýewiç Annameredow Balkan welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Daşoguz welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow Lebap welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bäşimmyrat Hojamämmedow Mary welaýaty;

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Dädebaý Saparowiç Amangeldiýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildiler.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Bakjasynyň Soltanyny Sarpalap

syrach

Aşgabatda Mebel sergisi açyldy.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Premýer-Ministriniň Birinji Orunbasaryny Kabul Etdi