13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz howa ýollary ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda gurulýan täze Halkara howa menziliniň kiçi ýolagçy terminalynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ýokary depginler bilen ösýär we öňde barýan pudaklaryň hataryna goşuldy. “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen, ýurdumyzyň howa ýollary ulgamynyň işgärleri ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Şu gün ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky täze halkara howa menziliniň kiçi ýolagçy terminalynyň gurulýan ýerine geldi. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýolbaşçysy, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýat awiasiýasyny gyşarnyksyz ösdürmek we ulgamy döwrebaplaşdyrmak baradaky yzygiderli aladasy netijesinde häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda “Aşgabat şäherinde täze halkara howa menzilini gurmak hakyndaky” gol çeken Kararyna laýyklykda, häzirki döwürde Aşgabat şäherinde täze halkara howa menziliniň toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Degişli düzüm boýunça dünýä ülüňülerine doly laýyk gelýän Halkara howa menziliniň gurluşygy alnyp barylýan mahalynda Aşgabatda howa ugurlary boýunça gatnawlar wagtlaýynça kiçi ýolagçy terminaldan amala aşyrylar.

Bu ýerde ýolagçylara wagtlaýyn hyzmat etmäge niýetlenen howa menziliniň kiçi ýolagçy terminalynyň binasynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna täze gurluşykda bina edilýän desgalaryň taslamalary, çyzgylary görkezildi. Türkmen paýtagtynyň täze howa menzilinde gurulýan desgalaryň hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy hem-de ozal aýdan bellikleri we teklipleri esasynda işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow tanyşdyrdy. Bu ýerde goýlan taslamalaryň hatarynda üç sany terminallaryň – ýolagçy, VIP, ýük terminallarynyň, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň edara binasynyň taslamalary bar. Paýtagtymyzdaky täze ýolagçy kiçi terminaly bir sagatda 1600 ýolagçyny goýbermäge ukyply bolar.

Terminallarda Aşgabada gelýän we bu ýerde ýerli hem-de halkara ugurlary boýunça uçýan ýolagçylar üçin ähli amatly şertler dörediler. Garaşylýan we bellige alynýan bölümlerde zerur şertler üpjün ediler. Maglumat, sorag-jogap bölümi, petek otaglary, Internet-kafe, aragatnaşyk hyzmatlary, bankomatlar, restoranlar, dükanlar we beýlekiler sazlaşykly hereket eder.

Degişli migrasiýa, serhet we gümrük işlerini alyp barmak üçin gurnalan bölümler häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem bu ýerde ýükleri alynýan bölüm, beýleki degişli gulluklaryň otaglary hereket eder.

Şeýle hem toplumyň çäklerinde VIP binasy herket eder. Ol ýerde myhmanlary garşylamak, duşuşyklary, maslahatlary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

Toplumyň ýük terminalynda ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge we ugratmaga niýetlenen bölümiň, howa gämilerine ýangyç guýýan merkezleşdirilen bekediň, uçarlara we dikuçarlara tehnika taýdan hyzmat etmek üçin bölümleriň bardygyny bellemeli.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatda birnäçe bellikleri we teklipleri aýtdy. Paýtagtymyzdaky täze howa menziliniň iň häzirki zaman engjamlary bilen üpjün edilmelidini belläp, milli Liderimiz onuň ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Howa menziliniň binagärlik keşbi barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyz onda öňdebaryjy ýörelgeleriň, özboluşly çözgütleriň, innowasion tehnologiýalaryň we milli binagärlik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp, degişli düzedişleri girizip, döwlet Baştutanymyz olary, umuman, oňlady we taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistanyň baş “howa derwezesi” bolup durýan Aşgabat howa menziliniň sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag düzümi hökmündäki derejä eýe bolmalydygyny aýtdy. Munuň üçin bolsa taslamanyň her bir tapgyry oýlanyşykly işlenip taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Täze howa menziliniň binalar toplumynda ýolagçylar üçin doly amatlylygyň we hyzmatyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginiň baş wezipedigini bellemek bilen, bu ýerde işleýän hünärmenler üçin degişli şertleriň döredilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýerine ýetirýän halkara uçuş ugurlarynyň gerimi has-da giňeldi. Dürli ýurtlary we yklymlary öz içine almak bilen, bu howa ugurlary hakyky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk köprülerini emele getirdi. Döwlet Baştutanymyz wagtlaýyn kiçi ýolagçy terminalynyň Halkara howa menziliniň Logistik merkeze öwrülmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýükleri seljerýän, saklaýan we paýlaýan wezipeleri ýerine ýetirmek, howa gämileri arkaly getirilýän harytlaryň maglumat we hukuk ýollanmalaryny üpjün etmek, şeýle hem uçarlary abatlamak, olaryň bökdençsiz ulanylmagy bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek ýaly wezipeleri alyp barmaga niýetlenen Logistik merkeziň gurluşygyna aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze howa menzili toplumynyň ähli gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdelerine, ýerine ýetirilýän bezeg işleriniň aýratynlyklaryna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz binada netijeli iş alyp barmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady.

Terminalyň binasyndan çykyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Täze desgalar toplumynyň, hususan-da, onuň sütünleriniň binagärlik aýratynlygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz olarda öňdebaryjy bezeg işläp taýýarlamalarynyň we oňyn tehniki çözgütleriň milli binagärlik ýörelgeleri bilen bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz täze howa menzilinde bu ýere gelýän we gidýän ýolagçylar üçn ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer S.Satlykowa bu ýerde bar bolan ýol-ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak maksady bilen degişli çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz bu ýerde bölüji ulag ýollaryny, elektrik we suw geçirijiler ulgamyny, lagym ulgamyny we beýleki degişli desgalary öz wagtynda we ýokary hilli gurmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, täze halkara howa menziliniň gurluşygy bilen baglanyşykly işleri utgaşdyrmak boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Täze Halkara howa menziliniň gurluşygy baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň guramaçylyk tarapy bilen baglanyşykly meseleleri, hilini, tehnikalaryň, gurluşyk serişdeleriniň we enjamlaryň bökdençsiz üpjünçiligni, toplumyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň, şäher düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň meselelerine ünsi çekdi. Adamlaryň durmuşy, döredijilikli zähmeti, oňaýly dynç alşy üçin has amatly şertleriň üpjün edilmegi babatdaky meselä her bir taslama işlenip taýýarlanylanda we durmuşa geçirilende örän oýlanyşykly çemeleşmelidigini, şeýle hem arassaçylyk kadalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmelidigini belledi. Bu babatda milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkiminiň işine nägilelik bildirdi we oňa bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara howa menziliniň gurluşygynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara işlerinde we öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy we bu ýerden ugrady.

Degişli makalalar

Owganystandan uly nebit ýatagy tapyldy.

syrach

Tahyr Ataýewiň Orkestri Rok Sazlaryny Ýerine Ýetirdi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

syrach