16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Uly özgerişlikleriň badalgasy.

Türkmenbaşy adyndaky Halkara deňiz portunda gämi gatnawlaryň we ýük geçirmeleriň halkara standartlaryny üpjün etmage mümkinçilik döretjek kenarýaka desgalaryň düýpli abatlaýyş işlerine başlamaklyga taýýarlyk görülýär.



Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynyň buýurmasy esasynda ýurdumyzyň „Galkan“ gurluşyk kompaniýasy bu ýerde köpugurly desganyň gurluşygyny amala aşyrar. Bu desganyň gurluşygy – 2012-2020-nji ýyllar aralygynda Türkmenbaşy adyndaky Halkara deňiz portuny tutuşlaýyň kämilleşdirmekligiň innawasion taslamalaryny durmuşa geçirmekde ilkinji ädimleridir.



Kärhanany ösdürmegiň Baş meýilnamasynyň çäklerinde geljekde heläkçiliklerden halas ediş bazasyny, logistiki merkezini döretmeklik, nebit terminallarynyň durkuny täzelemek, şeýle-de gämi abatlaýyş-gurluşyk zawodynyň, täze gämi duralgalarynyň, gämilere durmak üçin gurlan damba gornüşli port desgalarynyň we şol sanda konteýner we gury ýük gämileri üçin ýarym kilometrlik duralga diwaryny gurmaklyk göz öňünde tutulýar. Gämileriň ýükleýiş işlerini gurnamak we urganlamak üçin gözegçilik diňi we porta wajyp başga-da desgalar gurlar.



Iri möçberli meýilnamalaryň maksady Hazar deňziniň türkmen kenarynda inowwasion tehnologiýalar esasynda işleýän , daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen girdeýjili işlemäge ukyply kuwwatly söwda floty bolan häzirki zaman geçirip ýüklenýän ulgamyny döretmekden ybaratdyr.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam Karimowa Gutlag Hatyny Iberdi

syrach

Ulag ýollary hakynda.

syrach

Hazarýaka Döwletleriniň Prezidentleri Astanada, DIM-leriniň Ýolbaşçylary Aşgabatda Ýygnanyşarlar