27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedow Abadan barada mejlis geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Abadan şäheriniň etegindäki ammarlarda saklanan pirotehniki serişdeleriň ot almagy bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlaryň döreden zyýanyny aradan aýyrmak boýunça hökümet toparynyň mejlisi geçirildi.

Ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, hökümet toparynyň başlygy Ý.Berdiýewiň, toparyň agzalarynyň, Abadan şäherinden deputat saýlanan Mejlisiň başlygynyň beren hasabatlarynda zyýan ýeten binalary abatlamak, wakanyň bolup geçen ýeriniň çägini arassalamak we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi.

Şeýle hem hasabatlarda bolup geçen wakanyň sebäpleri we bu işe günäkär adamlary ýüze çykarmak boýunça barlag işleriniň alnyp barlyşy barada aýdyldy. Hususan-da, dörän adatdan daşary ýagdaýyň netijesinde iki sany harby gullukçy we 13 raýat heläk boldy, ýaşaýyş jaýlaryna we beýleki desgalara zyýan ýeten ýepleri bar.

Hökümet toparynyň geçiren barlaglarynyň barşynda ýangynyň soňky günlerde howanyň gyzmagy netijesinde emele gelendigi belli boldy. Yssy howa pirotehniki serişdeleriň hatardan çykmagyna we olaryň giň aralyga atylyp düşmegine getirdi. Şeýlelikde olaryň käbiri Sowet Soýuzy döwründen galan we hasapdan öçürilmeli därileriň saklanýan harby ammara hem düşüpdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň başynda adatdan daşary ýagdaý zerarly heläk bolan we ejir çeken maşgalalaryň hossarlaryna hem-de ýakynlaryna özüniň çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle hem döwlet Baştutany ähli ejir çeken maşgalalara maddy we beýleki kömekleriň berilýändigini aýtdy. Abadanda we onuň çäginde dikeldiş toparlary işleýär, şäheriň we onuň ýakynyndaky obalaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlary sazlaşykly işleýär, şikes ýeten desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda abatlaýyş-dikeldiş işleri alnyp barylýar, penjireleriň aýnalary täzelenýär, ilata durmuş goldawy berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe berk käýinç berdi we onuň harby derejesini polkownige çenli peseltdi, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary—Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň başlygy M.Agaýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutany bu adatdan daşary ýagdaýyň döremegine dahylly ähli beýleki adamlary jogapkärçilige çekmegi we olaryň harby derejesini– Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan boşatmak derejesine çenli peseltmegi we adatdan daşary ýagdaýyň döremeginde günäkärlik derejesine baglylykda olary harby kazyýete çekmegi degişli ýolbaşçylardan talap etdi.

Şeýle hem milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna, Ahal welaýatynyň häkimine köne Abadan şäheriniň ýerinde täze, häzirki zaman şäher gurluşyk talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap şäheri gurmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň häzirki ykdysady kuwwaty ýurdumyzyň ilatynyň abadançylygy bilen baglanyşykly islendik wezipäni üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär, hususan-da, ejir çekenleriň hemmesine zerur kömek berler diýlip belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Abadan şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmagy tizleşdirmäge degişli berlen tabşyryklary anyklaşdyrmak bilen şäherdäki köne jaýlaryň aýrylmalydygyny, boş ýerlerde baglaryň we gülleriň ekilmelidigini, döwrebap suw çüwdürimleriniň guralmalydygyny we şäheriň çäginiň dolulygyna abadanlaşdyrylmalydygyny nygtady.

Bu şäherde binalaryň we desgalaryň gurlanyna köp ýyllar geçdi. Şu bolup geçen ýagdaý zerarly jaýlara şikes ýetmedigem bolsa, ol binalar häzirki döwrüň ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyk gelmeýär, hut şonuň üçinem biz bu ýerde täze şäheri gurarys diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we täze Abadan şäheriniň gurluşygy üçin zerur bolan serişdeleri goýberersi diýip aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hökümet toparyna zerur bolan ähli degişli işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, şu günki mejlisi tamamlady.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Baýramçylyk desterhanyna sowgat,,,,,,,

syrach

Gazy gaýtadan işleýän zawodyň we elektrik stansiýasynyň açylyşy boldy.

syrach

Bilim Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlyk: Däpler we Täzelikler

turkmenhabargullugy