22.9 C
Aşkabat
14.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Moskwada Geçiriljek Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşar

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara gatnaşar.

Bu giň gerimli çäräniň many-mazmuny urşa ýol bermezlik we parahatçylykly ýaşamak hakynda dünýä halklaryna gönükdirilen çagyrylyş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde halkara bileleşigine hemmetaraplaýyn ýardam etmek baradaky syýasaty bilen sazlaşýar.

Bu syýasatyň baş maksady howpsuzlygyň dünýä ulgamyny saklamak we berkitmek, dawalaryň döremeginiň öňüni almak we howpy gowşatmak, döwletleriň we halklaryň durnukly ösmegi, netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklar üçin şertleri üpjün etmek bolup durýar. 

Hut şu ýörelgeler 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Rezolýusiýasynda berkidilen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesinde öz beýanyny tapdy. Onuň 20 ýyllygynyň hormatyna şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.

Degişli makalalar

Skaýranning Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryşda Ýeňijiler Belli Boldy

Maslahata Gatnaşyjylar Halkara Sport Kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň Resminamasy Hökmünde Ähmiýetini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň bitaraplygy.

syrach