16.9 C
Aşkabat
29.04.2024
SPORT

Aziýanyň Çempionatynyň Öňüsyrasynda

Şu gün «Galkynyş» sport toplumynda Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, köpugurly söweş boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň final duşuşyklary geçirildi. Ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 200-den gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda ýer eýeleri – paýtagtymyzyň türgenleri ýokary ussatlyk görkezip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler.

Sport baradaky Döwlet komiteti we «hanmudo» söweş sungatynyň Milli merkezi tarapynda guralan bu ýaryş köpugurly söweş boýunça iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Hojant şäherinde (Täjigistan) geçiriljek Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görmegiň iň soňky tapgyrlarynyň biri boldy. Munuň özi köpugurly sport toplumynyň meýdançalarynda göreşiň örän çekeleşikli bolmagyny şertlendirdi. 

Söweş sungatynyň bu görnüşi türkmenistanyň ýaş nesliniň arasynda aýratyn meşhurlyga eýedigi bilen tapawutlanýar. Köpugurly söweş boýunça ýaryşlar örän gyzykly geçýär we şoňa görä-de, her bir bäsleşige türgenleriň köpsanlysy gatnaşýar. Bu ýaryşlaryň tomaşaçysy hem ýetik bolýar. 

Bu söweş sungatynyň aýratynlygy onuň köpugurlydygyndan ybaratdyr. Sportuň bu görnüşiniň kadalarynda çäklendirmeler ýok diýen ýaly: bäsdeşler elleri we aýaklary bilen urgulary ýerine ýetirmekden başga-da, beýleki çylşyrymly emelleri ýerine ýetirip bilýärler. Şeýlelikde, köpugurly söweş boýunça ýaryşlara başa-baş söweşiň islendik görnüşiniň wekili gatnaşyp biler. 

Ýurdumyzyň şu çempionaty hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Onda birnäçe ugurlaryň — kýokuşinkaý, adaty karate we beýleki ugurlaryň wekilleri medallar ugrunda göreşdiler. Ýaryşa gatnaşanlar birnäçe ýetginjekler toparlarynda we ulularyň arasynda bäsleşdiler. Jemi medallaryň 27 toplumy ugrunda göreşildi. 

Aşgabatlylar uly artykmaçlyk gazanyp, netijede altyn medallaryň 15-sine mynasyp boldular: Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakow, şeýle hem tälimçiler Şöhrat Allaýewiň, Rustam Kurraýewiň we Wardan Petrosýanyň şägirtleri hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna galdylar. 

Umumy toparlaýyn bäsleşikde marylylar ikinji ýeri eýelediler. Nagmat Hojamämmedowyň şägirtleri altyn medallaryň 7-sine mynasyp boldular. Üçünji orny bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň toparlarynyň wekilleri paýlaşdylar. Olaryň her biri 2 ýeňiş gazanmagy başardy. Lebap welaýatynyň ýygyndysy bolsa bir altyn medala mynasyp boldy. 

Aziýanyň çempionatynyň öňüsyrasynda köpugurly söweşiň ussatlary milli derejedäki ýene-de bir ýaryşda — hapkido koreý söweş sungaty boýunça Türkmenistanyň çempionatynda güýç synanyşarlar. Bu ýaryş 13-16-njy maý aralygynda Aşgabatda geçiriler.  

Degişli makalalar

“CNPC” Kompaniýasynyň Resmi Hyzmatdaşlygy Yglan Edildi

Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler

turkmenhabargullugy

Duşak dagyna çalt çykmak boýunça bäsleşik geçirildi.

syrach