01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Owganystan Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda bolup geçen köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren dagdan gar harsaňlarynyň süýşmegi zerarly Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Muhammad Aşraf Ganä gynanç hatyny iberdi. 

Tutuş owgan halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etmek bilen, döwlet Baştutanymyz gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Sapary Bilen Koreýa Respublikasyna Bardy

syrach

Türkmenistanyň Demirýolçulary Güni

syrach

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar