05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Serhetçileriň Tälimlerini Gözden Geçirdi we Serhet Galasynyň Täze Toplumyny Açdy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli goşunymyzyň harby bölümlerini söweşjeň taýýarlyk derejesine getirip, görkezme söweş-taktiki tälim beriş hereketlerini geçirmek barada beren Buýrugyna laýyklykda, söweş-taktiki tälim beriş çäreleri dowam edýär.

Biziň döwletimiz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, aýratyn goranyş häsiýetine eýe bolan Harba doktrinasyna doly ygrarlylygyny görkezýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan harby özgertmeler netijesinde Türkmenistanyň goranyş ukyplylygyny berkitmek, halkymyzyň asuda, bagtly we döredijilikli durmuşynyň ygtybarly kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär. Milli goşunymyzy täze harby tehnikalary we ýaraglaryň beýleki görnüşleri bilen yzygiderli üpjün etmek, ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweş taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Mälim bolşy ýaly, 30-njy martda hormatly Prezidentimiz görkezme söweş-taktiki tälimleri gözden geçirmek maksady bilen tälim öwreniş meýdanlarynyň birine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz  döwrebap harby we ýörite tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy hem-de goşunyň dürli kysymlarynyň hereketlerini synlady, şol sanda göni wideo aragatnaşyk arkaly beýleki tälim öwreniş meýdanlarynyň çäklerinde hereketlerini synlady. 

Şeýlelikde, şu günler ýurdumyzyň ähli tälim öwreniş meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan harby-taktiki hereketler  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň söweş taýýarlygynyň, Watan goragçylarynyň hünär başarjaňlygynyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi. Olar öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip,  ata Watanymyzyň asudalygynda eserdeň durýarlar.

31-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy  goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň bölümleriniň hereketlerini gözden geçirmek maksady bilen, serhetçileriň harby-taktiki tälimleriniň ýaýbaňlandyrylan ýerine bardy.  

Bellenilen serhet galasyna gitmek üçin döwlet Baştutanymyz milli  howpsuzlyk institutynyň dikuçar meýdançasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, häzirki döwürde institutda bilim-terbiýe alýan harby talyplaryň bu ugra degişli ähli hünärlerden ýokary derejede baş çykarmaklary we öňde durýan wezipelere abraý bilen hötde gelmekleri ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy. 

Milli Liderimiz ýaşlara bilim-terbiýe bermek bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, bu institutda bilim-terbiýeçilik işleriniň we okuw-usulyýet çäreleriniň alnyp barlyşynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belläp, bu babatda institutyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi. 

Ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, harby talyplaryň  ähli hünärlerden baş çykarmaklary, şeýle hem häzirki zamanyň dürli tehnikalaryna we enjamlaryna ussatlyk bilen erk edip bilmekleri bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz dikuçara münüp, Sarahs serhet birikmesine  tarap ugur aldy. 

Biraz wagtdan dikuçar “Çilkeman” serhet galasynyň çäginde gondy, bu ýerde  milli Liderimizi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. 

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy  goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň  Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew hasabat berdi.  Ol Sarahs serhet galasynyň harby gullukçylarynyň  söweşjeň ussatlygyny ýokarlandyrmak maksadynda  kesgitlenen meýilnama laýyklykda geçirilýän tälim beriş çäreleriniň dowam edýändigi hakynda, şeýle hem serhet galasynyň täze gurlan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna görlen taýýarlyk barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, serhet galanyň şahsy düzümini we bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň  Sarahs serhet birikmesiniň  “Çilkeman” galasynyň täze gurlan binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady. 

“Serhet owazlary” aýdym-saz topary öz joşgunly çykyşynda häzirki döwri we onuň beýik işlerini wasp edýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçiren söhbetdeşliginde  bu ýeriniň Çilkeman diýen adynyň gelip çykyşy barada taryhy maglumaty getirdi. Bu söz “Çil-kyrk”, “Keman-ýaý” diýen manyda bolup, “kyrk ýaý” ýa-da “kyrk peýkam” diýlip düşündirilýär. 

Şol maglumatlara görä, Muhammet Togrulbeg, Çagrybeg 1000-1050-nji ýyllar aralygynda Mäne babadan döwlet tutmak we ýeňiş gazanmak üçin pata alýarlar. Olara  duşmanlardan goranmak üçin 40 sany /keman/ ýaý atýan mergenleri galada goýup gidýär. Duşmanlar çozýar, 40 mergen kyrk ýerden olary atyp, gala goýbermeýär. Duşmanlar galadakylar bilen gepleşik geçirýär. “Kyrk mergeniňizi maňa ber. Men siziň we mergenleriňiziň başyny aman goýjak” diýýär. Galanyň ýaşaýjylary maslahat edýärler. Halk gyrylandan kyrk mergenimizi bereli diýip, netijä gelýärler hem-de mergenleriň özlerine maslahat salyp, keman atýan barmaklaryny çapýarlar. Şol pursat Mäne baba gala dolanyp gelýär we ýany bilen ýag alyp gelýär. Olar şol ýagy gyzdyryp, mergenleriň çapylan barmaklaryny daglaýarlar. Şeýdip, kyrk mergeniň we halkyň başyny aman alyp galýarlar.  

Hormatly Prezidentimiz bu taryhy maglumaty mysal getirmek bilen, gadymy döwürlerde biziň parahatçylyk söýüjilikli halkymyzyň ene topragyny duşmanlardan goramak üçin eline ýarag almaga mejbur bolanda türkmeniň şöhratly ogullary eziz Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda şirin janlaryndan geçip, gara başlaryny orta goýmaga taýýar bolandyklaryny belledi. Watany jandan söýmegiň şonuň ýaly  belent nusgasy nesilden-nesle geçirilip dowam edipdir, hakyky watançylar kemala gelipdir. Bu baradaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz Watan goragçylaryny hakyky watançylyk duýgusynda we gahrymançylygyň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň nusgalaryny miras galdyran  şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerinde terbiýelemegiň  möhümdigini belledi.    

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  serhet galasynyň baş girelgesine barýar. Şol wagt Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň  “Serhet owazlary” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde “Belent Serkerdebaşa şöhrat!” diýen aýdym ýaňlanýar.

Döwlet Baştutanymyz çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesýär hem-de “Çilkeman” serhet galasynyň täze gurlan binalar toplumyny açýar. Soňra milli Liderimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin gurlan jaýlar hem-de bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşmaga başlaýar. 

“Çilkeman” serhet galasynyň täze gurlan döwrebap binalar toplumy hormatly Prezidentimiziň başyny başlan, döwlet Garaşsyzlygynyň we howpsuzlygynyň sütünlerini berkitmäge, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini we degişli düzümi hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen harby özgertmeleriniň  üstünlikli amala aşyrylmagynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Şunda milli Liderimiz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna hem-de  sebitde asudalygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarlydygyny belleýär. 

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen, toplumyň aragatnaşyk otagyna bardy. Bu ýerde gulluk edýän serhetçi otagyň enjamlaşdyrylyşy, onda oturdylan döwrebap aragatnaşyk  serişdeleri hem-de enjamlaryň tehniki häsiýetli aýratynlyklary barada gürrüň berdi. 

Serhetçileriň ygtyýarynda bolan täze aragatnaşyk serişdeleri Döwlet serhediniň goralýan böleginde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga we onuň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galalarynda häzirki zaman tehniki mümkinçilikleriň döredilmegi, galalaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, serhetçileriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy we serhetçileriň üstünlikli gulluk etmeklerini arzuw etdi. 

Serhetçiler döredilýän mümkinçilikler, ýokary derejeli şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly möhüm wezipä abraý bilen hötde gelmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçileriň ýatak jaýlaryna baryp gördi. Bu ýerde esgerleriň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi.  Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz serhetçileriň durmuş we olaryň ähli zerur serişdeler bilen üpjünçiligi babatda yzygiderli alada edilmegi barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Serhetçileriň ýatak jaýlaryndaky durmuşda ulanylýan  zatlaryň ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren önümleri bolup durýandygy bellärliklidir. Harby gullukçylaryň göwnejaý dynç almagy üçin amatly şertleri  üpjün etmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ugurda geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galasynyň beýleki gulluk we durmuş ähmiýetli otaglary bilen hem  tanyşdy. Olarda döredilen şertleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýändigini bellemek gerek. Durmuş hyzmaty otaglarynyň degişli enjamlar bilen üpjün  edilmegi bellärliklidir, harby gullukçylaryň ygtyýarynda baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem bar. Umuman, serhet galasynyň täze binalar toplumynda serhetçileriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, edebiýat, çeper döredijilik bilen gyzyklanmaklary üçin zerur bolan mümkinçilikler üpjün edilipdir.  

Soňra hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň “Galkynyş” otagyna baryp gördi, bu ýerde milli Liderimiz serhetçileri serhet galasynyň täze gurlan binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.

Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy, şeýle hem “Çilkeman” serhet galasynyň ýolbaşçysyna serhetçiler üçin niýetlenen täze awtoulagyň açaryny gowşurdy.  

Ýeri gelende aýtsak, toplumda serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary bina edilipdir. Olarda döwrebap ýaşaýyş we dynç alyş üçin ähli zerur şertler döredilipdir. 

Şeýle hem serhet galanyň çäklerinde serhet itleriniň saklanýan we olara tälim berilýän ýöriteleşdirilen ýerleri bolup, olarda serhet itlerine degişli tälim bermek we idetmek işleri alnyp barylýar. Serhetçileriň wepaly ýoldaşy hem-de kömekçisi hasaplanýan itler serhetçiler üçin aňrybaş zerurlyk bolup durýar. 

Mundan başga-da, bu ýerde serhetde gulluk etmäge niýetlenen bedewler saklanýar. Serhet atlary galanyň çäginde barmasy kyn bolan ýerlerde netijeli peýdalanylýar. Şunuň bilen baglylykda, atlara edilýän ideg, olary seýislemek işleri degişli derejede alnyp barylýar. 

Döwlet Baştutanymyz serhetçileriň mukaddes çäkleri goramakda duş gelýän çylşyrymly ýagdaýlar we olary özleşdirmegiň usullary boýunça ýörite türgenleşik pursatlaryny synlady. Ýöriteleşdirilen meýdanda şertli serhet çäkleri çekilip, ony bozmaga edilýän synanyşyklaryň çylşyrymly görnüşlerini, şeýle ýagdaýyň öňüni almagyň usullaryny öwrenýän serhetçiler öňde goýlan wezipeleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. 

Milli Liderimiz serhetçiler bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly hormatly hem-de örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýändiklerini aýdyp, olaryň bu wezipeleri üstünlikli  ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň mukaddes çäkleri elmydama dostluk serhedi bolmalydyr, bu ýerde gulluk edýänleriň bolsa Watana  gulluk etmek ýaly mukaddes borja wepaly bolmalydyklaryny belläp, olara üstünlik arzuw etdi. 

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda serhetçileriň  söweşjeň türgenleşik geçýän ýerine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzümlerinde bar bolan täze harby tehnikalar hatara goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz serhet galasynyň ygtyýaryna gelip gowşan dürli tehnikalaryň häsiýetli aýratynlyklary, olary ulanmagyň tertibi hem-de ähmiýeti bilen gyzyklandy. 

Bu ýerde serhetçiler dürli görnüşli söweşjeň tehnikalara, ýaraglara  ussatlyk bilen erk edýärler. Olar nyşana ok atmagyň usullaryny kämilleşdirýärler. 

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň ussatlyk derejesine baha berip,  bu ýerde ulanylýan söweşjeň ýaraglary synlady hem-de serhetçileriň türgenleşikleriň barşynda taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berip, şunda düýpli we jogapkärli çemeleşmäniň zerurdygyny belledi.  

Döwlet Baştutanymyz ok atmagyň aýratynlyklary, onuň usullary barada aýtmak bilen, nyşana ok atanyňda öňi bilen ýeliň ugruny, onuň tizligini bilmegiň hökmandygyny aýtdy. Çünki ýeliň atylýan okuň nyşana dogry degmeginde belli dereje täsiri bardyr. 

Hormatly Prezidentimiz bellenilen nyşana birnäçe gezek ok atyp, nyşananyň merkezi nokadyna degmegi başardy hem-de söweşjeň ýaraglara erk etmekde nusgalyk görelde boldy. Arhiw maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllarynda, ýagny 1973-nji ýylda tüpeňden ok atmak boýuça Türkmenistanyň çempiony bolýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň dürli düzümlerine guraýan iş saparlarynda ok atyp, bu ugurdaky ussatlygyny birnäçe gezek mälim edipdi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçileriň okuw tälimlerine üns bilen syn etdi. Eziz Watanymyzyň mukaddes çäklerini goraýjylar degişli söweşe ýakyn bolan  ýagdaýlarda zerur bolan endikleri özleşdirmek boýunça tälimleri yzygiderli geçirýärler. Munuň özi harby gullukçylaryň  ussatlygyny ýokarlandyrmaga, harby goşunlaryň bölümleriniň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge ýradam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimiziň atan oklarynyň dürs ýerine ýetirilendigini görkezýän nyşana şu günki şanly wakalardan ýadygärlik hökmünde gol goýup bermegini milli Liderimizden haýyş etdi. Munuň özi serhetçiler üçin ussatlygyň görelde mekdebidir. Döwlet Baştutanymyz nyşana öz goluny goýup, serhetçilere gulluklarynda üstünlik arzuw etdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz meýdan aşhanasynyň  üpjünçiligi, bu ýerde işleýän aşpezleriň zähmet şertleri, harby gullukçylar üçin ýörite taýýarlanýan tagamlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Aşpezler  meýdan şertlerinde taýýarlanýan tagamlar barada gürrüň berdiler. Olar bu ýerde  göwnejaý gulluk etmek we aşhananyň degişli derejede işlemegi üçin zerur bolan şertleriň göz öňünde tutulandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize özleri barada edilýän alada üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler. 

Şol pursatda serhetçi esgerler günortanlyk nahara çykdylar. Döwlet Baştutanymyz hem meýdan aşhanasynyň naharyny alyp,  serhetçiler bilen bilelikde naharlandy. Hormatly Prezidentimiz nahar başynda serhetçileriň gullugy, höwes edýän ugurlary, hünär derejeleri bilen gyzyklandy. Serhetçiler saýlap alan hünäri, gullugy, höwes edýän ugurlary barada gürrüň berdiler.

Şeýle hem serhetçiler döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Döwlet guşy” romanyndan parçalary okap berdiler. Serhetde gulluk edýän esgerler boş wagtlary çeper döredijilik, aýdym-saz bilen meşgullanýandyklaryny aýdyp, öz döreden goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler, saz çaldylar.  Serhetçileriň biriniň öz döreden “Arkadag” atly goşgusy has-da täsirli boldy. 

Hormatly Prezidentimiz hatarçy serhetçileriň höwes edýän hünärleri bilen gyzyklanyp, olaryň mukaddes gulluk borçlaryny abraý bilen tamamlap, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi. 

Milli Liderimiz harby borja wepaly bolmagyň örän sogap işdigini belläp, serhetçileriň Watanymyzyň mukaddes çäklerini goramak ýaly hormatly wezipäni ýerine ýetirýändiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Watanyň  maşgaladan başlanýandygyny belläp, ene-ata hormat goýmagyň, maşgalada agzybirligiň, bitewüligiň üpjün edilmeginiň örän hormatly wezipedigini nygtady. 

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz esgerleriň gullugy abraý bilen tamamlap, öýlerine sag-aman dolanyp barmagyny, saýlap alan hünärleri boýunça netijeli işlemegi arzuw etdi. 

Serhetçiler ýokary derejeli gulluk etmek we göwnejaý dynç almak üçin ähli şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize  hoşallyk sözlerini aýdyp, öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipä abraý bilen hötde geljekdiklerine Belent Serkerdebaşymyzy ynandyrdylar. 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow esgerleri we serkerdeleri serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady we olara gullukda uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

Degişli makalalar

Prezidentimiz Hindistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

syrach

Eýran Yslam Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Harby Gullukçylaryna we Işgärlerine

syrach