23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ösdürmekde öňde duran belent wezipeleri amala aşyrmak ugrunda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Güneşli Diýarymyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär. Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hem köp işler ýerine ýetirilýär. Bu ugurda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob Geb.Şraýnere, Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Ýožef Gýula Nýeke.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli.

***

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde, döwlet hem-de jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň ordeni we medallary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowy;

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik bölüminiň weterinar lukmany Hojamyrat Çaryýewiç Ýunusowy;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň baş weterinar lukmany Orazdurdy Annakowy,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ses operatory Annabaýram Hojalyýewiç Paýaýewi,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň At hassahanasy bölüminiň weterinar lukmany Annadurdy Garryýewiç Annadurdyýewi,

Türkmenistanyň döwlet sirkiniň baş direktory Annamuhammet Ilamanowy,

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň Atçylyk we türkmen sportunyň taryhy bölüminiň jogapkär kätibi Narly Jumaýewiç Nuryýewi,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk kafedrasynyň müdiri Saparmyrat Geldiýewiç Annamuhammedowy,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri Myrat Kakaýewiç Rejepgulyýewi;

Ýurdumyzyň şu raýatyna «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi – topar ýolbaşçysy Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli.

***

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda

Ata Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemmetaraplaýyn uly üstünlikleri gazanýar. Garaşsyz döwletimizde atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak, gadymdan gelýän nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny we atçylygy ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň baş sanyny artdyrmakda, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamak hem-de ýokarlandyrmak işinde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de hünär ussatlygyny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň seýsi Amanmyrat Döwletmyradowiç Muhammedowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Atly sport we marafon bölüminiň seýis-tälimçisi Ezberguly Orazkulyýewiç Babalyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Atly sport we marafon bölüminiň türgençisi Annadurdy Sapargeldiýewiç Ballyýewi,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň atbakary Halmyrat Nurlyýewiç Nurmyradowy,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň atbakary Amannazar Allaberdiýewiç Musaýewi,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atçylyk bölüminiň atbakary Ýeňişmyrat Gurbanmyradowiç Nazarmyradowy,

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akguýy geňeşliginden hususy atşynas, seýis Amangeldi Maýjanowy,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Daşlyk geňeşliginden hususy atşynas, seýis Jumakul Hanowiç Şukurowy,

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Awçy» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, seýis Musa Isaýewiç Nuryýewi,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginden hususy atşynas, seýis Yhlas Hojageldiýewiç Potraýewi;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary Sähetmyrat Kazakowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Önümçilik atçylyk bölüminiň uly atbakary Mämmetmyrat Amangulyýewiç Gazakowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň Seýisçilik bölüminiň seýsi Toýly Jumaýewiç Pirmyradowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atçylyk bölüminiň seýsi Hojamberdi Öwezowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň Atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis-tälimçisi Gurbangeldi Seýitnazarowiç Seýidowa,

Aşgabat şäherinden hususy atşynas, seýis Goçmyrat Ýazgeldiýewiç Durdymyradowa,

Aşgabat şäherinden hususy atşynas, seýis Merdan Annaýewiç Gurbangulyýewe,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Abadan» daýhan birleşiginiň atçylyk fermasynyň kärendeçisi, seýis Mergen Halmyradowiç Baýramowa,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas, seýis Annamuhammet Şaberdiýewiç Agahanowa,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň pensiýa paýlaýjy gaznaçysy, seýis Halykberdi Ýagmyrowa,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, seýis Taçmurad Dowulbaýewe,

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, seýis Aganýaz Durdyýewiç Myradowa,

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň seýsi Agajan Taňrykulyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli 2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde halypa çapyksuwarlaryň arasynda Lebap atçylyk sport toplumynda geçiriljek at çapyşygynyň ýeňijisini hem-de 2020-nji ýylyň 25-nji aprelinde geçiriljek «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisini degişli baýraklar bilen sylaglamak bellenildi.

Degişli makalalar

Daşoguz Welaýaty: Tut Agaçlarynyň Meýdany Giňeldilýär we Döwrebap Oba Mekdebi Gurulýar

Hormatly Dokmaçylar!

syrach

Statistika Boýunça Pudagara Geňeşiň Mejlisi

syrach