23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşyna, şeýle hem möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän köpçülikleýin çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, oňa ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýyladyşhanalarda dürli görnüşli gök we bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişi bilen baglanyşykly işler, gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzda geçiriljek ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri we Halkara zenanlar güni mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler hakynda habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekip, olaryň döwrüň talabyna we bellenilen agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýyladyşhanalarynda dürli görnüşli gök we bakja ekinleriniň öndürilişiniň pesdigine, şeýle hem täze ýyladyşhanalary gurmak işleriniň haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmagy häkimden talap etdi. 

Daýhanlaryň durmuşynda möhüm hasaplanýan gowaça ekişine taýýarlyk görmek işlerine örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu işler bilen bir hatarda 19-njy martda geçiriljek köpçülikleýin ýowaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew iş maslahatynyň barşynda häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, ýerleri we tehnikalary ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde bar bolan ýyladyşhanalarda dürli görnüşleri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek, ýyladyşhanalaryň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Mundan başga-da, häkim ählihalk ýowaryna, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli guraljak medeni çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanalarynyň önümçilik derejesiniň pesdigini belläp, bu işleri ýokarlandyrmak hem-de ýyladyşhanalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň obasenagat toplumynda möhüm möwsümiň gelendigini, bu işlere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek, Halkara zenanlar güni mynasybetli medeni çäreleri ýokary derejede guramak işleriniň möhümdigini belläp, olaryň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy, köpçülikleýin dabaralaryň belent ruha beslenmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny, ýerleri we beýleki zerur serişdeleri ekiş möwsümine taýýarlamak bilen bagly geçirilýän işler barada aýtdy. Häkim welaýatda dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhanalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi. 

Milli Liderimiz welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işlerini, ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz dürli görnüşli gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň önümçilik derejesiniň pesdigine ünsi çekip, ony işjeňleşdirmek we ýyladyşhanalaryň çägini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini, munuň üçin degişli gulluklaryň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mart aýynyň oba hojalyk pudagynda möhüm ähmiýeti bolan çärelere baýdygyny belläp, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek, Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn çemeleşmelidigini belledi. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde bar bolan agaç nahallaryna ideg işleriniň güýçlendirilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatda Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak bilen bagly geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde bar bolan ýyladyşhanalaryň işi, olarda öndürilýän önümleriň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada aýtdy. Mundan başga-da, ol ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama hakynda habar berdi. 

Milli Liderimiz ýaz ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde girişmegiň geljekki bol hasylyň girewidigini belläp,bu işlere hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Aýratyn-da, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde ýyladyşhanalara möhüm ornuň degişlidigini belläp, ýyladyşhanalaryň önümçilik derejesiniň pesdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz olaryň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak, ýyladyşhanalaryň çägini giňeltmek babatda degişli düzümler bilen sazlaşykly işi ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. 

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününi ýokary guramaçylyk derejesinde dabaralandyrmak, ählihalk ýowaryny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna laýyk derejede guramak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde ýyladyşhanalarda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda aýtdy. Mundan başga-da, ol ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri, ählihalk ýowaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatda oba hojalyk tehnikalarynyň we ýerleriň ekiş möwsümine taýýarlygy bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhanalaryň önüm berijiliginiň pesdigini belläp, bu işleri ýokarlandyrmak, olaryň çäklerini artdyrmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, ählihalk ýowaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek meseleleriniň möhümdigini aýratyn belledi. 

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow çagyryldy. Häkim paýtagtymyzy has-da ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy ösdürmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulýan çäreleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şäherde arassaçylyk, abadanlaşdyryş we bezeg işleriniň barşy barada hasabat berdi. Häkim paýtagtymyzyň ähli etraplarynda öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama, ählihalk ýowrayna ykjam taýýarlyk görmek, onuň barşynda ekiljek bag nahallaryny we ýer böleklerini taýýarlamak babatda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtdy. Şeýle hem ol Halkara zenanlar gününi dabaralandyrmak maksady bilen, işlenip taýýarlanylan medeni maksatnama hakynda habar berdi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, bu ugurda maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmek, abadanlaşdyryş we arassaçylyk işlerini ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler, ählihalk ýowary mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek baýramçylyk we beýleki köpçülikleýin çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýratyn belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz bag ekiljek ýerleri, nahallary taýýarlamak, baglaryň paýtagtymyzyň töwerekleriniň toprak-howa şertlerine laýyk gelýänini seçip almak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary E.Orazgeldiýewi we B.Atdaýewi çagyrdy. Ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer häzirki döwürde oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ählihalk ýowaryna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem Diýarymyzyň ähli sebitlerindäki ýyladyşhanalarynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, täze ýyladyşhanalary gurmak bilen baglanyşykly öňde durýan wezipeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýyladyşhanalaryň gurluşygy ýurdumyzyň telekeçilerine ynanylar. 

Wise-premýer B.Atdaýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzda täze ýyladyşhanalary gurmak babatda alyp barýan işleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, öňi bilen, ekiljek nahallaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň, nahallaryň görnüşlerini saýlap almaga ylmy taýdan çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerinde bar bolan ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak, olaryň çägini giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini, ýyladyşhanalaryň ýokary hil derejesinde we öz wagtynda gurlup gutarylmalydygyny tabşyrdy. 

Munuň üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegi zerurdyr diýip belläp, milli Liderimiz wise-premýerlere bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda bilelikde işlemek arkaly ähli zerur tagallalary etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatynyň jemläp, welaýatlaryň häkimleriniň öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur işleriň alyp barmalydygyny, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzy has-da ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

syrach

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Sergisi we Maslahaty

Prezidentimiz Söwda-senagat Edarasynyň Täze Binasynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

syrach