21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Türkmen Kikbosçylary Kämillik Ýolunda

Geçen dynç günleri, paýtagtymyzyň «Galkynyş» sport toplumynda kikboksing boýunça 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Ýaryşa 50-den gowrak türgen gatnaşdy.

Final tutluşyklarynyň geçirilýän güni, Türkmenistanda kikboksingiň düýbüni tutujylaryň biri Aleksandr Snagowskiniň 65 ýaşy doldy. Ol özüniň tälimçi bolup işlän 30-ýyla golaý döwründe ezber türgenleriň ençeme nesline sportuň bu görnüşiniň inçe tilsimlerini öwretdi. Onuň şägirtleriniň ençemesi dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlarda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, şeýle hem beýleki iri halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazandylar.

A.Snagowskiden tälim alan türgenlerimiz ýüzden gowrak medal gazanmak bilen, Türkmenistanyň sport äleminde gazananlaryna öz mynasyp goşantlaryny goşdular. Halypa tälimçi, öz işini dowam edýän kärdeşleriniň hem ençemesini zähmet ýoluna atardy. Ondan hünär öwrenen tälimçileriň şägirtleri hem dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezýärler. Aşgabadyň birinjiligi ugrunda bu ýaryşda hem şeýle netijeler gazanyldy. Mekan Atabaýew (54 kilograma çenli agram derejesinde), Şöhrat Esenow (57 kg çenli), Kakajan Nepesow (60 kg çenli),  Artem Habarow (63,5 kg çenli), Akmyrat Akyýew (67 kg çenli), Hemra Orazow (71 kg çenli), Orazmuhammet Orazdurdyýew (86 kg çenli) we Döwletmyrat Oraýew (91 kg çenli) ýaryşyň homat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Ýeňijiler, paýtagtymyzyň toplumlaýyn sport mekdebiniň düzüminde çykyş edip, tälimçiler Aleksndr Snagowskiniň, Rejep Hojamämmedowyň, Pirli Amanowyň, Roman Umirowyň, Gurban Çaryýewiň ýolbaşçylygynda sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýarlar. 

Golaýda, kikboks boýunça Türkmenistanyň  milli ýygyndysy Taýlandda geçen halkara okuw-türgenleşiklerinden gaýdyp geldi.  Sport hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda, daşary ýurtlaryň sport tejribesini öwrenmek aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, geljek ýyl ýurdumyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna kikboksing ýaryşy hem girýär.

2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen yklym  derejesindäki IV toplumlaýyn oýunlarda ýurdumyzyň kikboksçylarynyň iki medala—altyn we bürünç medala mynasyp bolandyklaryny ýatlap geçýäris. Indi türgenlerimiz ýutdumyzda geçjek  Aziada-2017 ýaryşlarynda bu netijäni  ýokarlandyrmaga aýgytly taýýarlyk görýärler. 

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hem-de milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň aýtmagyna görä, kikboksçylarymyzyň artykmaçlygy el arkaly ýerine ýetirilýän urgy tilsimlerinden ybaratdyr. Şonuň üçin hem türgenleşik işlerinde aýak bilen işlemeklige üns bermek zerur bolup durýar. 

Mälim bolşy ýaly, Taýland taý boksyň Watany hasaplanýar. Taý boks tutluşyklarynda aýak bilen urgulary ýerine ýetirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin hem, halkara okuw türgenleşiginiň geçirilmeli ýeri hökmünde Samui adasynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däldir. Bu ýerdäki taý boks mekdepleri, dünýä we Aziýa çempionatlary ýaly iri ýaryşlarda ýeňiji bolan hem-de baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda uly şöhrata eýedirler.

Häzirki wagtda türkmen kikboksçylary 8-22-nji mart aralygynda Gazagystabda geçiriljek ýene bir halkara okuw-türgenleşigine taýýarlanýarlar.  Soňra ildeşlerimiz  mart aýynyň ahyrlarynda, Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde geçiriljek iri halkara ýaryşyna gatnaşarlar.  

Aprel aýynda «Galkynyş» sport toplumynda erkeklriň arasynda kikboksing boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler. Bu ýaryşa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden, sportuň bu görnüşiniň ezber ussatlary gatnaşarlar. 

Degişli makalalar

Türkmen sambo mekdebiniň üstünligi

syrach

“Altyn Asyr II”-5 Oýunda 15 Utuk

Köpçülikleýin Futbol Güni

syrach