23.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşynyň ileri tutulýan wezipelerine garaldy. 

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň barşy, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol bina edilýän dürli ähmiýetli gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy, ilkinji nobatda, ýakyn wagtda ulanmaga tabşyryljak desgalar barada habar berdi. 

Milli Liderimiz 2016-njy ýyl üçin bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işini ýola goýmak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ulanmaga tabşyrylmagy bellenilýän desgalar baradaky meselä ünsi çekip, olaryň bildirilýän talaplara laýyk gelmelidigini aýratyn nygtady. 

Soňra hasabat bermek üçin Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew çagyryldy. Ol häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen giňişleýin mejlisinde ähli ulgamlar boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglylykda edara-kärhanalarda guralýan çäreler hem-de welaýatyň oba hojalygynda işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. 

Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipelere laýyklykda, sebitiň çäklerinde gurulýan desgalar, olarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ulanmaga tabşyryljak desgalar barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň täze gurluşyklarynda işleriň depgini bilen gyzyklanyp, olaryň öz möhletinde hem-de ýokary hilli tamamlanmagynyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylda ýerine ýetirmek üçin öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştututanymyzyň welaýaty mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar, olary Türkmenistanyň döwlet Baýdagynyň gününe ulanmaga bermegiň meýilnamalary barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm meselesidigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kesgitlenen wezipeleriň çözülmeginde welaýatlaryň ýolbaşçylarynyň şahsy jogapkärçilik çekýändiklerini belledi.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitiň çäklerinde amala aşyrylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýakyn döwür üçin hereket etmegiň maksatnamasy barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň senagat düzümini we durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmek maksadynda alnyp barylýan işler, hususan-da, ýakynlaşyp gelýän Döwlet Baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak desgalar barada habar aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, munuň üçin yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gysga wagtyň içinde obasenagat toplumynyň ýerlerdäki edara-kärhanalarynyň etmeli işlerini anyk kesgitlemegi, dolandyrmagyň täze gurluşyna laýyklykda olaryň işe girişmeklerini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Öz nobatynda, Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitde işleriň ýagdaýyna degişli meseleler boýunça hasabat berip, hormatly Prezidentimize Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda işlenip taýýarlanylan iş meýilnamasy, ony ýerine ýetirmegiň ugurlary barada habar berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylyýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim sebitde Döwlet Baýdagynyň gününe gabatlanyp açyljak dürli ähmiýetli desgalarda işleriň ýagdaýy barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halk hojalyk toplumyny depginli ösdürmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň welaýatyň durmuş we medeni ulgamynyň derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belledi. Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, ählihalk baýramçylyklarynyň öňýanynda olary dabaraly ulanmaga tabşyrmaga degişli derejede taýýarlanmalydygyna ünsi çekdi. 

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek boýunça iş meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli işler, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzda ulanmaga tabşyrylmagy bellenilýän desgalarda işleriň barşy barada aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, şäheriň abadanlaşdyrylyşyna uly üns bermegiň zerurdygyny görkezdi hem-de Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan uly gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak üçin hemme çäreleri görmegi talap etdi. 

Milli Liderimiz şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ulgamlaýyn we anyk meýilleşdirilen bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli etraplaryň häkimleriniň şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmaga ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmen Gämi Gurluşykçylary Hyzmatdaşlyk Gatnaşyklaryny Ösdürýärler

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

syrach

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň Şanly 26 Ýyllygy Mynasybetli Resmi Agşamlyk Nahary Berildi

turkmenhabargullugy