24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Tejen Derýasynyň Üstünden Geçýän Awtomobil Köprüsi Ulanylmaga Berildi

Ýakynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Sarahs — Sarahs» gözegçilik-geçiriş nokadynda Tejen derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsini ulanmaga bermek dabarasy boldy.

Ýakyn goňşy hem-de öňden gelýän hyzmatdaş hökmünde Eýran Yslam Respublikasy bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek.

Bu waka goňşy halklaryň köpasyrlyk hyzmatdaşlygyna hem-de medeni-ruhy umumylygyna esaslanýan gatnaşyklarynyň taryhynda ýene bir ähmiýetli sahypadyr. Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyz özara bähbitler bilen birlikde, durnukly ösüş, tutuş sebitiň abadançylygy we rowaçlygy ugrundaky maksatlara kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ymtylýandyklaryny görkezýärler.

Serhetdäki derýanyň iki tarapynda hem baýramçylyk ýagdaýy dabaralanyp, aýdym-sazlar ýaňlanýar, döredijilik toparlary çykyş edýärler. Dabara gatnaşýan adamlaryň hatarynda köp sanly ýerli ýaşaýjylar, hormatly ýaşulular we ýaşlar bar.

Täze köprüniň umumy uzynlygy 96 metre, ini 15,1 metre barabardyr. Desga inženerçilik-tehniki we ulanyş ölçegleri boýunça halkara ülňülerine kybap gelýär we agram, ýük göterijilik, awtoulaglaryň hereketiniň tizligi göz öňünde tutulyp bina edildi. Gurluşykda seýsmiki durnuklylygy hem-de beýleki tehniki häsiýetnamalary üpjün edýän ýokary berkligi bolan gurnamalar peýdalanyldy.

Mundan başga-da, bu logistiki taslamanyň çäklerinde Tejen — Sarahs, şol sanda Türkmenistanyň hem-de Eýranyň üstünden geçip, daşary ýurtlardan gelýän uly ýük göteriji iri ulaglar üçin awtomobil ýoly gurnaldy.

Häzirki wagtda milli liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Onuň ilkinji — Aşgabat — Tejen bölegini 2020-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýär. Bu awtomobil ýoly ýurdumyzyň iň iri ulag taslamalarynyň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy üstaşyr geçýän awtomobil üstaşyr ýük akymlaryna Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtoýollaryň giň ýaýrawly ulgamyna tiz çykmaga mümkinçilik berer.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda toý bagy kesildi we köprüniň üstünden ikitaraplaýyn ulag hereketi açyldy. Sarahs şäherinden, takmynan, 15 kilometrlikde, Eýranyň demirgazyk-gündogarynda Tejen — Sarahs — Maşat demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi bilen bir wagtda işläp başlan «Sarahs» aýratyn ykdysady zolagynyň ýerleşýändigini ýatlamak gerek. Ol Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagynyň döwletleriniň, Türkiýäniň we beýlekileriň iri söwda bazarlaryna birleşdirmek üçin köpri bolup durýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde koronawirus keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, geçirilen arassaçylyk-öňüni alyş çärelerine laýyklykda, ýükleriň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda düýpli zyýansyzlandyrylyp ýurdumyzyň awtomobillerine ýüklenýändigini, soňra bolsa harytlaryň döwlet serhedine çenli ýetirilip, daşary ýurtly ýük alyjylara tabşyrylýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň amatly ýerleşişi onuň barha berkeýän Ýewraziýanyň ähmiýetli üstaşyr-ulag halkasy derejesini şertlendirýär. Döwletimiz milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly peýdalanmaga çalşyp, ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýar.

Şeýle hem ulag düzümi kämilleşdirilýär — täze howa menzilleri bina edilýär, Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän polat ýollar, awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag düzüminiň üsti döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli doldurylýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, utgaşdyrylan sebit we sebitara ulag düzümini döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar we Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara ulag geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Üstaşyr ulag akymlarynyň logistikasynda ýurdumyzyň kuwwaty Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýolunyň, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabatdaky, Türkmenbaşydaky, Türkmenabatdaky hem-de beýleki şäherlerdäki iň döwrebap howa menzilleriniň, Hazaryň kenaryndaky täze Halkara deňiz portunyň we beýlekileriň ulanylmaga berlendigini nazara alanyňda, aýratyn täsir galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli başlangyçlary döwletara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde örän möhüm orun eýeleýän ulag ulgamyndaky özara hereketleri işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Kararnamalar aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu teklipleriň örän möhümdigi we olara isleg bildirilýändigi aýdyňdyr, çünki ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda möhüm orun eýeleýär.

***
Şol gün göni wideoaragatnaşyk arkaly Ahal welaýatynyň häkiminiň hem-de Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşygy ministri, Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi.

Tejen derýasynyň üstünden geçýän awtoulag köprüsiniň ulanylmaga berilmeginiň ähmiýetini belläp, duşuşyga gatnaşyjylar iki goňşy ýurduň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hasan Ruhaniniň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ulag hem-de söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlyk babatynda pikir alyşdylar.

Soňky ýyllarda birnäçe bilelikdäki iri ulag-üstaşyr taslamalarynyň amala aşyrylandygy, şol sanda Türkmenistan bilen Eýrany birleşdirýän halkara ýollarynyň çekilip, olaryň sebit geçelgeler ulgamynyň möhüm bölegine öwrülendigi nygtaldy.

Şeýle hem ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek, logistika düzümlerini netijeli peýdalanmak hem-de dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýy hasaba almak bilen, türkmen-eýran gözegçilik-geçiriş nokatlarynda howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk çärelere garaldy. TDH

Degişli makalalar

Botanika instituty myhmanlaryna gapylaryny giňden açýar

syrach

“Hyundai Engineering Co., Ltd” Kompaniýasynyň Ýolbaşçysy Milli Liderimize Galkynyş Känindäki Işleriň Barşy Barada Habar Berdi

Aşgabat-Ankara-Aşgabat täze gatnaw.

syrach