24.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Ählumumy Logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň Başlangyçlary

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän hem-de ýurdumyzda ulag ulgamy babatda geçirilýän pudaklaýyn maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklaşdyrylmagyna we deňeçerligine göni täsiri bolan dünýä ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de döwrüň talabydygyny bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň doly derejede kabul edýän degişli Kararnamalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara maslahat geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga birnäçe daşary ýurtlaryň abraýly guramalarynyň, şeýle hem ulag-logistika ulgamyndaky ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, häzirki döwürde dünýäniň onlarça döwletleriniň, ýüz millionlarça adamlaryň ösüşi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan Beýik Ýüpek ýolunyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere aýratyn ünsi çekdi.

“Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoly belli bir geografik giňişlikleriň arasyndaky ulag ugry bolmak bilen çäklenmeýär. Bu düşünjäniň örän möhüm syýasy, ynsanperwer, dünýägaraýyş manysyna eýe bolýandygyna ynanýaryn. Esasan-da, häzirki döwrüň örän çylşyrymly, kähalatlarda bolsa biziň şaýady bolýan agyr ýagdaýlarymyzyň şertlerinde munuň ähmiýeti ýokarlanýar. Beýik Ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynam, özara düşünişilmegine we açyklyga ýardam bermek ýörelgelerinde birleşdirer” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň meselelerine öz çemeleşmelerini kemala getirmek bilen, Türkmenistan öňi bilen Merkezi Aziýa Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmünde garalmagyndan ugur alýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Birnäçe taryhy, geosyýasy, ykdysady ýagdaýlaryň täsirine baglylykda, bu sebit diňe bir yklym derejesinde däl, eýsem, umumymilli işlerde hem möhüm orun tutýar we şeýle bolmagyny dowam edýär. Tutuş dünýä syýasatynyň ösüşiniň ugry Merkezi Aziýanyň nähili boljakdygyna, bu ýerde nähili ýagdaýlaryň kesgitleýji derejä öwrüljekdigine köp babatda bagly bolar.

Sebitiň halkara gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna degişli ulag-üstaşyr we aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi oňyn täsir eder. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gürrüň Gara deňzi we Baltika sebitleriniň, Günorta — Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň giňişligini gurşap alýan ulag-üstaşyr gatnawyň ýaýbaňlandyrylan, toplumlaýyn utgaşykly düzümiň gurluşy barada barýar. Bu taslama şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykmak bilen, Günorta we Gündogar ugurlarda ulag düzümine goşulmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistan bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň gatnaşmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

“BMG-niň derejesine çykmak bilen, biz onuň häzir Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilmegi bilen gönüden-göni arabaglanyşygyndan ugur aldyk. XXI asyrda Milletler bileleşiginiň möhüm meselelerini çözmäge, bütin dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna bermäge, Ýer ýüzüniň serişdelerini gorap saklamaga we köpeltmäge gönükdirilen häzirki zaman ulag gurluşyny kemala getirmek häzir ýurdumyzyň ulag ulgamynda ähli halkara işleriň özenidir” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (AÝYDK) bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk we özara hereket etmäge taýýardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak Modal ýoly döretmek başlangyçlaryny doly goldaýar we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim edýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz BMG-niň ÝYK-nyň we AÝYDK-nyň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesini gurmagyň dürli tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan TRASEKA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we oňa gatnaşyjy bolmaga taýýardyr. Merkezi Aziýadan günbatar tarapa ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek maksatlaryny durmuşa geçirmekde, Ýewraziýanyň dünýä ykdysady zolaklaryny hil taýdan täze derejede baglanyşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň bu başlangyçlaryna Halkara ekspeditorlar assosiasiýasynyň federasiýasy we beýleki halkara guramalar tarapyndan ýokary baha berildi. Olar ägirt uly geljegi bolan bu ugurda bilelikde işlemäge hem-de tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň birnäçe gezek şu ugur boýunça iri maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemeli. Olaryň hatarynda ýokary derejedäki halkara maslahat we BMG-niň howandarlygynda guralan durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat bar. Olar Aşgabatda degişlilikde 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda geçirildi. Olaryň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasy we Aşgabat Beýannamasy ýaly ähmiýetli resminamalaryň kabul edilmegi möhüm ulag pudagyndaky özara gatnaşyklary ýola goýmak we işjeňleşdirmek boýunça umumy tagallalaryň utgaşdyrylmagyna wajyp goşant boldy.

Awazada geçirilen maslahat ählumumy gatnaşyklaryň özboluşly dowamyna öwrüldi. Onuň jemleri boýunça degişli Jarnama kabul edildi. Onda duşuşyga gatnaşyjylaryň döwletara we sebitara gatnaşyklara täze itergi bermäge, häzirki zaman, ählumumy abadançylygyň we uzak möhletleýin esasda ösüşiň bähbidine laýyk gelýän dünýä ulag ulgamyny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan meýilleri öz beýanyny tapdy.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylmagy bilen gabat gelmegi has-da ähmiýetli boldy. Hazaryň kenarynda bina edilen täze port toplumy halkara ýük gatnawlary ulgamy üçin möhüm ähmiýete eýe boldy hem-de Gara we Ortaýer deňizlerine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Günorta Aziýanyň we Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna amatly ugur boýunça çykalgany üpjün etdi.

Onuň düzümine awtomobil we ýolagçy gämi terminaly, umumy we gury ýük, şeýle hem konteýner terminallary, gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş zawodlary girýär. Port täze enjamlar we ýükleri seljermek üçin ýörite göteriji tehnikalar bilen üpjün edildi. Şeýle hem ol howpsuz hem-de netijeli nawigasiýany, ýük düşürmäge we daşky gurşawy goramaga niýetlenen zerur häzirki zaman enjamlar toplumy bilen enjamlaşdyryldy. Portuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berýär. Hazaryň ekologiýa derejesini saklamak üçin her bir terminalda bioarassalaýjy enjam oturdyldy.

“Ýaşyl port” halkara ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu taslamanyň täzeçilligi ýörite güwänamalar bilen tassyklandy. “Pricewaterhouse Coopers” Halkara kompaniýasy we “Hamburger Hafenund Logistik AG” (Germaniýa) ulag-logistik kompaniýasy Türkmenbaşydaky deňiz portuny iň gowy we netijeli port hökmünde ykrar etdi. Portda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylandygy üçin “Zeeland” (Niderlandlar) Deňiz portuna syn ediş geňeşiniň güwänamasy gowşuryldy. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletleriň arasynda özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine we döwletleriň gülläp ösüşine goşan netijeli goşandy üçin “Ýüpek ýoly” halkara söwda palatasynyň we “Tang West Market Group” (Hytaý), Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň konfederasiýasynyň güwänamalary gowşuryldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň esasy “deňiz derwezesi” Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Birinjiden, ol deňiz derejesinden pesde ýerleşen iň uly deňiz porty (umumy meýdany 1 million 358 müň 484 inedördül metr) hökmünde, ikinjiden bolsa, deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly emeli adanyň gurulmagy bilen girizildi. Bu desga göçýän guşlar üçin has-da ähmiýetli bolup durýar. Maks Plankanyň Ornitologiýa institutynyň (Germaniýa) we Awstriýa ornitologiýa merkeziniň güwänamalarynyň we baýraklarynyň gowşurylmagy bu derejäni has-da berkidýär.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň taslamasynyň ABŞ-nyň “Engineering News-Record” žurnalynyň her ýylda “Project of the Year Award” — “Ýylyň taslamasy” abraýly bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygyny bellemeli. Abraýly pudaklaýyn neşiriň emini bu taslamany “Aeroport/port” (ENR Global Best Project) derejesinde iň gowy halkara taslama hökmünde ykrar etdi.

Sentýabr aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna agza ýurtlaryň ýük gatnadyjylarynyň we ekspeditorlarynyň assosiasiýasynyň Federasiýasynyň her ýylda geçirilýän 9-njy mejlisi boldy. Foruma Hytaýyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş düzümleriniň toparlary, şeýle hem Aziýa Ösüş bankynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, iri logistik kompaniýalarynyň, kärhanalaryň wekilleri, bilermenler we synçylar gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine logistika, gümrük çärelerini işjeňleşdirmek we bahalar babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň durnukly ösüşiň deňeçerligi esasynda ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň täze binýadyny döretmäge goşýan oňyn goşandy bellenildi. Şunlukda, täzeçil logistik düzümi bolan garyşyk ulag ulgamyny kämilleşdirmäge we ony köpugurly esasda ösdürmäge möhüm orun degişlidir.

Halkara ýük gatnawlary ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan öz çäginde ygtybarly ulag-üstaşyr gatnawlaryny üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary ýaly ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna ägirt uly üns berýär. Täze howa menzilleri gurulýar, polat ýollar, awtomobil ýollary çekilýär we Türkmenistany goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan köprüler bina edilýär. Deňiz floty, howa ýollary, demir ýol ulgamy üçin häzirki zaman gämileri, täze tehnikalar satyn alynýar.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýollarynyň, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda we beýleki şäherlerde häzirki zaman howa menzilleriniň gurulmagy bilen logistika ulgamynda ýurdumyzyň üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatlyklary artdy.

2018-nji ýylda ulag ulgamyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Hazaryň kenarynda bina edilen Halkara deňiz portundan başga-da, Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna birikdiren Serhetabat — Turgundy demir ýoly gurlup, ulanmaga berildi. Lebap welaýatynyň merkezinde howa menzili guruldy.

Milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, ýokary maýa goýum işjeňligi, senagat maksatly köp sanly desgalaryň giň gerimli gurluşygy, nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, dokma we beýleki pudaklardaky gurluşyklar ýük gatnawlary babatda halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” halkara maslahaty muny aýdyň etdi. Ulag-logistika maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmen logistika assosiasiýasy dünýäniň agyr ýükleri gatnatmak ugrunda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Heavy World” kompaniýasy bilen bilelikde gurady. Ýurdumyzyň standart däl ýükleri daşamakda ýöriteleşdirilen we GDA, Baltika, Pars aýlagy ýurtlarynyň ugurdaş kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribe toplan “Ýük ulag merkezi” ulag-ekspeditor kompaniýasy maslahatyň baş ýardamçysy boldy.

Türkmenistanyň, Russiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Saud Arabystanynyň, Ukrainanyň, Estoniýanyň we beýleki ýurtlaryň milli we halkara assosiasiýalarynyň, ulag, logistika, ekspeditorçylyk, söwda we konsalting firmalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýüzden gowragynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahat ýurdumyzyň işewürleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Onuň işewür bölümi Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň açylyş dabarasy bilen başlandy. Ol “Interaktiw görnüşde” geçirildi. Işewürler deňiz portuna gelenlerinde onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy, ýükleri ýüklemek we düşürmek işleriniň guralyşy, ammarlaryň hereketi, amala aşyrylýan ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlary bilen ýerinde tanyşdylar. Soňra olar portuň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar. Bu çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän ulag syýasaty, ýurdumyzyň baş deňiz derwezesiniň mümkinçilikleri, ony ösdürmegiň geljegi barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Maslahatda garalan meseleleriň hatarynda Türkmenistanyň ulag düzüminiň mümkinçilikleri, Hazar sebitine iri göwrümli we ulaglaryň dürli görnüşleri bilen agyr ýükleri getirmegiň aýratynlyklary, olaryň ýurdumyzyň çägi bilen Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr ugradylmagy ýaly meseleler boldy.

Ilkinji gezek geçirilýän maslahatyň baş maksady ýurdumyzyň demir ýol we awtomobil ulaglarynyň, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryny ýola goýmakdan, şeýle hem ulag hyzmatlaryna isleg bildirýänleri, ilkinji nobatda, nebitgaz pudagynda, himiýa senagatynda we beýleki ulgamlarda ýük daşaýan beýleki hususy düzümlere bolan buýurmalary kesgitlemekden ybaratdyr.

Türkmen logistika assosiasiýasynyň, “Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Türkiýäniň “LAM Group of Shipping Companies” kompaniýasynyň, Russiýanyň “Barrus Projects”, Türkmenistanyň “Ýük ulag merkezi” we “Beýik Ýüpek ýoly”, Gazagystanyň “Kazmortransflot” Milli deňiz gämi kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenler bu ugurda tejribe alyşmagyň, logistik ýagdaýlary we ugurlary işjeňleşdirmegiň, müşderilere IT çözgütlerini we ýük gatnatmak çäresini ýönekeýleşdirýän beýleki hyzmatlary girizmegiň bähbidi barada aýtdylar.

“Ýük ulag merkezi” ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewraziýa giňişliginde ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine täsiri bolan we rowaýata öwrülen söwda ýolunyň ähmiýeti barada gürrüň berýän “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny gurady.

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda baglaşylan üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça Ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň — ulag ministrleriniň halkara maslahaty ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Noýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bu maslahat daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi, olar “Lapis Lazuli” ugrunyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ägirt uly ähmiýetini bellediler. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeldýän ýurdumyzyň ulag düzüminiň barha artýan mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.

“News Central Asia (aCa)”, “Trend”, “Eurasia Net”, “News Day”, “Azertage”, “Hurriyet Daily News”, “SNG.today”, “ABC”, “Anadolu Agency”, “TNews”, “Uzbekistan 24”, “Infopole”, “Avesta.TJ”, “ArmInfo” we beýlekiler ýaly iri halkara hem-de milli neşirleriň maglumat hem-de seljeriş makalalarynda «Lapis Lazuli» geçelgesiniň Ýewraziýanyň durnukly ykdysady ösüşine ýetirýän ägirt uly täsiri barada ençeme gezek nygtaldy. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Awazada guralan halkara maslahaty beýan etmek bilen, Aziýa, esasan-da, Owganystan üçin has möhüm bolan ykdysady wezipeleriň birnäçesiniň oňyn çözülmegi babatynda bu geçelgäniň uly ähmiýetini bellediler.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz goňşy döwlete hemmetaraplaýyn ýardam berýär, doganlyk owgan halkyna ykdysadyýetini dikeltmäge hem-de içerki syýasy ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, parahatçylygy pugtalandyrmaga goldaw berýär. Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň ulanmaga berilmegi bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna birikdirmek hem-de onuň üsti bilen ulag düzümleriniň halkara ulgamyna goşmak baradaky öňe süren başlangyjy üstünlikli amala aşyrylýar.

Şunuň bilen baglylykda, mundan birnäçe gün ozal Owganystanyň Hyrat şäherinden Türkmenistana “Lapis Lazuli” ugry boýunça synag gatnawyny ýerine ýetirýän ýük awtoulag kerweniniň gelendigini bellemelidiris. Bu awtoulag kerweni owgan ekerançylarynyň ýetişdiren oba hojalyk önümlerini, şol sanda pagtany, künjini, üzümi, garpyz çigitlerini we beýlekileri daşaýar. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan bu ýükler paromlar arkaly Azerbaýjana, şol ýerden bolsa Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä çenli ugradylar.

Türkmenistanyň Hökümeti ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Aşgabatda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara ministrler maslahatyny gurady. Maslahata ministrler, dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan, şol sanda Owganystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Bruneý-Darussalamdan, Kambojadan, Hytaýdan, Müsürden, Gruziýadan, Gresiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Iordaniýadan, Keniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Ýaponiýadan, KHDR-den, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Mozambikden, Nepaldan, Filippinlerden, Katardan, Ispaniýadan, Şri-Lankadan, Russiýa Federasiýasyndan, Saud Arabystanyndan, Sudandan, Siriýadan, BAE-den ýokary wezipeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşdylar.

Maslahatda Ýüpek ýolunyň wezipesiniň dürli ugurlary, onuň häzirki döwürde medeniýetleriň ýakynlaşmagyndaky, “BMG — 2030 Gün tertibinde” kesgitlenilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyndaky orny içgin seljerildi. Hususan-da, medeni-ynsanperwer meselelerinden başga-da, dürli ýurtlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň häzirki şertlerde gaýtadan dikeldilişi, demir ýollary, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşygy, deňiz gatnaw ýollarynyň kemala getirilişi, söwda ugurlarynyň ösdürilişi barada gürrüň edildi. Gadymy ýoluň bilelikdäki mirasy täze many-mazmun bilen baýlaşyp, Ýer ýüzünde parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini berkidýär.

Maglumat önümlerini hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, oktýabr aýynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2018» atly XI halkara sergisini hem-de ylmy maslahaty bellemelidiris, ony Aragatnaşyk ministrligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar.

Bu foruma gatnaşyjylaryň sany barha artýar, munuň özi dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyza ägirt uly gyzyklanma bilen şertlendirilýär. Bu gezekki gözden geçirilişe ýigrimiden gowrak ýurtdan wekilleriň gatnaşmagy hem munuň subutnamasydyr, olar dürli daşary ýurt döwlet pudaklaýyn düzümlerine, ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürýän we iberýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýärler, şeýle hem olar ýokary tehnologiýalary işläp taýýarlaýan we hyzmatlary hödürleýän iri halkara aragatnaşyk operatorlarydyr hem-de programma üpjünçiligini taýýarlaýan hünärmenlerdir. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, aragatnaşygyň we maglumat tehnologiýalarynyň bazarynda öňdebaryjylar bolan «Thales Аlenia Space», «Nokia», «HUAWEI», «Samsung», «Hermes Data Communications International Ltd», «Hikvision», «Space Systems International Monaсo» we beýleki kompaniýalar bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda telekommunikasiýalar ulgamynyň häzirki zaman dünýäsinde barha artýan ornuny nygtady. Milli kommunikasiýalar ulgamynyň mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagy, 2018 — 2024-nji ýyllarda älem ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň üstünlikli geçirilmegi netijesinde raýatlara ýokary hilli we elýeterli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hödürlenýändigini, döwletimiziň bu ulgama ägirt uly serişdeleri goýberýändigi barada milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.

Munuň özi ýurdumyzyň häzirki zaman tehnologiýalary ugry boýunça hemişe öňe gitmegi, internet hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegi üçin oňyn mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň çäginden çekilýän baş halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, halklaryň ýakynlaşmagynda, döwletleriň durnukly ösüşinde, Watanymyzyň möhüm logistika merkezine öwrülmeginde olara uly orun degişlidir. Bu aragatnaşyk düzümleri diňe bir Merkezi Aziýa üçin däl-de, “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” ugry boýunça üstaşyr ulgamlaryň esasy şahasy bolmak bilen uly ähmiýete eýedir hem-de milli kommunikasiýalar pudagynyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine şert döredýär.

Aragatnaşyk ministrliginiň, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanalarynyň, şeýle hem “Türkmenpoçta” edaralarynyň sergide görkezilen giň möçberli bölümleri myhmanlara we foruma gatnaşyjylara ulgamlaýyn we öýjükli aragatnaşyk serişdelerinde hyzmatlaryň giň toplumyny, telekommunikasiýalar ulgamlarynyň binýadynda maglumatlary elektron usulda geçirmegiň, milli tele we radio ýaýlymlaryň gepleşikleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň, şeýle hem ýurdumyz boýunça hem-de daşary ýurtlara tizleşdirilen poçta ibermelerini ýola goýmagyň häzirki zaman usullaryny äşgär edýärler.

Şeýle hem halkara sergä ulag ulgamynyň pudaklaýyn kärhanalary işjeň gatnaşyp, özleriniň howa gatnawlarynda, demir ýol we awtomobil ugurlarynda hereketleri netijeli dolandyrmak babatynda radionawigasiýa ulgamynyň, ulag akymlarynyň, meteostansiýalaryň we beýlekileriň monitoringiniň ýokary takyklygyny üpjün etmek boýunça alyp barýan üstünlikli işlerini görkezdiler.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny, tehnologiýalary çekmek we taslamalary durmuşa geçirmek, peýdalanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmekde maglumat-telekommunikasiýalar ulgamlaryny ösdürmek meseleleri maslahatyň gün tertibine girizildi. Umumy mejlisiň barşynda telekommunikasiýalar we maglumat üpjünçiligi häzirki zaman ulgamlaryny ösdürmegiň ýagdaýyna, geljekki mümkinçiliklerine garaldy hem-de baha berildi.

Ykjam aragatnaşygyň, kesgitli hem-de internet aragatnaşygynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmak, simsiz aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek “TürkmenÄlem 52oE” milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, kompýuter programma üpjünçiligi we maglumat howpsuzlygy, bilim ulgamynda elektron usulda okuwlary geçmek mümkinçiligi meseleleri ýokary gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda täze nesliň hünärmenlerini taýýarlamak usulyýetini döwrebaplaşdyrmak babatynda bu wezipeleriň oňyn çözülmegine uly ähmiýet berýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Mary DES-niň Zähmetkeşler Toparynyň Agzalary Bilen Duşuşdy

Türkmen-Koreý Işewürler Geňeşiniň Mejlisi Geçirildi