21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Orkestr Dante Aligýeriniň «Ajaýyp Komediýasynyň» Bir Parçasyny «Gürrüň Berer»

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda 18-nji martda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň muşdaklary üçin Pýotr Çaýkowskiniň we Karl Weberiň eserleri ýaňlanar.

Häzir orkestriň sazandalary nemes kompozitory Karl Mariýa fon Weberiň «Erkin mergen» operasyna uwertýurany hem-de Klarnet we orkestr üçin 1-nji konsertini, şeýle hem Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň orkestr üçin «Françeska da Rimini» fantaziýasyny repetisiýa edýärler.

Dirižýor Resul Gylyjow gejekki konsertiň konsepsiýasy barada şeýle gürrüň berýär:

-Simfoniki orkestimiziň ýylyň dowamynda Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň döredijilik mirasjyna yzygiderli ýüzlenjekdigini ozalam aýdypdym. Biz şeýtmek bilen şu ýyl doglan gününiň 180 ýyllygy bellenilýän beýik kompozitoryň ýagty ýädygärligini hatyralaýarys. Men öňden bäri «Françeska da Rimini» simfoniki fantaziýasyny türkmen diňleýjilerine ýetirmegi arzuw edip gelýärdim. Ine, indi arzuwym wysal bolýar. Dante Aligýeriniň ýaşajyk gözel näzenin Françeskonyň adamsynyň inisi Paolo bolan söýgüsi we olara jeza berlişi baradaky eseri kompozitorlaryň, nakgaşlaryň we şahyrlaryň ünsüni özüne çekipdi. Pýotr Ilýiç bu eserini heniz ýaş wagty döredipdir, belki, şonuň üçindir, ol hyjuwly ýaňlanýar.

Aşgabatly saz muşdaklary bu eseriň owadanlyk we hasraty babatda melodiki frazalarda gaty jaýdar berlen instrumental öwüşginlerinden lezzet alarlar diýip umyt bildirýärin. Danteniň eserini ýatdan çykaryberenlerem sazyň täsiri bilen goja äre berlen Françeska bilen onuň ýaşajyk inisiniň arasynda söýgüniň nähili dörändigini ýada salarlar. Az wagtlyk söýgi alawy baý garrynyň tygynyň ölüm howply urgusy bilen öçürilýär, ýöne ärine biwepalygy üçin jeza «Ajaýyp komediýada» beýan edilen dowzahyň gatlaklarynyň birinde-de dowam edýär.

-Näme üçin konsertiňize stilistika babatda şeýle dürli-dürli eserleri saýlap aldyňyz?

-Meniň üçin-ä, ol ýerlikli zat. Näme üçindigini häzir düşündireýin. Dürli öwüşginli orkestrowka babatda zehinli täzelikçi we romantizm ugrunyň düýbüni tutujylaryň biri Weberiň döredijiligi diňe bir wokal däl, eýsem instrumental sazlara hem güýçli täsir edipdir. Şumanyň, Şopeniň, Glinkanyň, Berliozyň we Çaýkowskiniň kompozitor hökmünde kemala gelmeginde Weberiň döredijiliginiň täsiri uly bolupdyr.

Konsert çykyşlarymyz üçin eserleri saýlaýşymyzyň ýene bir möhüm ugry barada şuny aýtmakçy. Döwlet simfoniki orkestrimizde ajaýyp sazandalar kän, olaryň döredijilik taýdan ösmegine, hersiniň özboluşly sazandarlyk usulynyň has doly açylmagyna ýardam etmegi öz esasy wezipäm hasaplaýaryn. Munuň üçin bolsa solo çykyşlary iň gowy ýoldur.

Bu gezek klarnetde soloda döredijilik işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyna mynasyp bolan Ýusup Öwezow çykyş eder.

-Aşgabatly saz muşdaklaryna toparyňyz başga näme sowgat taýýarlaýar?

-Aprel aýynda saz muşdaklaryny «Golliwud Aşgabatda» taslamasyna çagyrýarys. Beýik Ýeňşiň baýramyna bagyşlap russiýaly artistleriň gatnaşmagynda uly baýramçylyk konsertini taýýarlaýarys.

-Toparyňyzyň muşdaklarynyň ählsiniň adyndan size uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistan habar

Degişli makalalar

Kitaphanalaryň Sanlaşdyrylmagy-Bilimler Jemgyýetiniň Ösüşiniň Kepili

Kosmos Tehnologiýalary-Türkmenistanyň Ösüşiniň Ileri Tutulýan Ugry

turkmenhabargullugy

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Geljekki Diplomatlary Taýýarlamakda Ýardam Berýär