26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
DURMUŞ

Ruhubelentligiň we magaryfyň döwri

Ýetip gelýän 2011-nji ýylda türkmenistanlylar nusgawy türkmen şahyry Nurmuhamet Andalybyň 350 ýyllygyny giňden bellärler. Onuň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ruhy genji-hazynasynyň, özboluşly milli medeniýetiň möhüm ähmiýetli we aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Ruhy gymmatlyklara garaýyş jemgyýetiň ösüşiniň, onuň giň mümkinçilikleriniň wajyp ähmiýetli görkezijisi hasaplanýar. Täze Galkynyş eýýamynda— ruhubelentligiň, magaryfyň, täze intellektual we döredijilik üstünlikleriniň eýýamynda milli ruhy medeniýeti aýawly saklamak, çuňňur öwrenmek we ösdürmek Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan möhüm ähmiýetli ugry bolup durýar. Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we howandarlyk etmeginde ýurdumyzda türkmen halkynyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny öwrenmek, beýik türkmen alymlarynyň, akyldarlarynyň we şahyrlarynyň mirasyny neşir etmek we dünýäde giňden wagyz etmek, şunuň ýaly wajyp meseleleriň çözülmegine ýardam berýän halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar.

Täze Galkynyş eýýamynyň ideologiýasy ýurdumyzyň medeniýetiniň gazanan iň oňat üstünliklerini göz öňünde tutmak arkaly türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilleşdirilmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Nurmuhammet Andalybyň watançylygyň, dostlugyň we söýginiň belent ynsanperwer ideallarynaa ýugrulan şahyrana mirasynyň hem şol üstünliklere degişli bolup durýandygyna söz ýok. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň HVII-HVIII asyrlaryň türkmen nusgawy şygryýetiniň bu ajaýyp wekiliniň hormatyna şanly sene mynasybetli dabaralary halkara derejesinde geçirmek hakyndaky Karary muňa aýdyň subutnama bolup durýar.

Andalybyň üç asyr mundan ozal ata Watanymyza söýgini, dogduk diýarymyzyň gözelligini, türkmenleriň ahlak tämizligini we ruhy dünýäsiniň baýlygyny wasp edip ýazan filosofik we liriki eserleri häzirki wagtda-da öz möhüm ähmiýetini we şygyr terligini ýitirmeýär. Andalyp edebi döredijiligi çeperçilik taýdan kämil, żanrlaryň köpdürlüligi, mowzuklaryň baýlygy, esasan bolsa, oý-pikirleriň çuňňurlugy we giňligi, belent ideallara ýugrulmagy bilen tapawutlanýan zehinli şahyrlaryň hataryna degişlidir.

Beýik söz ussady gadymy gündogar edebitynyň ýörelgelerine eýerip, kyssany we şygryýeti sazlaşykly utgaşdyryp, arassa we täsirli türkmen dilinde özboluşly dessanyny döretdi. Şondan soňra bu edebi ýörelge Mollanepes, Şabende, Şeýdaýy, Magrupy ýaly ajaýyp türkmen şahyrlarynyň ttuş toplumy tarapyndan giňden ulanylypdyr.

Nurmuhammet Andalyp «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», «Babaröwşen», «Zeýnelarap», «Melike-Mährinigär» atly dessanlary, «Oguznama», «Rysalaýy Nesimi», «Sagdy-Wakgas», «Kyssaýy Pyrgun» atly poemalary, ajaýyp gazallary we beýleki şahyrana şekiller arkaly diňe türkmen edebiýatynyň däl-de, tutuş Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasyna önjeýli goşant goşdy. Häzirki wagtda garagalpak, özbek, gazak, gyrgyz, täjik we beýleki halklar HVII-HVIII asyrlaryň türkmen nusgawy edebiýatynyň ajaýyp wekiliniň baý mirasyna uly hormat goýýarlar we öwrenýärler. Şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň ýaşaýşynyň dürli taraplaryny öz içine alýar. Onuň goşgularynda we dessanlarynda taryhy wakalar, türkmenleriň durmuşy, gylyk-häsiýetleri, ýaşaýyş kada-kanunlary we medeni däp-dessurlary beýan edilipdir. Beýik şahyryň eserleriniň aglabasy häzirki wagtda-da bagşylar tarapyndan ýerine ýetirilýän türkmen halk aýdymlarynyň özenini düzýär. Iň esasysy bolsa belent ynsanperwer ideýalaryň şolaryň esasyny düzýän ahlak güýji häzirki informasion giperaktiwligiň we ylmy-tehniki ösüşiň asyrynda-da öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararynda Andalybyň döredijiligini mundan beýläk-de öwrenmegiň ugurlary kesgitlenildi hem-de bu beýik watandaşymyzyň şahsyýeti we döredijiligi baradaky bilimleri we düşünjeleri baýlaşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň birnäçesi bellenildi. Şolaryň hatarynda Andalybyň eserlerini türkmen we daşary ýurt dillerinde çap etmek hem-de onuň döredijilik mirasyna bagyşlanan ylmy işleri neşir etmek, şeýle hem şahyryň durmuşy we döredijiligi babatdaky täze hakyky materiallary toplamak, dokumental filmleri we tele gepleşikleri döretmek işlerini görkezmek bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 2011-nji ýylyň 10-12-nji martynda nusgawy şahyryň hormatyna Daşoguzda «Nurmuhammet Andalyp we HVII-HVII asyrlarda Gündogaryň edebi-medeni durmuşy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Bu maslahat şahyryň döredijiliginiň içgin öwrenilmegine hem-de türkmen halkynyň dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan täsin medeni mirasynyň wagyz edilmegine önjeýli goşant goşar.

Eýýäm häzirki wagtda ýurdumyzda nusgawy şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dabaralaryň halkara derejesinde göwnejaý geçirilmegine ykjam taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmen akyldarynyň şanly senesi mynasybetli dabaralara we ylmy maslahata gatnaşmak üçin Ýewropadan, GDA döwletlerinden, Eýrandan, Pakistandan, Hindistandan, dünýäniň iri halkara ylmy merkezlerinden tanymal alymlar, prozaçylar we şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri çagyrylýar. Ajaýyp türkmen şahyrynyň hormatyna halkara ylmy maslahatlar we dürli medeni çäreler Azerbaýjanda we Täjigistanda geçiriler. Alymlar Andalybyň gündogar edebiýatyndaky orny, onuň döredijiliginiň häzirki döwürde ýaşlary ruhy-estetiki taýdan terbiýelemekdäki ähmiýeti baradaky ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça pikir alşarlar.

Şahyryň 350 ýyllyk şanly senesiniň hormatyna onuň eserleri rus, özbek, azerbaýjan, türk, pars dillerinde neşir ediler. Andalybyň eserleriniň täze neşirleri onuň oý-pikirlerini we ideýalaryny dünýäniň köp halklarynyň baýlygyna öwrer, ýaş nesliň terbiýelenilmegine we onuň estetiki taýdan kämilleşdirilmegine ýardam berer. Çünki beýik sungat, täsirli edebiýat magaryfyň hem-de ruhubelentligiň, beýik şahsy medeniýetiň ilki başdaky çeşmeleri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde, Russiýanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň gazetlerinde we żurnallarynda şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan makalalar yzygiderli çap ediler hem-de gepleşikler görkeziler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty golýazma görnüşindäki gadymy materiallary saklaýan iri ylmy merkez bolmak bilen, ylmy maslahata we şanly sene mynasybetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça uly işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda türkmen şahyrlarynyň golýazmalary, şol sanda Nurmuhammet Andalybyň eserleri diňe bir Türkmenistanda däl-de, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň meşhur kitaphanalarynyň we ylym-barlag institutlarynyň golýazmalar gaznalarynda aýawly saklanýar. Türkmen alymlarynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen ylym boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň işjeň ýagdaýda ösdürilmegi netijesinde häzirki wagtda ata Watanymyza golýazmalaryň elektron görnüşdäki fotonusgalaryň we göçürmeleriň 170-e golaýy getirildi. Bular halkymyzyň gadymy taryhy, edebiýaty, dili, medeniýeti we sungaty, şol sanda Andalybyň edebi mirasy bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýygnalan golýazmalaryň we daşbasmalaryň 100-e golaýy bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasynyň üsti ýetirildi. Bu ylmy barlaglaryň geçirilmegi netijesinde şahyryň türkmen we pars dillerinde ýazylan hem-de ozal näbelli bolan şygyrlary ýüze çykaryldy.

Institutyň alymlarynyň çap etmek üçin taýýarlan täze neşirleri Nurmuhammet Andalybyň şygyrlaryny öwrenijiler we muşdaklar üçin ajaýyp sowgada öwrüler. Olaryň arasynda şahyryň goşgulary, onuň meşhur «Oguznama», «Nesimi», «Sagdy-Wakgas», «Kyssaýy Pyrgun» atly poemalary, «Leýli-Mejnun», «Ýusup-Züleýha», «Babaröwşen», «Zeýnelarap» atly dessanlary, şeýle hem ajaýyp söz ussadynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy işler bar.

Andalybyň türkmen we pars dillerinde ýazylan hem-de ozal näbelli bolan «Olmuşam», «Maýyl», «Başynda», «Dilber», «Dakdy ýar», «Başa toprak» atly eserleri, şeýle hem «Mürze Hemdem» atly dessanyndaky söýgi we zenan gözelligine bagyşlanan 17 sany goşgulary täze şygyrlar ýygyndysyna goşuldy. Bular orta asyrlardan HVII-HVIII asyrlara çenli döwürlerde türkmen edebiýatynyň nesilden-nesile geçişini görkezýär. Şeýlelikde täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi bilen, beýik nusgawy şahyr hasaplanýan Nurmuhammet Andalybyň şu günki güne çenli belli bolan edebi mirasy dolulygyna okyjylara ýetiriler we ylmy dolanyşyga giriziler.

Döwlet Baştutanynyň şahyryň 350 ýyllygyna bagyşlanan Kararyna laýyklykda geçiriljek çäreleriň söýgini we gözelligi wasp eden Andalybyň ömrüniň we döredijilik mirasynyň mundan beýläk-de öwrenilmegine uly goşant goşjakdygyna söz ýokdur.

Şu ýyllar ajaýyp türkmen şahyrlarynyň, akyldarlarynyň we alymlarynyň şanly senelerine baý boldy. Biz ata Watanymyzyň bu meşhur ogullaryna bagyşlanan dabaralary mynasyp derejede bellemek bilen, diňe bir olaryň ýagty ýadygärligine we zehinine uly hormat we sarpa goýmak bilen çäklenmän, döwürleriň baglanyşygyny saklaýarys, täze Galkynyş eýýamynda bu baglanyşyk has-da berkeýär we maksada laýyk gelýär.

referans: www.türkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Aşgabatda BMG-niň Ählumumy Strategiýasyny Amala Aşyrmak Boýunça Sebitleýin Duşuşyk Geçirildi

«Marygazçykaryş» Müdirligi Guýularyň Öndürijiligini Ýokarlandyrýar

Kazyýet özgertmeleri hereketde.

syrach