18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SAGLYK

Saglygy goraýyş desgasy ulanmaga tabşyryldy.

Amyderýanyň kenarynda saglygy goraýyş ulgamynyň nobatdaky döwrebap desgasy ulanmaga tabşyryldy. Serdarabat etrabynyň merkezi hassahanasynyň toplumyna girýän döwrebap maslahat beriş-anyklaýyş merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy.

Säher bilen baýramçylyk äheňinde bezelen iki gatly binanyň öňündäki meýdança juda köp adymly boldy. Bu ýerde dabaraly ýagdaý höküm sürýär, aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň gurluşykçylarynyň bina eden durmuş ähmiýetli möhüm desgasynyň açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, täze döwrebap maslahat beriş-anyklaýyş merkeziniň ulanmaga tabşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny ugur edinýän döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ynsan saglygy hakdaky alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ýerde täze merkeziň bina edilmegi güri ilatly Serdarabat etrabynyň ýaşaýjylarynyň kesellerini anyklamak we gerekli maslahatlary almak üçin beýleki hassahanalara gitmek zerurlygyny aradan aýyrýar diýip bellemek bilen, etrabyň ýaşaýjylary döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallyklaryny mälim etdiler we milletiň Liderine berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň abadançylygynyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan ýadawsyz işlerinde uly üstünlikler arzuw etdiler.

Lukmançylyk merkezinde ilata ýokary hilli we netijeli hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Onuň tehniki üpjünçiligi häzirki zaman halkara ülňülerine laýyk gelýär. Lukmançylyk enjamlar dünýäde iň öňdebaryjy önüm öndüriji kompaniýalardan satyn alyndy. Bu ýerde döwrebap rentgen, kardiologiýa, hirurgiýa, endoskopiýa, diş bejeriş, ginekologiýa, newrologiýa, barlaghana enjamlary, UZI, EKG we beýleki tehnikalar näsaglaryň hyzmatynda.

Şu günki dabarada maslahat beriş-anyklaýyş merkezini gurmak işlerinde has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan soň, şanly waka mynasybetli, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň hatyrasyna, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

ÖNEMLİ, Göç İdaresi: HES KODU UYGULAMA ZORUNLULUĞU

turkmenhabargullugy

Saglygy Goraýyş

syrach

Aşgabatdaky Dermanhanalar

turkmenhabargullugy