15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Talyp sportynda zenanlar çempiony boldy.

“Talyp sporty” topary zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ada mynasyp boldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportçulary ýurduň çempionatynda özleriniň bäsdeşlerinden ynamly ýeňiş gazanyp, uly üstünlige eýe boldular.

Täze Galkynyşyň we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda sportuň okgünly ösmegi netijesinde zenanlaryň arasynda sportuň futbol görnüşi hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň çempionatlarynyň we Kubok ugrundaky ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, Futbol federasiýasy we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan guralan zenanlaryň arasynda futzal boýunça ýurdumyzyň ikinji milli çempionatyna Aşgabatdan, Mary we Lebap welaýatlaryndan toparlaryň altysy gatnaşdy.

Şu ýaryşda “Talyp sporty” topary bäş duşuşygyň ählisinde ýeňiş gazandy we iň gowy görkeziji, ýagny 15 oçko bilen birinji ýere mynasyp boldy. Geçen ýyl Milli sport we syýahatçylyk institutynyň futzalçy zenanlarynyň Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda hem ýeňiş gazanandygy bellärliklidir.

“Margiana (Mary) we “Lebap” (Türkmenabat) toparlarynyň her biri 10 oçko toplady. Ýöne geçirilen pökgüleriň tapawydy boýunça “Margiana” kümüş baýraga mynasyp boldy. “Lebap” bolsa bürünç baýragy eýeledi.

Derwezeban M.Mukiýewa (“Margiana”), goragçy D.Döwranowa (“Talyp sporty”), ýarym goragçy – “Talyp sportunyň” oýnaýan tälimçisi L.Jumaýewa, hüjümçi G.Polatowa (“Margiana”) ýaryşyň iň gowy oýunçulary diýlip ykrar edildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen kikboksçylarynyň dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Awazanyň Täze Sport Toplumynyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

Türkmen Ştangaçysy

syrach