33 C
Aşkabat
09/07/2020
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YLYM

Saýgak

Ýurdumyzyň haýwanat dünýäsi özboluşlydyr we seýrek duş gelýän gymmatly görnüşlere baýdyr. Şolaryň arasynda saýgak iň owadan jandarlaryň biridir. Onuň boýy 80 santimetre, bedeniniň uzynlygy 1,5 metre çenli, erkeginiň agramy 40 kilograma çenli ýetýär. Bu haýwan toýnaklylar maşgalasyna degişli bolup, şah diňe erkeginde bolýar. Saýgak, esasan, Türkmenistanda, Gazagystanda, Russiýada, Özbegistanda we Mongoliýada bolup, ol düzlük, ýarym çöllük we çöllük, gaty toprakly ýerlerde duşýar. Olar hiç haçan bir ýerde köp saklanmaýarlar, gür otly ýerlerde-de köp saklanman, beýleki ýere gidýärler we uly topar tutup, bir günde 20-30 kilometr aralygy geçýärler. Bu haýwanlar mydama diýen ýaly süri bolup gezýärler. Sürüde onlarça,
kähalatda ýüzlerçe saýgak bolýar. Şonuň üçin sürüler häli-şindi bölünip, başga süri bilen birigýär.
Saýgaklar gündiz hem gijesine-de öri meýdanlarynda otlaýarlar. Olar meýdan oty, gyrymsy agaçlaryň
ýapragy we püri bilen iýmitlenýärler. Olaryň arasynda ýowşan, köwreýik, şora, däneli ösümlikler, çerkez, sazak, gandym ýaly gyrymsy agaçlar, ter otlar bar. Saýgaklar gyşyna öň aýaklary bilen gary peşäp, onuň aşagyndaky oty iýmegi başarýarlar.  Saýgagyň köpelmek we höwre gelmek döwri dekabrda başlanýar.
Beýleki haýwanlar ýaly, olar hem ýaz aýy owlaklaýarlar. Saýgaklar köplenç, otuň içinde däl-de, ýalaňaç topragyň üstünde owlaklaýar, sebäbi täze doglan owlagyň reňkiniň ýere meňzeşdigi sebäpli, ýatanda ony toprakdan saýgaryp bolmaýar. Bu bolsa entek ejiz owlagy ýyrtyjy haýwanlardan goramaga kömek edýär.
1996-njy ýylda saýgak Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizildi. Şeýle-de, beýleki halkara guramalar (Global ekologiýa gaznasy GEF, Halkara ýabany tebigaty goramak WWF we başgalar) saýgagy gorap saklamagyň wajyp meseleleriň biridigini yglan etdiler. Saýgak beýleki haýwanlar bilen bir hatarda tebigatyň iň bir gymmatly haýwanlarynyň biri hasaplanýar. Ol tebigata we halk hojalygyna uly peýda getirýär. Ýiti toýnagy bilen topragyň üstüniň gaty gatlagyny ýumşadyp, çöl ösümliginiň gögerijiligini ýokarlandyrmakda hem onuň ähmiýeti uludyr. Saýgak Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Nurmyrat TATBAÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak
jemgyýetiniň Daşoguz welaýat
bölüminiň uly hünärmeni.

Bereketli Toprak Gazeti

Degişli makalalar

Oýunlar Başlanýar: Türkmenistan Ilkinji Altyn Medallaryny Gazanmak Üçin “Dyrjaşýar”

Salam Stambuldaky türkmen talyplary!!!

syrach

Türkmen Howa Ýollary

turkmenhabargullugy