04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Sebitlerde Oba Ýerlerini Gazlaşdyrmak Maksatnamasy Durmuşa Geçirilýär

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda Milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde orta basyşly gaz geçirijileriniň gurluşygy alnyp barylýar. Şu günler “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň hünärmenleri “Jeýhun” daýhan birleşiginiň “Gaty oý” obasynyň täze gurluşyklaryna gaz kommunikasiýalaryny çekýärler. Onuň umumy uzynlygy bir ýarym kilometrden gowrak bolar. Şeýle hem şu günler dürli uzynlykdaky orta basyşly täze gaz turbalary “Gökçäge” daýhan birleşigniň “Maňňyt”, “Amyderýa” daýhan birleşiginiň “Öküzýap” obalaryna, Gubadag şäheriniň “Täze oba” täze ýaşaýyş jaýl toplumyna çekilýär.

Ýylyň ahyryna çenli olaryň umumy uzynlygy ýedi ýarym kilometre ýeter. Täze kommunikasiýalaryň gurluşygynda ýokary geçirijiligi we berkligi bilen tapawutlanýan dürli ölçegli turbalar ulanylýar.

Demirgazyk sebitiň ýerlerini mundan beýlägem gazlaşdyrmak boýunça şeýle işler ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak we ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak boýunça döwlet çäreleriniň toplumynda göz öňünde tutulandyr. Şu ýyl welaýatayň ilatly ýerleriniň ählisine täze gaz liniýlary çekiler, şunda diňe “Türkmengazüpjünçilik” birleşiginiň Daşoguz direksiýasynyň işgärleri gaz bölüji nokatlary bolan täze gaz geçirijileriniň kyrk alty kilometrinden gowragyny gurarlar.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Şosse Boýunça Türkmenistanyň Kubogy

Aşgabatda Geçirilýän Medeniýet Hepdeliginiň Ikinji Gününde Sergiler Guraldy, Sahna Eserleri Görkezildi

turkmenhabargullugy

DIÝDI: “HABAR ÝOK SIZDEN” MAGTYMGULY PYRAGY

syrach