29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
SPORT

Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryşlar geçirildi.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň 5-nji sport mekdebinde sport gimnastikasy boýunça Türkmenistanyň ýeňijileri kesgitlendi.Ýaryşlara ýurdumyzyň iň gowy türgenleriniň 80-e golaýy gatnaşdy. 

Birnäçe on ýyllyklaryň dowamynda sport gimnastikasy boýunça milli ýaryşlaryň diňe türkmen paýtagtynda geçirilendigini bellemek gerek. Türkmenabatda ýöriteleşdirilen sport mekdebiniň açylmagy bilen iri umumymilli ýaryşlary Amyderýanyň kenaryndaky şäherde geçirmek mümkin boldy. 

Bu sport türgenleşik binasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bina edilýän beýleki binalar ýaly halkara ülňülerine laýyklykda guruldy. Munuň özi taýýarlyk derejesine we türkmenabatly türgenleriň ýokary netijeleri gazanmagyna oňyn täsir etdi: soňky ýyllarda sport gimnastikasy boýunça Lebap welaýatynyň erkekler ýygyndysy milli derejedäki ähli ýaryşlarda öňdeligi saklaýarlar. 

Türkmenistanyň häzirki çempionaty hem ussatlygyň, şol sanda lebaply gimnastikaçylaryň ussatlygynyň ýokary derejesini ýüze çykardy. Oňa gatnaşyjylar, ýagny, III derejeli uly ýaşly türgenlerden başlap, sport ussatlaryna çenli türgenler bäş topar boýunça medallar ugrunda bäsleşdiler. 

Erkekler sport gimnastikasynyň alty görnüşi boýunça güýç synanyşdylar. 

Hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna üç gezek çykan lebaply gimnastikaçylar—S.Agamyradow /III dereje/, W.Klyşnikow /II dereje/ we G.Şukurow /sport ussady/ iň gowy taýýarlyklaryny görkezdiler. Şu ýerde Lebap welaýatynyň erkekler ýygyndysynyň esasy düzüminiň häzirki wagtda Pawlodarda /Gazagystan/ öňde boljak iri halkara ýaryşlaryna taýýarlanmak bilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndadygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, lebaplylaryň ikinji düzüminiň hem ýokary netijeleri gazanandygyny ynamly tassyklap bolar. 

Erkekler toparynda galan iki sany birinji orny Aşgabatly türgenler W.Hudaýnazarow /I dereje/ we D.Amangulyýew /sport ussatlygyna dalaşgär/ eýelediler. 

Sport gimnasitikasy boýunça erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda Lebap welaýatynyň wekilleri öňdeligi eýeleýän bolsalar, zenanlaryň arasyndaky ýaryşlarda öňdeligi paýtagtly gimnastikaçylar eýeleýärler. Bu ýagdaýa şu çempionatyň barşynda göz ýetirmek boldy. 

Gyzlar medallar ugrunda ýaryşyň dört görnüşi boýunça bäsleşdiler. 

Aşgabatlylaryň görkezen netijesi mümkin bolan bäş ýaryşyň bäşisinde-de ýeňiş gazanmakdan ybarat boldy. Altyn baýraklary B.Öwezowa /III dereje/, A.Gaýypowa /II dereje/, S.Berdiýewa /I dereje/, M.Kulyýewa /sport ussatlygyna dalaşgär/ we E.Goloweşkina /sport ussady/ eýelediler. 

Şeýlelikde, gimnastika boýunça ýaryş tamamlandy. Emma ýakyn wagtda türgenler ýene-de birinjiligi almak ugrunda uly milli sport baýramçylygynyň çäklerinde bäsleşmeli bolarlar. Ol ýaryşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çärelerini geçirmek baradaky kararyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 1-30-njy aprel aralygynda geçiriler. Şu döwürde Türkmenabat özünde nobatdaky milli ýaryşy ýene-de kabul etmegi meýilleşdirýär.

Degişli makalalar

Stambul Şäherinde Aziada-2017 Oýunlarynyň Başlanmagyna 100 Gün Galmagy Mynasybetli Welosipedli Ýörüş Geçirildi

turkmenhabargullugy

Ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy.

syrach

Ýerine Ýetiriji Komitet “Atos” Kompaniýasyny Aşgabat 2017-niň Resmi Hyzmatdaşy Diýip Yglan Etdi!