18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Sirk-bu hemişe baýramçylyk!

Sirk – bu hemişe baýramçylyk bolup, ony tomaşa etmek üçin hiç kim hiç wagt gijä galyp barmaýar. Tomaşaçylar bellenen wagtdan hemişe öň barýarlar. Sebäbi sirk oýunlary başlanaýança sirkiň oýun görkezilýän meýdançasy bir sagatlap çagalaryň ygtyýarynda. Bedewe münüp, özüňi hakyky jigit ýaly duýmak köp çagalaryň arzuwydyr. Aýratyn hem ýürekli oglanjyklaryň we gyzjagazlaryň sirkiň gümmeziniň edil aşagyna çenli uçup, edil paraşýutdaky ýaly, saýawana berkidilen ýagdaýda sirkiň oýun meýdaçasyna aşak emaý bilen düşseler, oglanjyklaryň beýleki bir topary kiçijik awtoulagjyklary sürmekden lezzet alýarlar.

Ynha-da ýuwaş-ýuwaşdan yşyklar öçýär, tomaşaçylar münberine dürli görnüşdäki yşyklar düşýär hem-de sirk oýunlary başlanýar. Adata öwrülen däbi bozman, sirk oýunlary howada ýerine ýetirilýän tans bilen başlanýar. Ol uzyn polotnonyň kömegi bilen “Howa tansyny” ýerine ýetirýär. Gimnastikaçy Swetlana Toropowa ussatlyk bilen mata dolanyp, tomaçalary täsin galdyryp, ýokary galýar we çaltlyk bilen aşak düşýär. Onuň tomaşaçylar münberiniň üstünden uçup geçmegi onuň çykyşynyň ýokary derejesi boldy. Gök lybasdaky galgaýan mata bilen ol edil bagt guşy ýaly howada gaýyp uçdy.

Sirkde hemişe howply sandan soň meýdança masgarabaz çykýar. Dünýä belli gülküli sahnanyň ussady Oleg Popowyň ogly masgarabaz Gagik Awtisýan Çarliniň keşbinde sahna çykýar. Ol özüniň ýiti degişmeleri bilen bu ýere ýygnanlaryň ünsüni çekýär.

Şol wagtda edil ýaňy-ýakynda Ýaponiýada çykyş edip gelen “Osman” toparynyň žonglýorlary sahna çykýar. Ilki bilen žonglýorlaryň dört sanysy bulawalary biri-birine zyňyp oýnaýarlar. Soňra uçýan tarelkalar oýna girizildi. Žonglýorlar topary öz ornuny Tanzaniýadan gelen akrobatlar toparyna berýär. Täsin lybaslary geýnen akrobatlar ähli hereketlerini örän uly tizlik bilen we aýaklaryny oýdadyp, “piramidany” emele getirdiler, aşyr atdylar, salto etdiler.

Oksana we Almaz Aljanowlaryň sabyn köprüjikleri bilen eden çykyşlary şagalaňly boldy diýip aýtsa bolar. Sirk artistleriniň ellerindäki dürli teňkdäki sabyn köpütjikleriniň örän uly düwmeleri ajaýyp görnüşleri döredip, çar ýana ýaýraýar.

Adamlaryň ussatlygy tälim berlen haýwanlaryň çykyşlary bilen garyşyp gitdi. Kürrejikli iki örküçli arp düýeleri, şotland ponileri we hindi pilleri tälim beriji Serž Gulewiçiň tälim bermeginde eden çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Göräýmäge gowuşgynsyz ýaly bolup görünýän piller tans etdiler, bir aýagyn durmagy başardylar, öz holtumynda tälim berjini ýokary galdyrdy, ony sallançak ýaly edip üwrediler. Bu haýran galdyryjy tomaşa bilen sirk oýnunyň bu sany tamamlandy. Ýöne, Türkmenistanyň Döwlet sirkinde tomaşaçylary haýran galdyryp we şatlandyryp bu sirk baýramçylygy ýanwar aýynyň 11-ne çenli her agşam dowam eder.

Degişli makalalar

Şu ýyl Hazar döwlet goraghanasynyň döredilmegine

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Täze ýyl gutlagy.

syrach