30.04.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Şosse Boýunça Türkmenistanyň Kubogy

2020-nji ýylyň 15-18-nji maýynda welosportyň şosse görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryş geçirilýär. Uly ýaşlylaryň we kiçi ýaşlylaryň arasynda guralýan bu ýaryşda şahsy we toparlaýyn bäsleşikleriň dowamynda ýeňijiler belli ediler.

Aşgabat şäherine we welaýatlara wekilçilik edýän türgenler şosse ýaryşynyň aýratyn badalga, umumy badalga we aýlawly badalga görnüşleri boýunça geçirilýär. Bäsleşikler Gökderede guralyp, ol ýerde şosse ýaryşyny geçirmäge ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak gerek.

Türkmenistanyň kubogy ugrundaky şosse ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň milli welosport tehniki merkezi hem-de Türkmenistanyň welosport federasiýasy tarapyndan geçirilýär.

Bahar ORAZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň milli welosport tehniki merkeziniň halkara we guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanda 2017-2021-nji Ýyllarda Çaganyň Hukuklaryny Durmuşa Geçirmek Boýunça Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň Taslamasy Taýýarlanylýar

Aşgabat-2017 Meýletinçiler Maksatnamasy Badalga Aldy

Türkmenistanda Umumy Bahasy ABŞ-nyň 48 Milliard Dollaryna Deň Bolan Iri Desgalaryň 1900-e Golaýy Gurulýar