18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Söwda we Infrastruktura Ösüşi Türkmen-Katar Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň Esasy Ugurlary Hökmünde Kesgitlenildi

Söwda we Infrastruktura Ösüşi Türkmen-Katar Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň Esasy Ugurlary Hökmünde Kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge itergi berer. Döwlet Baştutanymyz Dohada geçen gepleşiklerde çykyş edip, Türkmenistanyň we Katar döwletiniň haryt dolanyşygynyň hem-de hyzmat görnüşleriniň möçberini artrdyrmak, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak barada aýtdy.

Gepleşiklerde ýurtlaryň ikisinde hem yzygiderli söwda sergileriniň hem-de işewürler maslahatlarynyň we Türkmenistanda hem-de Katarda öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen bazar satuwynyň geçirilmeginiň, iki döwletiň paýtagtlarynda Söwda öýlerini açmagyň mümkinçiliklerine garalyp geçildi. Şunuň bilen baglylykda, saparyň öňüsyrasynda geçirilen ilkinji türkmen-katar işewürler maslahatynyň netijeleri nygtaldy. Bu maslahatyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň biri hem Katar kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy bolup durýar. Iki ýurduň döwlet we maliýe düzümleriniň, iri kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurlygy barada aýdyldy.

Türkmen tarapy Türkmenistandaky sebit ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak boýunça, şeýle hem Kataryň innowasiýa taslamalaryna maýa goýum boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem Kataryň kompaniýalary Türkmenistanyň çäklerinde gazy gaýtadan işlemek boýunça zawodyň, nebithimiýasy we gazhimiýasy zawodlarynyň döredilmegine, Hazar deňziniň türkmen kenarynda amala aşyrylýan taslamalara, şeýle hem nebitgaz toplumy üçin enjamlar goýmaga gatnaşmaga çagyryldy.

Degişli makalalar

Pekinde HHR Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Dabaraly Çäre Geçirildi

Döwlet Muzeýinde Beýik Ýeňşe Bagyşlanan Sergi Açyldy

Paýtagtymyzyň Mekdepleriniň Mugallymlary we Ýokary Synp Okuwçylary Meýletinleriň Hataryna Goşulýarlar