13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
SPORT

Sport älemindäki kiçijik ýyldyz.

Ýurduň sport äleminde ýene-de bir ýyldyz – Türkmenabatly ýaş gyz Dinara Hallyýewa peýda boldy. Onuň ýagty ýyldyza öwrülmegi üçin öňde heniz uly sepgitler dur. Ýöne, onuň ilkinji gazanan üstünlikleri ünsi özüne çekýär. Geçen ýylyň ahrynda Russiýanyň Nižnekamsk şäherinde 1996-1997-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda guşak göreşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Bu wekilçilikli bäsleşiklerde lebabyň meşhur göreş mekdebiniň wekillerinden düzülen Türkmenistanyň ýygyndy gyzlar topary üstünlik çykyş etdi. Biziň toparymyz dürli derejedäki baýraklaryň dördüsini gazandy.

Bäsleşigiň iň möhüm baýragyny – altyn medaly – 63 kilogram agramda çykyş eden Türkmenabatly ýokary synp okuwçysy Dinara Hallyýewa gazandy. Iň soňky Täjigistanly türgen bilen aýgytly bäsleşigiň esasy 3 minudy ýeňijini ýüze çykarmady. Bäsleşigiň düzgünleri laýyklykda, tutluşyk yglan edildi. Onda bäsdeşler egilen ýagdaýda biri-biriniň guşagyndan tutýarlar we ilkinji bolup emele duçar bolan ýeňildi diýlip hasap edilýär. Şeýle ýagdaýlarda köp zatlary diňe bir ussatlyk we berdaşlylyk çözmän, eýsem oňaýly pursat bilen utgaşýan aýgytlylyk hem çözýär. Şeýlelikde, Dinara 10 sekuntdan soňra içinden emel ulanyp, Täjigistaly wekiliň ýagyrnysyny ýere degirmegi başardy. Şeýlelikde uzak garaşylan altyn medala eýe bolundy. Biziň ildeşimiz bu bäsleşigiň öň ýanynda halkara bäsleşiginde ýene-de bir bürünç medaly gazanyp, Nižnekamskiniň sport düşeginde iki medala eýe boldy.

Dinara Hallyýewa ata watantyna – Amyderýanyň kenaryndaky şähere gaýdyp gelip, üstünlikli çykyşlaryny dowam etdirýär. Ol ýanwar aýynda 1997-1998-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň we gyzlaryň arasynda dzýudo boýunça Faýzulla Rozmämmedowyň hatyrasyna geçirilýän Lebabyň gyşky açyk birinjiliginde öz agramy boýunça iň gowy görkezijini görkezmegi başardy. Fewral aýynyň başynda bolsa ol sambo boýunça uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen welaýatyň çempionatda tapawutlanmagy başardy. Onuň Köýtendag etrabyndan tejribeli Rano Uzakowa bilen bolan tutluşygy bäsleşigiň bezegi boldy. Netijede Dinara Hallyýewa çekeleşikli we dartgynly bäsleşikde utuk boýunça möhüm ýeňşi gazanmagy başardy. Fewral aýynyň ahrynda bu 16 ýaşly gyz göreş boýunça ulularyň arasynda Lebabyň birinjiligi ugranda geçirilen bäsleşikde hakyky täsinligi görkezdi. 70 kilogram agram derejede jemleýji bäsleşikde ol halkara derejeli sport ussady Mariýa Lohowa hakyky göreşi görkezdi. Dinara öz bäsdeşiniň belent atlaryndan çekinmän batyrgaý öňe gitmegi başardy. Netijede ol üç “çaly” gazandy. Muňa utuk bilen mekdep okuwçysyndan asgyn gelen Mariýa şeýele derejäniň biri bilen jogap berdi. Diňe gyş paslynyň üç aýynda Dinara göreşiň halkara görnüşleriniň dördüsi – guşakly, dzýudo, sambo we göreş boýunça üstünlik gazanmagy başardy.

Garaşsyzlygyň ýyllary içinde Lebabyň meşhur gyzlar mekdebinde dünýä çempionynyň dördüsi çykdy. Şirin Gubaýewanyň yz ýany bilen samboçylar Gülnar Haýytbaýewa, Madina Babakulyýewa we Gülbadam Babamyradowa ýokary derejäni gazandylar. Dinara Hallyýewa ýaly göreşiň dürli görnüşleri boýunça dünýä we kontinental birinjiliklerinde ýeňiş gazanýan mynasyp nesil ösüp ýetişýär. Biz olary we olaryň halypalaryny bahar baýramy bilen gutlamak bilen, olaryň täze üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris. 

Degişli makalalar

Aziada-2017 we Türkmenistanyň Ösüşiň Hem-de Parahatçylygyň Bähbidine Sportda Tutýan Orny

syrach

Türkmen futbolçylary AFK-2012 Çagyryş kubogy ugrundaky göreşi dowam etdirerler

syrach

Stambul Şäherinde Aziada-2017 Oýunlarynyň Başlanmagyna 100 Gün Galmagy Mynasybetli Welosipedli Ýörüş Geçirildi

turkmenhabargullugy