14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SPORT

Sport Tanslary Boýunça Milli Çempionat Geçirildi

Paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda sport tansy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa üç ýaş toparynda – çagalar, ýetginjekler we ulular toparlarynda 100-e golaý türgen gatnaşdy. Ýewropa we Latyn Amerikasy tanslarynyň 10 görnüşi boýunça bäsleşikleri birleşdirýän däp bolan maksatnamadan başga-da, “Ça-ça-ça” tansy boýunça kubok ugrunda ýaryş guraldy. 

Ýekelikdäki ýaryşda medallar ugrunda diňe gyzlar bäsleşdi. Onuň dürli görnüşlerinde Aşgabadyň toparyna wekilçilik edýän Sofiýa Melkumowa, Robiýa Allaýarowa we Anastasiýa Mihaýlowa ýeňiş gazandy. 

Jübütleýin ýaryşlar sport toplumynyň münberlerini dolduryp oturan tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Bu bäsleşikde hem paýtagtymyzyň sport tansynyň ussatlary medallaryň köpüsini eýelemegi başardy. Ulularyň arasynda Aleksandr Sisekin we Warwara Piwowarowa altyn medala mynasyp boldy. Bu türgenler diňe bir milli ýaryşlarda däl, eýsem, halkara bäsleşiklerinde hem uly üstünlik gazanýar. Olar geçen ýyl Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä tans olimpiadasynda kümüş baýraga mynasyp boldy. 

A.Sisekin we W.Piwowarowa 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek ýürdümyzyň ýygyndy toparynyň düzümine girýärler, mälim bolşy ýaly bu oýunçalar 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda geçiriler. Bu toplumlaýyn ýaryşlarda tans sportunyň Ýewropa we Latyn Amerikasy tanslarynyň on görnüşi boýunça bäsleşik geçiriler. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň şu çempionatyna Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biri hökmünde garalýar. 



Toparda ikinji ýere Arslan Ataýew – Anastasiýa Ýužakowa mynasyp boldy. Hormat münberiniň üçünji basganjagyna bolsa Timur Ýalkabow – Darýa Gokowa çykdy. 

Nusgawy ýaryşyň kümüş baýragynyň eýeleri A.Ataýew we A.Ýužakowa “Ça-ça-ça” tansy boýunça kubok ugrundaky bäsleşikde baş baýraga mynasyp boldy. “Ça-ça-ça” dünýäde iň ajaýyp we joşgunly tanslaryň biridir. Bu ony sportuň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýar. Şoňa görä-de, tansyň bu görnüşi tomaşaçylaryň we eminleriň aýratyn bahasyny talap edýän köp öwüşgine eýedir. 

Kümüş baýraga T.Ýalkabow we D.Gokowa, bürünç baýraga bolsa Nikita Swýatelik we Waleriýa Nepomnýaşaýa mynasyp boldular. 

Iň kiçi ýaş toparynda jübütleriň ýaryşynda Wladimir Paraskunow – Milana Sultanbekowa ýeňiş gazandy. Doganlar Wasiliý we Polina Emirhanowlar kümüş baýragy eýeledi. Üçünji orna Nikita Kalýužnyý we Anna Mamedowa mynasyp boldy. 

Ýetginjekleriň toparynda Ahmet Ibragimow – Olga Drykina ýeňiş gazandy. Ikinji ýere Ali Rejebow – Darýa Makarkina, üçünji orna bolsa Ruslan Ýunusow – Alina Ýunusowa mynasyp boldy. 

Geçen ýylyň ahyrynda döredilen Türkmenistanyň Sport tanslary federasiýasy häzirki wagtda Halkara sport tanslary federasiýasyna agza bolmak üçin netijeli işleri alyp barýar. Munuň özi türkmen türgenleriniň öňünde dünýä derejesindäki ýaryşlaryň ählisine, şol sanda dünýä çempionatlaryna giň ýol açar. Şeýle hem milli federasiýanyň ýolbaşçylary tansçylarymyzy Aziada – 2017-ä taýýarlamak üçin halkara hünärmenlerini çagyrmagy meýilleşdirýär. 

2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Tomusky olimpiadanyň maksatnamasyna sport tanslarynyň sportuň görkezme görnüşi hökmünde hödürlenjekdigini aýtmalydyrys. Şondan soňra, Halkara Olimpiýa komiteti sportuň bu görnüşini dünýäniň iň esasy ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizmek baradaky meselä garar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Çempionatynyň Birinji Tapgyry Tamamlandy

syrach

Türkmenistanyň Kubogy Balkanabatda

syrach

Aşgabat 2017 Oýunlarynda Ilkinji Altyn Medalyna Sportuň Jiu-Jitsu “Duo Klassik” Görnüşi Boýunça Türkmen Türgenleri Eýe Boldular