18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SAGLYK

Ylym we innowasiýalar-medisina önümçiliginiň esaslary

Türkmenistanyň derman serişdelerini öndürýän kärhanalary howpsuzlygy, netijeliligi we hili boýunça halkara talaplaryna laýyk gelýän derman serişdeleriniň 200 den atryk görnüşlerini öndürýär. Bular antibiotikler, dürli agyryny aýyrýan, ýürek kesellerini, bagyr, böwrek, aşgazan-içege we ençeme keselleriň bejergisinde ulanylýan serişdelerdir. Ýurdumyzyň dürli görnüşli derman serişdeleriniň arasynda öz ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleri, goýaltmalar, şireler we olaryň esasynda taýýarlanan garyndylar hem bar. Öndürilýän derman serişdeleriniň ençemesi saglyk ätiýaçlandyrmasy dermannamasy bilen umymy bahasyndan 90% ýeňillik bilen halka göýberilýär.

Dermanlyk ösümlikleriň, tebigy minerallaryň, bejeriji häsiýetli dürli görnüşli palçyklaryň we deňiz duzlarynyň gorlarynyň seljerilmesi, medisina senagatynyň lukmançylyk önümleriniň we derman serişdeleriniň köp görnüşlerini öndürmäge mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär. Bu mümkinçilikleri amala aşyrmagyň esasy ugurlary Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan „Türkmenistanyň saglygy saklaýyş senagatyny 2011-2015-nji ýyllar üçin ösüş döwlet Maksatnamasynda“ öz aýdyň şöhlelenmesini tapdy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň „Türkmendermansenagat“ önümçilik birleşiginiň düzümine „Saglyk“, „Tenekär“ derman önümçiligi kärhanalary, „Türkmenderman-Ajanta Farma Limited“ bilelikdäki kärhanasy, „Buýan“ Agrosenagat toplumy girýär. Maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurtlara satmaga ugrukdyrylan ýokary hilli derman serişdeleri we medisina maksatly önümleri öndürýän senagat toplumyny döretmek we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda- zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze gurulýan we ulanylyşdaky kärhanalary ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün etmek we önümçilikde häzirkizaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, önümleriň hilini ýokarlandyryp, önümçilige harç edilýän serişdeleri azaltmaklygyň hasabyna derman serişdeleriniň içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek ugurlary bar. Netijesi hökmünde-ýurduň eksportynda derman senagatynyň önümleriniň paýyny köpeltmek bolup durýar.

Döwlet Maksatnamasynyň çäklerinde „Saglyk“ derman kärhanasynyň durkuny abatlamak işleri alnyp barylýar. Hususan-da aýda ýoduň 5% spirt erginini iki million çüýşe çykarmaga kuwwaty bolan bölümi gurlar. Bu bolsa islegleri kanagatlandyryp , yagny 500 müň çüýşe önümi içki bazara, 1,5 million çüýşe önümi bolsa daşky bazara satmaga mümkinçilik berer.

Şeýle-de „Saglyk“ kärnahasynda „Korwalol“, „Korwaldin“ derman serişdelerini çüýşä gaplaýan bölümi işe giriziler. Bu bölümiň bir sagatda bir tonna , ýa-da bir ýylda 8,0 million tonna ergini gaplamak kuwwaty bolar.

«Akiriti Еxport Agеnciеs» hindi kärhanasy bilen bilelikde buýan köküniň şiresini öndürmek we gaplamak boýunça bölümiň taslamasy taýýarlandy. Bu bölümiň işe girizilmegi buýan köküniň şiresiniň hilini we harydyň görnüşini gowulandyrar, önümiň öndürilişiniň we daşary ýurda satylyşynyň möçberini köpelder. Bölümiň üç million gap öndürmeklige kuwwaty bolar.

Mundan başga-da girdejikleri öndürýän bölümiň enjamlary kämilleşdirilip, öndürijiligi ýokarlandyrylar we Gripp-Kold, Prednizalon, Dik PS, Festal, Omeprazol ýaly derman serişdelerini öndürmeklik ýola goýular.

Tamamlanan taslamalaryň arasynda, eýýäm bir tapgyr önümini öndüren spirtde çyglandyrylan bir gezek ulanylýan süpürgüçler bölümi bar. Ol sagatda 4300 ýa-da ýylda sekiz million süpürgüçleri öndürmäge niýetlenen. Süpürgüçleriň ölçegi 60х60 mm we 70х120-140 mm. Bu ýerde ýylda üç gatly bir gezek ulanylýan maskalar hem öndüriler. Ýurdumyzyň dermanhanalaryna ýene bir bölümiň önümleri, ýagny dermanlyk otlaryndan taýýarlanyp, aýratynlykda ulanmak üçin gaplanan çaýlar satuwa girizildi.

Ýurduň bejeriş-maslahat beriş merkezlerini we kärhanalaryny dermanlyk zerurlyklary bilen üpjün etmek üçin işler alnyp barylýar. Şu ýylyň iýul aýynda Aşgabatda infuz erginlerini öndürýän kärhananyň düýbi tutuldy. Bu dabara Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Bu kärhananyň önümçilik kuwwaty -ýylda million çüýşe infuz erginleriniň öndürijiligi bolar. Gurulýan kärhananyň mümkinçilikleri infuz erginlerini dürli möçberde we dürli gaplarda öndürmeklige ýardam berer.

„Türkmenistanyň saglygy saklaýyş senagatyny 2011-2015-nji ýyllar üçin ösüş döwlet Maksatnamasynyň“ çäklerinde lukmançylyga degişli täze kärhanalaryň ençemesiniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Berzeňňi bejeriş suwuny we Lebap welaýatynyň Farap etrabyndaky melhem suwuny ýylda sekiz müň çüýşe gabyna gaplajak kärhanalary gurlar. Bu bolsa şunuň ýaly önümler bilen öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmäge we daşary ýurtlardan bu önümi satyn almaklygy azaltmaga mümkinçilik berer. Ahal welaýatynyň Abadan şäherinde 200 tonna zyýansyzlandyryjy erginleriň dürli görnüşlerini öndürjek kärhana gurlup, ol öz gezeginde lukmançylyk kärhanalaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryny, maldarçylyk toplumlaryny we başga-da ençeme edara-kärhanalary bu ergin bilen üpjün eder.

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýod önümlerini öndürýän kärhana açylar. Hususan-da bu kärhana 250 million ýod taýajyklary (powidon) we 50 million ýodly galamlary öndürip, içki bazarlaryň bu önüme bolan islegini kanagatlandyrar we esli bölegini daşary bazarlarda satmaga mümkinçilik berer.

Bejeriş häsiýetli palçyklary we deňiz duzuny gaplamak boýunça kärhana Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde açylar. Bu kärhana ýylda önümiň 400 müň gabyny öndürip, ilaty ýylyň dowamynda bejeriş palçyklary we deňiz duzy bilen üpjün eder.

Daşoguz şäherinde gurulmaklyk göz öňünde tutulýan kärhanada ýylda 13 million sany zyýansyzlandyrylan ýara daňmak üçin niýetlenen serişdeler öndüriler. Önümleriň bir bölegini daşary ýurtlara satmak hem meýilleşdirilýär. Mary şäherinde işe giriziljek we ýylda 2400 tonna medisina pamygyny öndürmäge kuwwaty boljak kärhana ýurdumyzyň içki bazaryny önüm bilen üpjün eder we önümiň esli bölegini daşary ýurtlara satmaga mümkinçilik berer.

„Türkmenistanyň saglygy saklaýyş senagatyny 2011-2015-nji ýyllar üçin ösüş döwlet Maksatnamasyny“ durmuşa geçirmek ýurdumyzyň medisina önümçiliginiň we derman senagatynyň enjamlaryny we işlerini kämilleşdirmäge, wajyp derman serişdelerini öndürmekligi özleşdirmäge, ýurduň ilatyny ýokary hilli derman serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün etmäge, bu ulgamyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmaga, daşary bazarlardan satyn alynýan derman serişdelerini öz içimizde öndürmeklige ugrukdyrmaga hem-de eksport mümkinçiliklerini ösdürmäge mümkinçilik döreder.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

ÖNEMLİ, Göç İdaresi: HES KODU UYGULAMA ZORUNLULUĞU

turkmenhabargullugy

Bedeniňizi Berkidip, Şähtiňizi Açar

Hökümet Edaralarynyň we Raýatlyk Jemgyýetleriniň Wekilleri